Köýtendagyň melhemleri

    Ýurdumyzyň gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendagda ösümlikleriň 900-den gowrak görnüşi bolup, olaryň 10 göterimi diňe şu ýere mahsusdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda hem bu dagda bitýän ösümlikleriň himiki düzümi, lukmançylykda peýdalanylyşy, ösümlikleri ýygnamagyň möhleti hem-de usullary hakynda giňişleýin beýan edilýär.
     Käkilik oty (keýik ot) 
    Käkilik oty gülleýän döwründe dermanlyk maksatlary üçin ýygnalýar. Käkilik oty inçekeseli, öýkeniň sowuklamasyny, aşgazandaky we içegelerdäki ýaralary bejermekde ulanylýar. Käkilik oty peşewiň çykarylyşyny oňatlaşdyrýar, ýürek urmasyny kadalaşdyrýar, ukusyzlygy aýyrýar. Käkilik otunyň kömegi bilen dem alyş ýollary bejerilýär. Onuň otunyň guradylan ýapraklaryny, güllerini çäýnege atyp, onuň üstüne gaýnan suw guýup, çaý demleýärler. Bu hili çaý oňat tagamly, hoşboý ysly bolýar. Onuň bilen agyz boşlugy çaýkalanda, dişiň etlerini berkidýär. 
    Narpyz (jalbyz) 
    Narpyz kelleagyryny, garyn-içege kesellerini, ýürek-damar näsazlygyny, öýken, inçekesel, böwrek, bagyr, burun, bokurdak, basyk (angina), aşgazan, öt halta, sarygetirme (saraltma), deridäki çiş, guragyry kesellerini bejermekde ulanylýar. Damar çekmede, ukusyzlykda gowy peýda berýär. Deri kesellerinde näsag narpyzyň suwuna düşürilýär, iç kesellerinde ol gaýnadylyp içilýär, diş agyryda, kelleagyryda maňlaýa goýulýar. 
    Sarygül (saryot) 
    Sarygülüň ýerüsti böleginden gaýnadylyp alnan suwuklyk böwrekdäki agyryny aýryjy serişde hökmünde ulanylýar. Onuň üç nahar çemçesi owradylan otunyň üstüne 1,5 bulgur suw guýup gaýnatmaly. Soňra suwuklygy durlap, nahardan ýarym sagat öň bulguryň üçden bir bölegi içilýär.