Aşgabatdan bütindünýä ýaýran başlangyç

    Halk döredijiligimizde üçlük sanyň gudraty, keramaty we aýratyn uly hormaty barada nakyllaryň, yrymlaryň we beýleki dürdäne aýtgylaryň onlarçasy döräpdir. Bu asla ýönelige däl. Çünki üçlük sanyň girişde agzalan aýratynlyklaryna halkymyz on iki süňňi bilen ynanýar. Hatda hepdäniň üçünji güni — çarşenbe hem sähetli gün hasaplanylýar. Üns berseňiz, Bütindünýä welosiped gününiň Ýer ýüzünde üçünji gezek toýlanylyşy diňe bir tomsuň däl, eýsem, täze bir hepdäniň hem üçünji gününe — çarşenbä gabat gelýändir.
    «Çarşenbede — çar ýana» diýip pederlerimiz ýöne ýerden aýtmandyrlar. Bu söz Bütindünýä welosiped gününiň bellenilişine hem gabat gelip dur. Mundan iki ýyl ozal, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Ilkinji gezek 2018-nji ýylyň tomsunda bellenen bu şanly sene Aşgabatdan bütin dünýä ýaýran täze bir rekord — dünýäde iň köpçülikleýin welosapagyň geçirilmegi bilen Ýer ýüzüne doldy. Geçen ýyl ýene-de türkmen paýtagtynda welosiped bilen bagly täze bir rekord goýuldy: welosipedçileriň henize çenli görlüp-eşidilmedik üznüksiz hatary Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm etdi. 
    Türkmenistanyň başlangyjyny çar ýana dolduran başga-da birnäçe aýratynlyklar bar. Olaryň iň esasylarynyň biri bu şanly senäniň dabaralarynyň dünýä döwletleriniň aglabasynda ör-boýuna galmagydyr. Geçen ýyllarda Pariž, Ankara, Stambul, Daşkent, Moskwa, Pekin ýaly iri şäherlerde hut şol gün köpçülikleýin welosipedli ýaryşlaryň geçirilendigi barada türkmen metbugatynda habar berlipdi. Bu däbe şu ýyl hem eýeriljekdigi şübhesiz hakykatdyr. 
    Hawa, ýurdumyzda birigün belleniljek şanly senä ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şol gün watandaşlarymyzyň müňlerçesi nobatdaky gezek köpçülikleýin welosipedli ýörişlere gatnaşar. Tomsuň jana şypa, säher howasynda külterlenjek menzilleriň her biri göwünlere aram, bedene saglyk eçiler. Ak şäherimiz Aşgabat bolsa welosipediň şanyna bina galdyrylan az sanly şäherleriň hataryna goşular. 
    Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz geçen ýylky baýramçylyk dabaralarynyň çäginde UCI-niň ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul edipdi. Şol duşuşykda myhmanyň hem aýdyşy ýaly, giň gerimli sport ýaryşlaryny mynasyp derejede geçirmekde Türkmenistanyň toplan tejribesi Welosipedçileriň halkara birleşiginiň howandarlygynda öňde boljak dünýä derejeli bäsleşikleriň hem ýokary derejede guraljakdygynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Şunda Welotrek we şosse boýunça dünýä çempionatlarynyň göz öňünde tutulýandygyny aňan bolsaňyz gerek. Bu ýaryşlaryň ilkinjisini 2021-nji, ikinjisini 2026-njy ýylda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. 
    Şeýle sahypalar ýene-de kän ýazylar. Çünki biziň ýurdumyzda ynsan saglygy baş baýlykdyr. Biziň ýurdumyzda ynsandan arzyly beýiklik ýok. Biziň ýurdumyzda «Döwlet — adam üçindir!». Türkmenistan welosporty ösdürmek bilen, öz raýatlarynyň saglygy ugrundaky aladany umumadamzat aladasy bilen utgaşdyrýar. Ýarym sagat welosiped sürmegiň rahat uklamaga, damarlaryň gowşamagyna, agramyň kadalaşmagyna... peýdasy bar bolsa, hormatly Prezidentimiziň bütin dünýä nusga bolan bu beýik başlangyjynyň tutuş adamzadyň saglygyny berkitmekdäki ähmiýetini özüňiz ölçerip görüberiň!