GOLY GABARÇAKLY DAÝHAN NESIL DOWAMATYNY DÖREDÝÄR

    Hawa, görüp otursak, goly gabarçakly daýhan diňe bir keremli toprakdan dänedir ýeralma ýa-da bagdyr gök-bakja ýetişdirmän, eýsem, nesil dowamatynam döredýän eken. 
    Dürden gymmat deri bilen 
    Dünýäni daýhan ekleýär. 
    Suwy bilen, ýeri bilen 
    Dünýäni daýhan ekleýär. 

    Ele orak, pil alan är, 
    Mähriban topragy bezär. 
    Bu nähili asylly kär, 
    Dünýäni daýhan ekleýär. 

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary wagtynda Lebap hem Mary topraklarynda alyn deri bilen dür-hasyl ýetişdirýän daýhanlar bilen gürrüňdeş bolanda, olar daýhançylygyň özleri üçin ata-baba dowam edip gelýän kesp-kärdigini, öz perzentleriniň hem «Ýykylsaň ýere ýapyş» edip, bereket bulagyny döredýändiklerini buýsanç bilen aýtdylar. Geliň, gowusy, başdan başlalyň! 
    ...Ir säher. Ýaňy dogup gelýän Günüň tylla zireleri biliňe ýeteňkirleýän bugdaýyň gysymyňy dolduryp duran gyzylymtyl hoşalarynda oýnaýar. Bu görnüş şahyr ýüregini joşa getirendir-dä, kärdeşim Kakamyrat Rejebow dillenenini duýman galýar: 
    — Gün asmandan dogýarmy ýa-da bu tyllaýy meýdanlaryň ýalkymy Gün bolup asmana göterilýärmi, gör-ä, bu gözelligi! 
    Alyn deri bilen altyn hoşalary döreden daýhana Berdimyrat Narmämmedow diýýärler. Orta boýluraga-da, hortap, atýüzüne seredeňde, «beh, topragyň reňkine meňzäýşini» diýdirýän daýhan Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi. Orta ýaşa ýetiberen adamyň öz aýdyşy ýaly, gözüni açyp göreni daýhançylyk. Indi 10 ýyl bäri bolsa şertnama esasynda kärendeçilik edýär. Şu ýyl hem 20 gektar ýere bugdaýyň ýerli sortuny ekip, guşgursak däne ýetişdiripdir. 
    — Ata-baba rysgymyzy toprakdan tapmak biziň ýörelgämiz bolup galan. Kakam Toýmyradyň dogup-dörän ýerinde — Sakar etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginde 1 gektar bagçylygy bar. Häzirem baryp kömekleşiberjek bolsak, «Hany, sen azajyk gaýra dur, goý, agtyklar işlesin. Näçe köp hysyrdansalar, miwäniň, hasylyň der bilen bitýänini bilerler, zähmete irgözinden werziş bolup, eglip topragyň ysyny kükregine siňdirseler, çyn daýhan bolup ýetişerler. Dünýäde iň halal, zähmetiňi reýgan etmeýän, azabyndan harman döreýän, şeýdibem eliňi uzadan ýeriňe ýetirýän kär daýhançylykdyr» diýýär... 
    Şondan sähel salym öň bolsa Gahryman hem mähriban Arkadagymyz Berdimyratdan: «Meýdan işine gelip kömekleşýänlerem bardyr-la?» diýip soranda, ol ýanýoldaşynyň hem-de gyzlarynyň daýhançylykdan daşda däldigini aýdypdy. Soň sorap otursak, «Gyzly öý — gyzylly öý» diýdirýän ojakda ýetişen 6 gyzyň hemmesem eýýäm daýhançylyga imrigen bolup çykdy. Rahila, Farida, Oguljan dagy has ekabyr bolansoň, öýdäki 5-6 sygry sagmak, çörek bişirmek bilen mübtela bolsa, has kiçi gyzlar mellekdäki 30 — 40 düýp şetdaly bagyna esewan etmek, pomidor, bulgar burçy, ýeralma, gök sogan, hyýar, gawun-garpyz ýetişdirmek, mallara ot ýygmak işine saçy boglan gününden ellerini orakdyr kätmen tutmaga endik etdiren. Ejeleri Reýhan gyzlaryny otag bolsun, ýekeleme ýa-da ýygym bolsun, yzyna tirkäp, daň-säher bilen atyz gyrasynda gögerýär. Guşluk çaýyny, günortanlygy Lebap topragynyň gadymy hem çyn zynatyna öwrülen balhy tuduň aşagynda oturyp içmek, iýmek, jennetiň lezzetine berimsiz kölegesinde dem-dynç almak argynlygy el bilen aýrylan ýaly etmek diýmeg-ä! 
    Şu ýerde şaýat bolan bir täsin wakamyzy okyjylar bilen paýlaşmagy parz hasaplaýarys. 
    ...Hormatly Prezidentimiz «at döşüne gelýär» diýilýän ak ekiniň çilinden giren kombaýnlaryň yzynda desse-desse edip barýan samanynyň bir penjesini ýerden galdyrdy. Şonda birküç sany dok däne ýere seçelenip gitdi. Bu ýagdaýyň jogabyny ýer eýesi Berdimyrat daýhan nagt etdi: 
    — Bular guşlaryň paýydyr. 
    Gör-ä, ähli ekinleriň naýbaşysy hasaplanýan bugdaý diýilýän gurbany gitdigimiň gudratyny! Bişen ekinde diňe ynsanyň däl, ähli guş-gumrynyň hem paýy bar. Şeýle bolanda onuň berekedi-hümmeti artyberýär. Şol pursat ata-babalardan galan «Güýzlük sepeňde bol sep, ýarysyny guş alar, ýarysyny gyş alar, galany harman bolar» diýen pähimli nakyl ýada düşüp gitdi. 
    Şanazar Gubaýew, Kuwandyk Orazow, Serdar Ýangiýew ýaly tejribeli mehanizatorlaryň atlanan «CLASS» hem «John Deere» kombaýnlarynyň ak atyzlardaky hereketini gobsunyp-begenip synlap duran Berdimyrat daýhan göwnündäkini bölüşýär: 
    — Her gektardan 40 sentnerden hasyl alaryn umydym bar. Sebäbi ekilen «Hasylly» sorty tüýs adyna mynasyp. Geçen ýyl bu meýdanlardan ýygnan dänäm 35 sentnere ýetipdi. Bu ýyl bahar ygally geldi, howa hem tüýs biziň diýenimiz boldy. 
    Soňky jümle «Bugdaý bogundan däl-de, bokurdakdan suw içer». «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» diýlen nakyllary ýada salyp goýberdi. 
    — Kitaplaryň birinde «Şa gadamy düşen ýeriň hümmeti-berekedi ýedi esse artyk bolarmyş» diýlenini okapdym. Indiki ýyl hem nesibäňiz çekse, geliň, şonda mundanam bol hasyly görersiňiz. 
    Berdimyrat bu jümläni hoşlaşyp durkak aýtdy. 
    Eger-de ýoluňyz düşse, synlap görüň, Türkmenabadyň Halkara aeroportundan gaýdyp, welaýat merkezine golaýlaberseňiz ýa-da Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolunyň şäherden çykaýan ýerinde giden meýdan ýap-ýaşyl bolup ýatan ýeralmadyr. Il içinde «kartoşka» diýilýän bu meýdanlar gözüň düşenden «tüweleme, bereketli bitipdir» diýdirýär. Ine, görüp, bilip otursak, bereket biten şu atyzlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimowyňky eken. Ýaňy 35 ýaşyny dolduran başarjaňdan gaýratly ýigit «Tebigy ekin» daýhan hojalygyny döretmäge töwekgellik etdi. Azaby ýerine hem gowuşdy. 
    Milli Liderimiziň Lebap welaýatyna bolan iş sapary wagtynda bu meýdanlara hem gadamy düşdi. 
    Ekilen ýeralmaly meýdan az-küş däl — 370 gektar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň irbaharynda — mart aýynyň başlarynda topraga taşlanan «Gala» tohumly ýeralmanyň ideginiň ýetirilendigi mesaňa mälim. 
    — Dünýä tejribesiniň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan peýdalanmak hem-ä zähmeti ýeňilleşdirmäge, hemem hasyllylygy artdyrmaga, iň esasam, suwdur döküni tygşytlamaga, ekologiýa abadançylygyny gyşarnyksyz berjaý etmäge laýykatlygy döredýän eken. Ynha, ýekeje mysal. Ýeralmaly meýdanyň käbir atyzlarynda pürkme usulyndaky suwaryşy ýola goýduk. Peýdasy juda uly boldy. Umuman, daýhan hojalygymyza degişli bolan 953 gektaryň aglaba ýerinde gök-bakja önümlerini, şeýle-de miweli baglary ýetişdirmegi maksat edinýäs. Ýeralmadan mysal alaýaly. Bu ekiniň her gektaryndan 200 sentner, ýagny 20 tonna hasyl ýygnajagymyza öňüni kesmäýin weli, ynamymyz bar... 
    Bu sözleriň üstüne daýhan hojalygynyň döredilmegi bilen ençeme iş orunlarynyň dörändiginem goşmaly. Anyk aýdanda, bu hojalykda 250 çemesi adam zähmet çekýär. Şolaryň aglabasam ýaş daýhan nesli. 
    Hakyky zähmetiň rehnetini hormatly Prezidentimiziň gatnaşan pursatlary kireňsiz görkezdi. Ine, göni çekilen joýalaryň üstüni göm-gök ýaprakly gollary bilen ýapan ýeralmaly atyza giren iki tehnikanyň birisi biýarany orup ugrady. Yzýany onuň yzyna düşen, göreniňden «Beh, bu atyzlar üçin buýrulyp ýasalan ýaly eken» diýdirýän yzy sürüji enjamly traktor ýeri agdaryp başlady. Gör-ä, keremli topragyň astyna gömlen hazyna-genje meňzäp, käsi ýumruk ýaly, käsi ýumurtga ýaly ap-ak ýeralmalaryň ýaňy dogan Gün bilen salamlaşyp ýatyşyny! Özem şeýle bir ter weli, daşyny eliň bilen sypasaň, gabygy ardylyp dur. 
    Hormatly Prezidentimiz bereket alamatyna meňzäp ýatan joýalary aralap, ýeralma ýygyp, plastmas gaby — bedräni derrew doldurdy. Çen bilen 10 kilogram çykjak gaby bir ädim çemesi ýerden doldurarsyň-da, hasylyň hümmetine haýran galmazmyň?! 
    Asyl käri lukman, alym-akademik hormatly Prezidentimiz ýyglan hasyly guwanç bilen elinde saklap durşuna, ýeralmanyň peýdasy, onuň adam saglygyna edýän täsiri hakda gürrüň berdi. Düzüminde, esasan, krahmal saklaýan bu ekin gadymlardan bäri mälim bolmak bilen, dünýä boýunça alaňda-da supranyň esasy bezegleriniň biridir. Ýeralmadan taýýarlanýan, senagat taýdan taýyn önümler, ylaýta-da, çagalaryň, ýetginjekleriň iň söýgüli höregidir. Sebäbi onuň düzümi peýdaly mikroelementlerdir witaminlere örän baý. Käbir ýurtlarda «Ýeralma — ikinji çörek» diýlen gadymy aýtgynyň bardygy hut şonuň üçindir. Türkmenistanyň çogly güneşi, bal suwy, tenekar topragy bu ekiniň hem boldumly hasylyny aňladýar. 
    «Tebigy ekin» daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy milli Liderimize ýerden ýylda iki hasyl almagyň biziň tebigy şertlerimizde doly mümkindigini nygtap, häzir hasyly ýygnaljak bu meýdanlara bir ýarym aý çemesi dynç berip, çuň sürüp, ýerli dökünler bilen gowy gurplandyryp, Amyderýanyň mele suwundan gandyryp, awgust aýynyň başynda ýene-de ýeralma ekiljekdigini aýtdy. Güýzlük ýeralmanyň bu sorty 120 günde ýetişýär. Onsoň ak bazara ugradybermeli. Ine, täze daýhan nesliniň biziň zamanamyzdaky nusgasy. 
    Galjaňdygy hereketinden aňdyryp duran agajetden bugdaýreňk adamyň tolgunmagy ýöne ýerden däldi. Dagy näme? Döwlet Baştutany seniň ekin ýeriňe gelse, hal-ahwal soraşsa, ýetişdiren hasylyňy ýygnamaga ak pata berse, maslahat-goldawyny ýetirse, ondan zyýada bagt barmy eýsem! Ine, Mary welaýatyna iş sapary mahalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine gelip, kärendeçi Amanberdi Pürsähedowyň gallaly meýdanlarynyň gyrasynda saklandy. 
    Aslyýetinde, Maru-Şahu Jahan topragy gadymy ekerançylygyň tüýs mekanlarynyň biri. XIX asyryň ahyrlarynda Baýramalyda biten ak bugdaýyň özlüligi, bişirilen çöreginiň tagamlylygy üçin patyşa Russiýasynyň köşk mülki üçin ýörite ýer bölünip, ol ýerde biten bugdaý dänesi wagon-wagon edilip, Newa derýasynyň kenaryndaky Peterburga — patyşa maşgalasyna ugradylypdyr. Sebäbi suwarymly ekerançylykda bitýän ak bugdaý gerekli yssyny süňňüne siňdirip, mes ýerde Murgabyň mele suwundan ganyp, şeýle bir bitipdir weli, Kuban düzünde, gazak sähralarynda, Ukrainada ýygnalýan hasyldan has ileri, esasanam, tagamy, şiresi-özlüligi üýtgeşik bolupdyr. 
    Ine, Amanberdi daýhanyň 25 gektarlyk bugdaý meýdany hem Baýramaly etraby bilen çildeş ahbetin! Kärendeçi ata-baba daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýändiklerini, özüniňem, çagalarynyňam mele topraga hyzmat etmekden bagt-bereket tapandyklaryny aýdyp, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eken «Goşant» sortly bugdaýynyň her gektaryndan 46 sentner hasyla garaşýandygyny aýtdy. Aýdylyşy ýaly, toprak ysgap, ýer bilen sözsüz gürleşibilýän daýhanyň hasaby irretsiz çyn çykaýmaly. Ine, hormatly Prezidentimiz «bismilla!» diýip, bir desse bugdaýy orakdan geçirensoň, «CLASS» kombaýnlary herekete girdi. Heniz atyzyň ortasyna barmanka, bunkeriň ýarpy bolubermegi hasylyň bitginliliginden habar berýär. 
    Kärendeçi eliniň uzadan ýerine ýetýändigini, hojalygynda iri şahly mallaryň hem, dowarlaryň hem bardygyny, towuk-jüýjä çagalaryň ürç edýändiklerini, mellek ýerinde adyny tutan miwäňdir gök-bakja ekinleriniň bitendigini aýdyp, ýeriň bereket çeşmesidigini ýene bir öwre tekrarlaýar. Şol pursat atyzyň gyrasynda atarylan gazanlarda şu ýylky bugdaý unundan bişirilen pişmedir bugarýan tamdyrdan çykýan tes-tegelek çörekler türkmen iliniň berekedini buşlaýar. 
    Şundan sähel salym soň, bu ýerden tas 120 kilometr çemesi uzaklykda — Hanhowuz düzlüginde giden bir baglygy synlamak hasam täsin. Milli Liderimiz bu ýerde «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. 
    Göz öňüne getirip görüň! Garagumuň aňňat-aňňat sary çägeleri. Şolaryň arasynda bolsa göýäki asmandan gaçana meňzäp giden bir baglyk ýap-ýaşyl bolup otyr. «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Toýly Çaryýew bagyň azap bilen bitendigini Gahryman Arkadagymyza aýdyp berende, «Zähmet soňy — rehnet» diýlen nakyl ýadyňa düşüp gidýär. 
    2015-nji ýylda döwletnama esasynda berlen ýeriň 300 gektarynda mundan 3 ýyl ozal biziň toprak, suw, howa şertlerimize laýyk gelýän miweli agaçlar, esasanam, alma hem üzüm ekildi. Ine, her agajyň arasy 1 metrden, hatar aralary bolsa 4 metrden ekilen almalar biten miweden ýaňa şahalaryny göteribilmän otyrlar. Döwüläýmezligi üçin direg-söýget edilipdir. 
    Men maý tapyp, kärhananyň hünärmeni, ýüzi Güne ganymat garalan, orta boýludan kakaçekge adam bilen gürrüňdeş bolup ýetişdim. Ol kärhananyň hünärmeni Çarymyrat Ýagşyýew. 
    — Şu ýerde almanyň 4 görnüşi — ak, sary, alýaňak, gök görnüşleri bar. Görýäňizmi, depesine el uzadyp hasylyny ýygnabermelidir. Sebäbi «karlik» diýilýän görnüş, boýy 2 metrden uzyn däl, ýöne hasyly düýbünden depesine çenli boldumlydyr. Geçen ýyl hem hasyl görkezdi, şu ýyl bolsa ganymat hasyla durdy. Awgustyň aýagyndan sortuna — bişişine laýyklykda tä noýabra çenli ýygnabermeli. Her düýp şu ýyl 15 — 20 kilogram berer. Gektarda 2,5 müň düýp nahal bar. Özüňiz 300 gektara köpeldip görüň-de, hasabyny çykaryberiň. Sebäbi hakyky daýhan öňüni kesip, küpür gürlemäni halaýan däldir, «Hesibim bolmaz, nesibim bolar» diýmäni gowy görýändir. Şu almalar 7-8 ýaşyna baryp, tüýs hasyla duranda her düýpden 30 — 40 kilogram hasyl ýygnap bolar... 
    Meniň miwe düýplerinden tas 40 santimetr çemesi ýokardan seteran edilip çekilen damjalaýyn usuldaky suwaryş turbajyklaryna siňe-siňe seredýänimi aňan Çarymyrat düşündirmäge howlugýar: 
    — Adatça, damjalaýyn usulyň şu görnüşi topragyň üstünden çekilýändir, dogrumy?! Biziň ýokarrakdan goýmagymyz, şeýdilse, birinjiden-ä, ýeriň şorlaşmagy düýbünden diýen ýaly bolmaýar, ikinjidenem, güýz-gyş möwsüminde agaçlaryň düýbüni ýumşadyp durmak, zyýankeşlere garşy agrotehniki çäreleri geçirmek, topragyň düzümini gurplandyrmak üçin amatly. Şu suwaryş usulynda 3 ýaşly agaja 12,5 litr, 1 ýaşly agaja bolsa 8 litr suw ýeterlik. Suw bilen birlikde kaliý, sulfat, beýleki gerekli mikroelementler hem berilýär. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýlen aýtgyny eşidensiňiz-ä! Agaç hem günde gürleşip dursaň, reňkini täzeläp, hasylynyň hümmetini artdyryberýär... 
    Ine, bu sözleri diňläp, içiňden «Eýsem, daşary ýurtdan getirmek däl, indi bu baldan datly miweleri daşarky bazara hem bol ugradyp bolar» diýýärsiň. Bu ýerde zähmet çekýänler kileň ýaş ýigitler. 
    Şundan sähel daşlykda täze gurulýan maldarçylyk toplumy seleňläp görünýär. Sebäbi kärhana 640 gektar meýdany diňe maldarçylyk üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Tatarystan Respublikasyndan biziň howa şertlerimize uýgunlaşyp bilýän, günde 25 — 30 litr süýt berýän, şol bir wagtda-da et üçin niýetlenen tüwelerdir öküzçeleriň ýüzlerçesi getirildi. Olary ýerli mallar bilen çaknyşdyryp, täze tohum almak, seleksiýany giňeltmek hem göz öňünde tutulýar. Maldarçylyk toplumy işe girizilse, süýt, et önümleri senagat taýdan işlenilip başlar. 
    Biz bolsa henizem aňyrsyna göz ýetmeýän, türkmen aýtmyşlaýyn, «at gaýtarym» diýilýän alma bagyndan çykamyzok. Agaçlaryň üstüne ýapylan ýaşyl örtük, göwnüňe saýawana meňzeýär. Kärhananyň işi bilen ilik-düwme tanyşdyryp ugran Toýly Çaryýew miweli agaçlaryň üstüne edilen örtükleriň özümizde öndürilýän polietilen hem polipropilenden dokalýandygyny, şeýle örtükleriň Gün şöhlesini takyk 24 göterim peseldýändigini, sebäbi alma agajynyň ýiti Güne dözümsizdigini, ortaça 34 gradus derejä çenli yssylygy halaýandygyny, Gün parran düşende bişip başlan almanyň ýüzünde tegmil döredýändigini, gyrasyna hem şeýle örtügiň batly ýel-şemaldan goramak üçin gerekdigini, batly yralananda agajyň miwesini dökýändigini, diýmek, bu usulyň hasyllylyk hem-de miwäniň hili üçin zerurdygyny irinmän düşündirýär. 
    Toýly hormatly Prezidentimiziň ündew-nesihatyna eýerip, häzirden başlap behi bagyny döredip başlajakdygyny aýdanda, gadymy kitaplaryň birinde okalan «behi» diýmek — behişdiň miwesi diýmekdir» diýlen setirleri ýatlaýaň. 
    Kärhanada häzir 150 töweregi adam, esasanam, ýaşlar zähmet çekýär. 
    — Oglanlar sagbolsunlar, şu baglar azap hem garadan gaýtmazlyk bilen dörändir. Ilki gelenimizde giden ýylgynlykdyr hyşalyk, öň ekilip taşlanyp gidilensoň şorlaşan, galan ýeri bolsa aňňat-aňňat gum-depe bolup ýatan ýerlerdi. Bizem «Göz — gorkak, el — batyr» etdik-de, bir çetinden giriberdik. Birinji ýyl ýükläp äkiden, gyra çykaran ýylgynlarymyzy görenler, haýran galyp, baş ýaýkardylar. Soň agyr ulaglarda tas müň maşyn ders getirip dökdük, eliň aýasy ýaly düzläp, gyş suw kowup, şoruny ýuwduk, ýene dökünläp, ýeri gurplandyrdyk. Häzirem ýol ugurda synlasaňyz mekgejöwen, ýorunja atyzlarymyz bardyr. Ýeri aýamak — şoruny peseltmek, soňam ekin dolanyşygy üçin şeýdýäris. Nesip bolsa, garaly, armyt, şetdaly baglaryny hem ýetişdirmek niýetimiz bar. Eýýäm nahallary-şitilleri almagyň, getirmegiň aladasyny edip ýörüs. Miwe diýlen zat bişdigi ýygnap ýetişmeseň, zaýalanmak bilen. Şonuň üçin hem Maryda, Aşgabatda öz dükanlarymyzy işledip, artygyny gerekleýän müşderilere ýerläp, galanlaryny bolsa gaýtadan işlemäge niýetleýäs.     Şonuň üçin eýýämden senagat taýdan işleýän kärhanany gurmagyň pikirinde. Göwne düwdügimizem, «garratman» derrew amala aşyrmagyň aladasynda eýýäm... 
    Ýaş hem bolsa eýýäm daýhançylykdanam, telekeçilikdenem «ýüňi ýetik» Toýlynyň soňky degişme gatyşykly jümlesi howaýy däl. Muňa, ynha, şu üstüne örtük edilen 13 gektarlyk alma bagyndan 650 tonna hasyla garaşylýandygam anyk mysal. 
    Ine, zähmet bilen jenneti bag döredip bolýandygyny gözüň bilen görjek bolsaň şu ýere — Hanhowuz düzlügine geläýmeli. Aslyýetinde, giden baglyga «Zeminiň üstündäki uçmah» diýilýäni gadymlardan bäri belli ahbetin! 
    Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň Lebap hem Mary welaýatlaryna bolan iş sapary bolsa türkmen daýhanlarydyr telekeçileriniň, mülkdarlarynyň, mehanizatorlarydyr oba hojalyk işgärleriniň nähili gadamlar, niçiksi hyjuw, täzeçe pikirlenmeler bilen zähmet çekýändigini äşgär görkezdi. Iň esasam, şol goly gabarçakly daýhanlar dowamat-dowamy, has anygy, täze daýhan neslini ýetişdirýärler. Elbetde, bilimli, gujurly, yhlasly, gaýratly, başarnykly nesil bolsa Watan kuwwaty, ýurduň ynamdar geljegi.