Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
    Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen halylarynyň döwürleriň, eýýamlaryň taryhyny beýan edýän her bir çitimine zenanlarymyzyň ata Watanyna, mähriban halkyna, öý-ojagyna çäksiz söýgüsi, bimöçber yhlasy siňdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr.
    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
    Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussahana halyçysy Täjigül Niýazowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Oraznabat Baýmuhammedowna Begenjowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Gültäç Amanmyradowna Döwletmyradowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň Ajyýap bölüminiň halyçysy Amanbibi Muhadowna Mirmämedowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy Dilfuza Nyzamytdinowna Atajanowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç haly önümhanasynyň halyçysy Dilberjan Hojakowna Matmuratowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Zylyha Öwlýagulyýewna Begliýewa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji derejeli halyçysy Gözel Haýydowa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji derejeli halyçysy Gülendam Hanymowna Taňňyýewa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Güneşlik önümhanasynyň gözegçi ussasy Ogulmyrat Toraýewna Berdiýewa,
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň müdiri Orazsoltan Baýramowa.
                                        Türkmenistanyň Prezidenti 
                                        Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                        Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 29-njy maýy.