Ruhubelentligiň gözbaşy 

    Ata-babalarymyzyň paýhasyndan döräp, nesilden-nesle geçip, her birimiz üçin durmuş ýörelgesine öwrülen «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Saglyk — baýlyk» diýen parasatly pähimlerden hem görnüşi ýaly, saglyk her bir ynsanyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak iň gymmatly baýlygydyr.  Ynsan durmuşy üçin zerur bolup durýan şeýle baýlygy gazanmak, elbetde, biziň özümize bagly. Çünki ol birnäçe kyn bolmadyk, ýagny biziň başaryp biläýjek düzgünlerimizden gözbaş alýar. Beýik akyldar Magtymguly — Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýmeginiň aňyrsynda-da çuň many bar. Sebäbi adam elmydama tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, öz saglygynyň goragynda bolmaly. Munuň üçin bizde çogly Güneşimiz, arassa howamyz, ýylyň ähli paslynda ýetişýän ter gök önümlerimiz bar. Şularyň ählisinden dogry peýdalanyp bilýän adam saglygyny gorap hem berkidip biler. Hut şeýledigi üçin, säher bilen pyýada ýa bolmasa-da welosipedde gezelenç edip ýören adamlara duşup, olaryň Magtymguly atamyzyň ýokardaky setirlerine uýup, saglyklarynyň gadyryny bilýändiklerine guwanýarsyň. 
          Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtyna kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär. 
          Saglygy goramak hem berkitmek üçin ilki bilen şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Sözümiziň başynda hem aýdyşymyz ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr.  Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.  
          Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan, ýadawsyz zähmetinden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzyň dürli künjeginde ösýän ösümlikler bilen birlikde ekerançylykda ýetişdirilýän ösümlikleriň hem peýdaly taraplary, dermanlyk ähmiýeti we ulanylyş düzgünleri barada giň maglumatlar berilýär. Bu gymmatly kitapdan bilşimiz ýaly, adaty hyýar Diýarymyzyň ähli ýerlerinde duşýar. Ösümligiň şypaly häsiýetleri irki döwürlerden bellidir. Halk lukmançylygynda hyýar çişmede, sowuklama kesellerinde, sarygetirmede, işdä açmakda, şeýle-de, aşgazan-içege sanjysynda agyryny köşeşdiriji serişde hökmünde we gepatitde peýdalanylýar. 
          Hyýar we hyýaryň şiresi üsgülewükde we dem alyş organlarynyň dürli kesellerinde ygtybarly serişde hasaplanýar. 
          Gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýan pomidor hakynda hem bu kitapda örän täsin we peýdaly maglumatlar getirilip, «Pomidoryň täze miweleri we şiresi aşgazan şiresiniň sekresiýasyny we içegeleriň işleýşini ýokarlandyrýar, ýüregiň işjeňligini gowulandyrýar we sowuklamanyň garşysyna täsiri artdyrýar. 
          Ylmy lukmançylykda ösümligiň derman serişdeleriniň awitaminozyň garşysyna, ýara bitiriji we başlaryň garşysyna täsiri ýüze çykaryldy. Beýleki gök ekinleriň miwesinden näzik kletçatkasynyň barlygy bilen tapawutlanýar. Ol içegeleriň peýdaly mikroflorasynyň işjeňligine oňyn täsir edýär, ondaky çüýreme ahwallary peseldýär, organizmden toplanan holesteriniň bölüp çykmagyna täsirini ýetirýär. Olar öýkeniň sowuklamasyny döredýän pnewmokokklaryň, içege ýokançlary — salmonellanyň, ganly içgeçmäniň spesifiki immunitetini ýokarlandyrýar» diýilýär. Adam saglygy üçin peýdaly bolan gök önümler ýylyň islendik paslynda biziň saçaklarymyzy bezeýär.
          Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby bizi gözel tebigatymyzda ösýän we ýetişdirilýän dürli ösümlikleriň peýdaly taraplaryny açyp görkezýän ylmy maglumatlara eýe edýän bolsa, çeper eserleri ruhy baýlyk paýlaýar. Hut şundan hem pederlerimiziň «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok» diýen paýhaslarynyň çuň manysy gelip çykýar. Akyl baýlygyna söýgi oýaryp, saglykdan gymmatly zadyň ýokdugy hakyndaky pikiri aňymyza guýýar.