ŞA GADAMY — HEM ÖMRÜŇ, HEM TOPRAGYŇ SAHAWATY

    Şol güne çenli Berdimyrat daýhany diňe obadaşlary, ýakynlary, tanyş-bilişleri tanaýardylar. 10 ýyl bäri kärendeçi bolup işleýän, arasynda-da jaý ussaçylygy bilen meşgullanýan daýhan şol gün sähel salymyň içinde tutuş ýurdumyza meşhur boldy oturyberdi. Hormatly Prezidentimiziň kärende ýerine Şa gadamy, ýürekdeş söhbetdeşlik daýhanyň diňe bir öz ýüreginde däl, «mawy ekranda» bu görnüşleri synlan her kimiň kalbynda döwletliligiň, mähribanlygyň baýdagyna öwrüldi. Bu pursady synlap, diňe bir şahyr däl, her kim: «Bu bir döwlet ahbetin!» diýip, öz ýanyndan dillendi.
    «Berdimyrat daýhan» diýýänimiziň Lebap welaýatynda iş saparynyň çäginde milli Liderimiz bilen didarlaşan gallaçy daýhan Berdimyrat Narmämmedowdygyny aň eden bolsaňyz gerek. Ol bu sapara dahylly bolanlaryň içinde iň bagtlylaryň biri. Milli Liderimiz bilen mesawy söhbet, aslynda, onuň başyna gonan bagt guşy. Düýşüne-de girip ýetişmedik hyýallaryň huşdaky wysaly. Bu pursady ol şeýle ýatlaýar:
    — Dogrusy, kärende ýerimde hormatly Prezidentimizi garşylamalydygym aýdylan günlerden bäri, tutuş dünýämi tolgunma gurşap aldy. Söz bilen düşündirip bolmaýan şol tolgunma tä sahawatly Liderimiz bilen salamlaşýançam günüme goýmady. Ýöne, niçikmi, hormatly 
    Prezidentimiziň nurana ýüzüne gözüm düşdi welin, ähli tolgunmalarym el bilen aýrylan ýaly bolaýdy. Söhbetimize ilkinji sözlemlerden gonan mähribanlyk, ýürekdeşlik dünýämi has giňeltdi. Milli Liderimiziň maşgala ýagdaýym, kakam-ejem, işlerimiz bilen ýakyndan gyzyklanmagy göwün guşumy ganatlandyrdy. Bu ýakymly pursadyň täsirinden hiç haçan çykaryn öýdemok.
    «Mawy ekranda» şol pursatlary synlap, her birimiz özümize bir ýakynlygy duýan bolsak gerek. Oba hojalykçylaryň, daýhanlaryň ählisiniň Berdimyrat daýhanda özüni görendigi gürrüňsiz hakykat. Çünki ähli daýhanlarymyz Berdimyrat Narmämmedow bilen ykbaldaş — olar döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň uly goldawlarynyň gurşawynda işleýärler. Şonuň üçin hem şol gün çärjewli daýhanyň dilinden dökülen alkyş, aslynda, ene topraga baglanan ýürekleriň ählisiniň alkyşydyr.
    Şol söhbetdeşlik žurnalistler üçin hem mekdep boldy diýsek, kärdeşlerimiz biziň bilen ylalaşsa gerek. Hormatly Prezidentimiz daýhanyň işi, maşgalasy, tejribesi, maksady bilen ýakyndan gyzyklandy. Eger Berdimyrat Narmämmedow iş saparyna baran bir žurnalist bilen gürrüňdeş bolan bolsa hem, belki, öz dünýäsini beýle çuňňur açyp bilmezdi. Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra daýhan bilen özümiz hem gürleşdik. Köplenç, az gürläp, köp iş edenini gowy görýän daýhan sowallarymyza örän gysgajyk jogap berýär. Ýöne hormatly Prezidentimiziň nusgalyk  zehini we ýürekdeşligi oňa has ýiti täsir eden bolmaly.
    Bu gün özi hem alty gyzyň kakasy bolan Berdimyrat aga Toýmyrat hem-de Rozygül Narmämmedowlaryň daýhan perzentleriniň biri. Elbetde, ene topraga bolan söýgi janypkeş atadan geçen bolmaly. Ençeme ýyl mundan ozal hormatly dynç alşa çykandygyna garamazdan, Toýmyrat aga häzir hem 
    1 gektar erik bagyna esedýär. Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşigine degişli baglykdan alnan bu bölekde erigiň saýlama tohumlary ýetişdirilýär.
    Edil gowaçanyňkyça bolmasa-da, bugdaýyň hem hysyrdysynyň ýetikdigine çagalykdan beletligimiz bar. Bir adam üçin 20 gektar bugdaý diýmegiň asla kiçi-girim iş däldigini bilýäris. Zandy daýhan Berdimyrat aga bu ýere iki dogany bilen bile garaşyk edýär. Geçen ýylyň sentýabr — oktýabr aýlarynyň sepgidinde ekilen bugdaýa wagtly-wagtynda ideg edildi: döküni, suwy, bejergisi kem edilmedi. «Eýesiniň gözünden suw içen» ene ýer hem hasylyny bolluk bilen getirdi. Galla oragyny düýn tamamlan kärendeçi 20 gektar ýerden Watan harmanyna 80 tonna galla tabşyryp, her gektaryň hasyllygyny 40 sentnere ýetirdi.
    Ýeri gelende aýtsak, Berdimyrat Narmämmedow Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi. Topar ýolbaşçysy Berdimyradyň her ýyl hem özüne degişli ýerden bol hasyl alyp gelýändigini aýdýar.
    — Hormatly Prezidentimiziň alyp beren kuwwatly tehnikalary gallany zaýasyz ýygnaýar, samanyny hem bir ugra toplap gidýär. Bu bolsa oragyň yz ýanyndaky işleri ýeňilleşdirýär. Hasyly ýygnap aldyk, meýdanda, milli Liderimize hem söz berşim ýaly, guşlaryň paýy galdy. Indi dessine samany ýygnap, yzyny süreris. Wagt ýitirmän hem ikinji ekişe girişmekçi bolýarys. Şu ýyl ýa käşir ýa-da mekgejöwen ekmegi meýilleşdirýäris — diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berýär.
    Maksadyň myrat tapsyn, Berdimyrat daýhan!