USSATLARYŇ MAŞGALASY 50-den GOWRAK HALYÇYNY ÖZÜNE BIRLEŞDIRÝÄR

    Gubadag şäherinde köneden oturymly Pürenowlaryň döwletli ojagynda önüp-ösen, nesibesi goşulyp, barha ýaýrawy artýan bu bagtly maşgalanyň bezegine öwrülen çeper elli gyz-gelinleriň 50-den gowragy haly dokap, gaýtalanmajak gözelligi döredýär. Haýyrly işleri bilen adygan maşgala il içinde «halyçylar maşgalasy» diýlip gadyrlanýar. 
    Indi ençeme ýyl bäri belent başly jaýyň öňünde näziklige hem göwündeşlige beslenen birenaýy görnüş döreýär: sag-salamatlykda bir ojakdan ören halyçylaryň uzyn hatary her gün ak sähere dolup, işe tarap ýola düşýär. Gün yrman gaýtalanýan bu bagtly pursatlar ene ýüregini nurlandyrýar. Maşgala bagtynyň çar ganatyna deňelen dört gyzyň, baýdak sypat iki gelniň gül öwüsýän gurşawyna dolup, işe barmak, bir halynyň başynda egin deňläp oturmak, ellerinden dür dökülýän çagalaryňa guwanmak ene üçin bagtyň ulusydyr. Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynyň ussat halyçysy Täzegül Pürenowa şeýle ajaýyp bagta eýe bolan eneleriň biri. Onuň durmuşynyň iň arzyly baýlygyna öwrülen, bu inçe hem nepis sungata söýgüsi bilen bezelen zähmet ýoly şu önümhananyň işe başlan ilkinji ýyllaryndan gözbaş alyp gaýdýar. 
    Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda döredilen halyçylyk bölümi welaýat çeper halyçylyk kärhanasynyň düzüminde iň baýry önümhanalaryň biri hasaplanýar. Etrap merkeziniň çäk taýdan geriminiň giňäp, ilat sanynyň köpelip başlan döwründe işe başlan bölüm bada-bat gelin-gyzlaryň iň höwes bildirýän, arzuwlaýan ýeri boldy. Gadymy senede telwasly deň-duşlarynyň uly toparynyň jemlenen ýeri Täzegül Pürenowanyň ykbalynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ejesi Ogulboldy ene onuň ilkinji halypasy boldy. Ol bölüme işe gelen gününden tejribeli halyçy Sonaş Annaýewanyň tälimini aldy. Ýarym asyr çemesi wagtyň içinde ol ýüzlerçe haly dokady, halypa bolup, ýüzlerçe şägirde bu hünäriň inçe tilsimlerini öwretdi. Bu önümhananyň gazanýan zähmet üstünliklerinde halypa halyçynyň mynasyp paýy bar. Ol dokan gözel gölli halylary bilen dürli derejedäki bäsleşiklere ençeme gezek gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmetine, haly önümlerini dokamakda gazanýan ýokary netijelerine mynasyp baha berildi. Ol     «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy.
    Türkmen gyz-gelinleriniň tebigy zehini bilen gözellik döredýän çeper sungatynyň, ýürekden gözbaş alan el hünäriniň dowamat-dowam bolýan haly önümhanasynda tejribeli hem ýaş halyçylaryň 100-den gowragy işleýär. Täzegül Pürenowanyň gyz-gelinleri, doganlary halyçylar toparynyň uly bölegini düzýär. Häzir ussat halyçynyň gyzlary Näzikjemal, Nabat, Ejegyz, Dürli, gelinleri Maýa Öwezowa, Meňli Annageldiýewa, doganlary Oguljemal, Akjemal, Gurbansoltan, agasynyň gyzlary Mähri, Maýsa, Jeren gadymdan gelýän bu ajaýyp hünäri asylly dowam etdirýärler. Şu ýyl onuň gyzlary 1,25 — 2,50 inedördül metr möçberindäki «Şemşat» gölli halysy bilen döwlet bäsleşigine gatnaşdylar. Şol ýerde olar demirgazyk sebite mahsus haly nagyşlaryny dessanlardan parçalary ýerine ýetirmek bilen wasp etdiler. Gubadagly halyçy gyzlaryň bu çykyşy, iň esasy-da, dokan halysynyň owadanlygy uly täsir galdyrdy. Olar bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldular. Ene kesbini ýöredýän Näzikjemalyň «örtmen» gölli halysy baýramçylyk mynasybetli guralýan sergä goýuldy. Täzegül Pürenowanyň 11 agtygy bar. Gyz agtyjaklarynyň 5-si öýde enesinden haly dokamagy öwrenýär. Olaryň ýaş göwünlerinde hyjuw alýan höwesi, bu käre söýgüsi ene kalbyny nurlandyrýar.
    — Maşgalamyzyň uly-kiçi barçasynyň halyçylyk senedine söýgüsi uly — diýip, halypa halyçy aýdýar. — Olar yhlas edýärler, işe höwesli ýapyşýarlar. Bu hormatly käri geljekde agtyklarymyň hem dowam etdirjekdigine diýseň begenýärin. Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halysynyň şan-şöhraty artýar, bu gözellik sungatynyň mertebesi beýgelýär. Döwlet tarapyndan iň inçe senetleriň biri hasaplanýan halyçylyk kärinde işleýänler barada uly alada edilýär, olaryň durmuş we zähmet şertlerini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns berilýär.
    Ýyldyzlary döretmek göge berlendir. Zemin üzre ýyldyz şuglaly gözelligi amal etmek ynsan ähline rowa bilnendir. Gaýtalanmajak gözelligi döredýän gelin-gyzlaryň tebigy zehini siňdirilip dokalan gözel gölli halylar älem-jahany haýrana goýýar.