Parahatçylyk aýdymlary

    Düýn Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly zalynda «Parahatlyk dünýäsi» ady bilen wokal hem-de hor sungaty, kompozisiýa ugry boýunça festiwal-bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. 
    Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli yglan edilen festiwal-bäsleşige ýokary we orta sazçylyk, sungat hem-de çagalar sungat mekdepleriniň talyplary, okuwçylary, şeýle-de professional saz bilimi bolan 18 — 25 we 26 — 35 ýaş aralygyndaky iki toparda wokal aýdymçylar gatnaşdylar. Festiwal-bäsleşigiň hor sungaty ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň we ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleriniň 40 — 50 adamdan ybarat hor toparlary, kompozisiýa ugry boýunça bolsa ýörite orta we ýokary sazçylyk mekdepleriniň talyplary hem-de professional saz bilimi bolan kompozitorlar gatnaşdylar. 
    Festiwal-bäsleşigiň geçiş tertibine görä, hor ugrundan 1-nji toparda çagalar sungat mekdepleriniň, 2-nji toparda ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleriniň hor toparlary çykyş etdiler. Kompozisiýa ugrundan bolsa professional saz bilimi bolan kompozitorlar özara bäsleşdiler. Festiwal-bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji saýlama tapgyry aprel aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirildi. 
    Festiwal-bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşan aýdymçylar XVIII — XIX asyr daşary ýurt kompozitorlarynyň operalaryndan asyl nusgasynda bir ariýany, türkmen operalaryndan bir ariýany, türkmen kompozitorlarynyň döreden bir romansyny ýa-da aýdymyny ýerine ýetirdiler. Hor ugry boýunça gatnaşan topar 1 sany akapella eseri hem-de 1 sany sazly hor eseri bilen çykyş etdiler. Kompozitorlar bolsa özleriniň döreden 1 sany wokal eseri hem-de 1 sany hor eseri bilen gatnaşdylar. 
    «Parahatlyk dünýäsi» atly festiwal-bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda wokal ugry boýunça 1-nji topardan 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Leýli Mämmedowa mynasyp boldy. Wokal ugry boýunça 2-nji topardan şu ýokary okuw mekdebiniň talyby Tylla Saryýewa 1-nji orny eýeledi. 
    Festiwal-bäsleşigiň hor ugry boýunça çagalar sungat mekdeplerinden 1-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň hor topary (çeper ýolbaşçysy Güljan Talypowa) hem-de Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor topary (çeper ýolbaşçysy Altyn Nuryýewa) mynasyp boldular. 
    Hor ugrundan 2-nji topar boýunça 1-nji orna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary mynasyp boldy. Toparyň çeper ýolbaşçysy Bäşim Berdiýew. Festiwal-bäsleşigiň kompozisiýa ugry boýunça 1-nji orny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Alişer Bazarow eýeledi. 
    «Parahatlyk dünýäsi» atly festiwal-bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlary, Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Festiwal-bäsleşigiň ýaş nesilde aýdym-saz sungatyna bolan höwesi artdyrmakda, professional saz bilimi bolan wokal aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik, kompozitorlaryň döredijilik ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek hem ýakymlydyr.