«Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy internet ulgamynda elýeterli edildi

    «7/24.tm» atly sporta bagyşlanan elektron goşundy sportsöýüjiler üçin özboluşly sowgat boldy. Türkmen we dünýä sportunyň täzelikleri bilen 24 sagadyň dowamynda elektron enjamlar arkaly tanşyp bolýar. Täze neşir «www.metbugat.gov.tm» saýtynyň «gazetler» bölüminde ýerleşdirildi.
    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde habarlary hemmelere elýeterli bolan elektron formatda taýýarlap başlady. 
    Dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistan Watanymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek babatda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmak, türkmenistanly türgenleriň we tälimçileriň gazanan we gazanýan üstünliklerini giňden açyp görkezmek, ýurdumyzyň sport syýasatyny žurnalistikanyň dürli žanrlary we usullary arkaly wagyz etmek «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. 
    «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy her hepdäniň duşenbe güni okyjylara ýetiriler. Ondaky materiallar türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylyp, her bir makala ýa habar žurnalistikanyň döwrebap talaplaryndan ugur alnyp taýýarlanylar. Şeýle-de,  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen gyzykly materiallar elektron goşundyda mynasyp orun alar.