Döwletiň baş aladasy

    Çaga — adamzat nesliniň dowamaty, ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynyň bagty, jemgyýetiň ertirki doly ygtyýarly şahsyýeti, ýurduň geljekki üstünlikleriniň güwäsi. Çagalyk adam ömrüniň şadyýan we begençli, täsin hem gyzykly wakalara baý, iň bagtyýar döwri. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösüşine, olary terbiýelemegiň inçe syrlarynyň arkama-arka özleşdirilmegine türkmen halkynda aýrylmaz borç hökmünde garalyp gelinýär. Perzendiniň sagdyn dünýä inmegini üpjün etmek, çaganyň bedenini ýaşlykdan taplamak we onda ýokary adamkärçilik, edeplilik, lebzihalallyk, dogruçyllyk sypatlaryny kemala getirmek her bir ata-enäniň baş maksady bolup durýar. Ogul-gyzlaryny ylymly-bilimli, edep-ekramly, öý-ojagyna, il-gününe, ata Watanyna wepaly nesiller edip ýetişdirmek her bir maşgalanyň baş aladasy saýylýar. Türkmenleriň durmuş synagyndan geçiren milli edep-ahlak mekdebiniň kämil kadalary eziz körpeleriň mynasyp ýaşaýşyna, ata-enäniň umydynyň myrat tapmagyna binýatlaýyn ýörelge bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini dana pederlerimiziň döreden «Bal süýji, baldan-da bala», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» ýaly ençeme terbiýeçilik ähmiýetli parasatly pähimlerinden göz ýetirmek bolýar.
    Halkymyzyň nesilleri zamanabap terbiýelemek, olaryň adamzat durmuşynda tutýan ornuny pugtalandyrmak ugrundaky garaýyşlary edebi döredijiligiň çuňňur many-mazmunly eserlerinde giň beýanyny tapýar. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen «Görogly» eposynda Göroglynyň döreýşi we onuň häsiýetine atasy Jygalybegiň edep-terbiýäniň gönezligini siňdirip bilşi özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Paş eder seni» goşgusynda, perzendiň maşgalanyň synmaz sütünidigi, tutanýerli ogul-gyzyň geljekde ata-enä hossarlyk edip, olaryň il arasynda hormatyny beýgeldýändigi wasp edilýär.
    Güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä derejesine laýyk gelýän häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, multimediýa, interaktiw ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary, ak mekdepler, suw-sport toplumlary we seýilgähler ösüp gelýän ýaşajyk raýatlara hyzmat edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Gökdere jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpeleriň wagtyny gyzykly we manyly geçirmegi döwrüň ösen talabyna laýyk ýola goýulýar.
    Zehinli körpeleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» bäsleşiklerindäki çykyşlary halkymyzy buýsandyrýar. Ýokary derejede guralýan ders we sport bäsleşiklerinde ýaşlarymyz gazanýan üstünlikleri, mynasyp bolýan altyn, kümüş, bürünç medallary bilen Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Milli we halkara derejede geçirilýän çagalar festiwallary, intellektual we döredijilik duşuşyklary dünýä ýurtlarynyň ýaşlaryny dostlaşdyryp, olary ylmy-tehniki açyşlara ruhlandyrýar.
    Bitarap döwletimizde çagalaryň dünýä derejesinde bilimli bolmagy, umumadamzat ynsanperwerliginiň ruhunda terbiýelenmegi babatda abraýly halkara guramalar bilen bähbitli hyzmatdaşlyga hem uly üns berilýär.
    Türkmenistanyň Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna goşulyşmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk binýadyny düzýär. Ýurdumyzyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny berjaý etmekde halkara giňişlikde döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş edip, ýokary ynama mynasyp bolýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň kabul edilmegi irki ýaşdan başlap, çaga şahsyýetiniň beden we akyl taýdan ösüşiniň esasyny, ýaş nesliň goraglylygynyň we mynasyp terbiýelenmeginiň binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýändigini tassyklaýar.
    Türkmenistanyň BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulyşmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ýola goýlandygynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Bu resminama ählumumy hukuk taýdan hökmanylyk güýjüne eýe bolup, çagalaryň hukuklaryny bir ýere jemleýän we olary jikme-jik teswirleýän, her bir çaga özünde bar bolan ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini amal etmäge ýardam berýän amatly gurşawyň we şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Onuň kadalary adam hukuklarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi üçin binýatlaýyn ýörelgeleriň düýbüni tutmak bilen, çagalaryň ömrüni goramagy we mynasyp ösüp-ýetişmegini maksat edinýär. Onda çaganyň bähbitleriniň ileri tutulmagyny, kemsidilmezligini, mynasyp durmuşda ýaşamagyna we ösüp kemala gelmegine hemaýat edilmegini, dünýägaraýşyna sarpa goýulmagyny kesgitleýän esasy ýörelgeler öz beýanyny tapýar.
    Ählumumy resminamada her bir çaganyň jemgyýetde özbaşdak ömür sürmäge doly taýýar edilmelidigi hem-de BMG-niň Düzgünnamasynda beýan edilen binýatlaýyn ýörelgelere, aýratyn-da, jemgyýetiň hemme agzalaryna mahsus mertebäniň, deň we aýrylmaz hukuklaryň ykrar edilmegine, Ýer ýüzünde azatlygy, adalatlylygy we parahatlygy üpjün etmegiň ýörelgelerine esaslanyp terbiýelenmelidigi ykrar edilýär. Konwensiýanyň, ýaşaýşyň kanagatlanarlykly derejesine hukugyň dünýäniň hemme çagalarynyň aýrylmaz hukugyna öwrülmelidigini teswirleýän düzgünleri, ýaş raýatlaryň abadançylygynyň we ösüşiniň hatyrasyna gerek bolan çözgütleri haýal etmän kabul etmegiň zerurlygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu kadalar her birimizi çagalaryň raýat jemgyýetiniň gündelik durmuşyna has giňden çekilmegine, olaryň bilesigelijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, döredijiliginiň höweslendirilmegine jogapkärçilikli garamaga borçly edýär. Şeýlelik bilen, Zeminiň körpe ýaşaýjylarynyň okap, bilim almaga, öz pikirini erkin beýan etmäge we ululara ýetirmäge hem-de öz mümkinçiliklerini durmuşda dolulygyna amal etmäge hukuklarynyň pugta berjaý edilmegi gazanylýar.
    Şular bilen birlikde, Konwensiýa çagalaryň ata-enesiniň we beýleki adamlaryň hukuklaryna, ýurtlaryň milli medeni gymmatlyklara, daşky gurşawa hormat goýmakdaky borçlary ýatladyp, döwletleriň milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli özgerdilip durulmagyna esas döredýär. Şu nukdaýnazardan, ýurtlaryň döwlet syýasatyna hem-de kanunçylyk ulgamyna zerur bolan üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, bu çäreleriň döwrebaplaşdyrylmagy ýola goýulýar. Konwensiýa esasynda biziň ýurdumyzda hem çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösüp kemala gelmegi, dünýä derejesinde bilimli we ylymly adamlar bolup ýetişmegi, jemgyýetiň deňhukukly agzalary hökmündäki hukuklarynyň, azatlyklarynyň kanunçylyk taýdan goragynyň üpjün edilmegi ugrunda düýpli öňegidişliklere ýetilýär.
    Çagalaryň bähbitlerini we abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem giň beýanyny tapýar. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalary durmuş taýdan goramagyň has kämil usullarynyň işlenip taýýarlanmagy, çagalar üçin hyzmatlaryň we goldawyň halkara ülňülere laýyk getirilmegi baradaky wezipeler takyk kesgitlenýär. «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy» çagalaryň zerurlyklarydyr talaplaryny hasaba almak bilen, durmuş, ykdysady, medeni, raýat we syýasy hukuklarynyň ähli ugurlaryny durmuşa geçirmekde döwlet edaralary bilen jemgyýetçilik birleşikleriniň işleriniň utgaşdyrylmagyna we sazlaşykly hereket etmeklerine talaplary bildirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaş nesilleriň halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilen strategik meýilnamalaryň üstüni ýetirýär.
    Hormatly Prezidentimiziň eneleriň, çagalaryň bagtyýarlygy hakyndaky atalyk aladasy jemgyýetiň geljekki abadançylygynyň binýatlyk şertleriniň aýrylmaz bölegidir. Dünýä halklary bilen bilelikde, her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenip geçilmegi milli ynsanperwer ýörelgeleriň döwrebap aňlatmasydyr. Durmuşyň gül-gunçasy saýylýan körpeleriň belentden ýaňlanýan hoş owazlary, şadyýan gülküleri ata Watanymyzyň ählumumy parahatçylyga hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen giň gerimli işleriniň üstünlikli rowaçlanýandygynyň dabaralanmasydyr.