Öňegidişligiň hem gözelligiň baýramy

    AHALDA
    Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary welaýatyň ähli ýerini şatlyk-şowhuna besledi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň özboluşly dabaralanmasyna öwrülen bu sene mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş şanly senä baý öwüşgin çaýdy. Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde, Ak bugdaý etrabynyň merkezinde we Tejen şäherinde giň gerim alan dabaralar aýratyn ýatda galyjy duýgulary peşgeş berdi.
    Welaýat derejesindäki esasy dabaralar Gökdepe etrabynyň çäginde geçirildi. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ir säherden etrabyň Babarap obasyndaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň öňündäki meýdança ýygnandylar. Ol ýerde şowhunly aýdym-sazlar diňlenildi, tansly çykyşlara tomaşa edildi. Ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary has-da gyzykly boldy. Şeýle göwün göteriji tomaşalardan ruhy lezzet alan ildeşlerimiz dabaraly ýagdaýda welosipedli ýörişe başladylar.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda üçülenji gezek bellenilýän welosipedli ýöriş Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza Gutlagynda hem aýdyşy ýaly, ýurdumyzda parahatçylyk, raýdaşlyk, sagdynlyk hem-de ruhubelentlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň giňden dabaralanýandygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýörişe gatnaşyjylar täze döwrüň ruhunda döwrebap keşbe giren obanyň görkana binalaryny — medeni-durmuş maksatly kaşaň desgalary, gözellikleri synlap, Yzgant şäherçesine sary ugradylar. Olar ýolugra tebigat gözelliklerini synlamaga mümkinçilik aldylar. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Yzgant şäherçesindäki pellehanada dabaraly garşylandy. Soňra şanly sene mynasybetli dabaralar bu döwrebap şäherçede dowam etdi. Sport mekdebinde geçirilen dürli sport ýaryşlary bolsa, toý gününiň tomaşalarynyň üstüni ýetirdi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti ol ýere ýygnanan toý märekesiniň şatlygyna şatlyk goşdy.

    BALKANDA
    Bütindünýä welosiped gününiň şanyna guralan medeni-sport çäreleri Balkan welaýatynda hem guramaçylykly geçirildi. Bu dabaraly çäreler sebitiň ilatynyň 
    Gahryman Arkadagymyza, Berkarar döwletimize hem-de halkara möçberdäki şanly senä bolan bimöçber buýsanjyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
    Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynyň öňündäki baýramçylyk ruhuna beslenen ajaýyp meýdança ýygnananlar hormatly 
    Prezidentimiziň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra Balkan welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar welaýat merkeziniň gözel künjeklerinde, şäheriň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan bilim, medeni-sport ojaklarynyň deňinde mähirli garşylandy. Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde guralan welosiped ýörişi-de oňa gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi. Ýokary ruhubelentlikde geçen welosipedli ýörişler sebitde sportuň bu görnüşiniň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
    Baýramçylyk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylan künjeklerinde balkanly sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, dürli döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýörişlere gatnaşan welosipedçilere we bu ajaýyp pursatlara tomaşa eden halk köpçüligine ruhy lezzet paýlady. Buýsançly çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümiziň, eziz Watanymyzyň rowaçlyklarynyň, hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk tutumly işleriniň, milli sportumyzyň ösüşleriniň, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň waspy ýetirildi. Dabaralaryň dowamynda ezber türgenleriň, ruhubelent ýaşlaryň arasynda sportuň we milli oýunlaryň birnäçe görnüşi boýunça geçirilen bäsleşiklerdir görkezme çykyşlary juda gyzykly boldy. Şeýle ruhubelent çäreler welaýatyň çar künjeginde giç agşama çenli dowam etdi.

    DAŞOGUZDA
    Sagdynlygy, ahlak tämizligini, kalp kämilligini arzuwlaýan, ak niýetlere ulaşýan uly-kiçi — hemmäniň yzy üzülmeýän hatary tomsuň ak säherine özboluşly öwüşgin çaýdy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna şan berýän Bütindünýä welosiped gününde ýurduň demirgazyk welaýatynyň merkezindäki Ruhyýet köşgüniň dabaralar meýdançasy baýramçylyk lybasyna beslendi. Belent ýaňlanýan aýdym-saz owazy bilen welosipedçileriň 3 müňden gowragyndan ybarat bolan kerwen 10 kilometr aralyga ýola düşdi.
    Gahryman Arkadagymyzyň göreldesi bilen sportuň bu görnüşi täze belentliklere galýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde täze ulanylmaga berlen, häzirki zamanyň ölçeglerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň birnäçesinde welosiped sporty boýunça ýörite türgenleşik toparlary bar. Şol toparlarda tälim alýan türgenler ýurt möçberinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlik gazanyp, welaýatyň sport abraýyny artdyrýarlar. Hemmeler üçin elýeterli bolan, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdeleriniň biri hasaplanýan welosipedli ýöriş şäheriň Görogly köçesinden ugur alyp, täze eýýamymyzda ulanylmaga berlen döwrebap mekdebiň, çagalar bagynyň binalaryny aralap, Bitaraplyk şaýoluna düşdi. Iri senagat kärhanalarynyň täze toplumyny özünde jemleýän ugur bilen ýoluny dowam etdiren welosipedçileriň kerweni döwrebap aýlawyň deňesinden geçip, on müň orunlyk sport toplumyna ýetdi. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylary bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary şowhunly aýdym-sazlar, tanslar bilen garşyladylar. Ajaýyp bezegli giň sahnada welaýatyň sungat ussatlary her bir täze başlangyjy bütin dünýäde ykrar edilýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu ýerde baýramçylyk dabaralarynyň öň ýanynda sportuň welosiped, armrestling, el göreşi, tanap çekmek görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlaryň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi. Döwrebap sport toplumynda ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary, el işleriniň sergileri guraldy.
    Bu sport çäresi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňden dabaralanýandygynyň nobatdaky mysalyna öwrüldi, unudylmajak şatlykly pursatlara beslendi.

    LEBAPDA
    Hormatly Prezidentimiziň Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagy bilen sylaglanmagyndan dörän begenç hem-de milli Liderimiziň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gutlagyndan dörän ruhlanma Lebap welaýatyndaky dabaralara hem öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyza goýlan bu belent hormatyň tutuş ýurdumyzda welosporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan nusgalyk işlere we milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlaryna hoşallykdygy dabaralarda nygtaldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dörän bu ajaýyp baýramçylyk şu ýyl üçünji gezek bellenilýär. Tomsuň üçünji günündäki umumadamzat baýramçylygynyň şu ýyl hepdäniň hem üçünji gününe — çarşenbä gabat gelmegi ajaýyp sazlaşykdyr. Şol sazlaşygyň kalplara çaýýan ýakymy bilen welaýatda geçirilen köpçülikleýin weloýörişe müňlerçe adam gatnaşdy.
    Üstünden atly, pyýada we welosipedli ýörişleriň birnäçesini geçiren Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsi bu gezekki ýörişiň hem ilkinji menzillerine şaýat boldy. Farap etrabynyň Jeýhun şäherçesinden badalga alan ýörişe gatnaşyjylar az salymdan döwrebap köprä ýetdiler. Ýaşyl reňkli welosipedlere atlanan ildeşlerimiziň baýramçylyk günündäki şatlygy Jeýhunyň mele tolkunlarynyň täsin oýny bilen sazlaşyp, tomsuň sergin säherine aýratyn täsir bagyşlady.
    ...Welaýat köpugurly sport toplumynyň öňündäki pellehana ýetenlerinde, ýörişe gatnaşyjylar 30 kilometrden gowrak menzili nähili geçenlerini hem duýman galdylar. Olar bu ýerde ýene aýdym-saz, şatlyk-şowhun bilen garşylandylar.
    Welaýatyň welosport bilen meşgullanýan türgenleriniň ýörişiň başyny çekendigini aýtmak gerek. Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebinde tälim alýan türgenleriň arasynda şosse boýunça ýakynda geçirilen ýurdumyzyň çempionatynyň ýeňijileri hem bar. Batyr Abdyllaýew (Dänew etraby), Rozygeldi Döwletow (Halaç etraby) ýaly ýurdumyzyň ähli künjeklerinde welosipedli ýa-da pyýada gezelenç eden syýahatçylar öz ýaşaýan ýerlerinde ýaşlaryň ençemesi bilen weloýörişleri guradylar.
    Welaýatyň etrap-şäherlerine ýaýran Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary sportuň we sagdynlygyň ruhuna beslenip, uzakly gün dowam etdi.

    MARYDA
    Badalgadan welaýat merkezine tarap dowam eden welosipedli ýörişe Mary welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar, köp sanly bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Welosipedli ýöriş oňa gatnaşan 3 müňe golaý sport janköýerinde şähdaçyklyk hem keýpiçaglyk döredip, olaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Olar ýolugra welaýatda bagtyýarlyk zamanamyza mahsus derejede gurlan döwrebap binalary höwes bilen synladylar. Uzak aralyga guralan welosipedli ýörişe gatnaşan sport söýüjiler welaýat merkezi Mary şäheriniň görkana köçelerini synlap, ýollaryny dowam etdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanlar ýolugra Baş baýdak meýdançasynda guralan aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna, sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme oýunlara tomaşa etdiler.
    Bu günki ýörişe gatnaşanlar bellenilen 12 kilometrlik menzili ruhubelentlik bilen geçip, pellehana geldiler. Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň öňünde olary welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, sport türgenleri özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen garşyladylar.
    Ýurdumyzda welosporty ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri we göreldesi üçin hormatly Prezidentimize Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagynyň gowşurylmagy baradaky hoş habar Mary welaýatynyň bagtyýar ilatynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.