“TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY” ÝYLYNDA ÝAŞ SERKERDELERIŇ GUTARDYŞ DABARALARY

    13-nji iýunda ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy.
    Bu waka mynasybetli guralan dabara Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde başlandy. Bu ýerde watançy esger, ilhalar ynsan we durmuş ýoly nusgalyk mekdebe öwrülen B.Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.
    Soňra Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň etegine gül desselerini goýdular.
    Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna iberen Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen diňlediler.
    Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Merdana halkymyz bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda ýurdy goran gerçekleriň mertebesini belent tutupdyr, olaryň edermenligine, gahrymançylygyna uly hormat goýupdyr. Bu asylly ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär” diýlip bellenilýär.
    Bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi hakyndaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahadatnamalary gowşuryldy. Munuň özi harby gullugy bilen öz ykbalyny Watany goramak ýaly mukaddes käre bagyş eden her bir harby gullukçynyň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.
    Harby uçurymlar Watanymyza bolan belent buýsanç duýgusy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri hakynda harby kasamy ýerine ýetirdiler.
    Ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi.
    Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda deňizçi uçurymlaryň hormatyna gutardyş dabarasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy.
    Milli goşunyň ähli görnüşleriniň döwrebap harby tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, esgerleriň we serkerdeleriň hünär derejesiniň şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanýan ýörelgeler hem-de häzirki zaman tejribeleri arkaly ýokarlandyrylmagy Watanymyzyň goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna baglydyr. Bu ýörelgeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinasynda öz beýanyny tapdy.
    Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde, ýaş esgerleriň hünär taýýarlygy bilim ulgamyna bolan häzirki zaman talaplaryna kybap derejede alnyp barylýar. Okatmagyň usulyýeti täzeçil tehnologiýalaryň, multimediýa enjamlarynyň we sanly ulgamyň işjeň peýdalanylmagynyň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Watan goragçylary söweşjeň endikleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ussatlyk bilen özleşdirip, bu ugurda dürli ylymlary öwrenýärler we halkymyzyň Watany goramagyň asylly däplerini mynasyp dowam edýärler.
    Döwletimiz Watan goragçylary, olaryň maşgala agzalary hakynda yzygiderli alada edýär. Şolar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, hemişe sagdynlygy we ýokary beden taýýarlygyny saklamaga mümkinçilik berýän häzirki zaman sport toplumlary we sagaldyş merkezleri gurulýar.
    Häzirki döwürde gurulýan harby şäherçeler, serhet galalary dünýä talaplaryna doly laýyk gelýär. Olarda esgerler we serkerdeler üçin ýokary derejeli amatly şertler üpjün edilýär.
    Harby akademiýanyň hem-de harby ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaş serkerdeleriň ýurdumyzda howpsuzlygy, onuň konstitusion gurluşyny, Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, bilim-tejribelerini gaýgyrmajakdyklary nygtalýar.