Dili senaly, goly sazly söz ussady

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen parasatly sözleri bu günki gün durmuş ýörelgämize öwrüldi.
    Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen tanalmaz derejede özgeren gözel paýtagtymyz Aşgabatda «Ylham» seýilgähiniň golaýynda goly dutarly, gara gazmasyna bilbil gonan, nazaryny uzaklara dikip duran şahsyýetiň ýadygärliginde gözüň eglenýär. Ol heýkel dili senaly  beýik söz ussady Garajaoglanyň ýadygärligidir. Heýkeli synlap, türkmeniň taryhda yz goýan şahsyýetleriniň atlaryny ebedileşdirýän, olaryň edebi mirasyny dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyň, guwanjyň has-da artýar.
    Garajaoglan şahyryň edebi lakamy bolup, çyn ady Hasan eken. Onuň kakasyna Gara Ylýas diýer ekenler. Garajaoglan dünýä inende, ata-enesi oňa Akgoýunly türkmen döwletini dolandyran Uzyn Hasanyň adyny dakypdyr. Şahyr öz ady hakda: «Garajaoglan Hasan adym...» diýip ýazypdyr. 
    Garajaoglan Magtymgulynyň öňüsyrasynda Balkan, Soňudag sebitlerinde ýaşapdyr. Onuň oglanlyk döwri çarwa durmuşynda geçipdir. Goýun yzynda gezen ýetginjek dutar öwrenip, öz döreden goşgularyna dürli aýdymlary ýerine ýetiripdir. Şeýlelikde, ol Oglan bagşy, Oglan şahyr diýip tanalyp ugrapdyr. Kämillik ýaşyna ýetende, ýüz-gözüne laýyklykda, oňa Garajaoglan ady dakylypdyr.
    Garajaoglan Türkiýede söz ussady, owazy şirin bagşy hökmünde özüni ykrar etdiripdir. Muňa ol ýerlerde «Aýdym aýt!» diýmegiň ýerine, «Garajaoglan aýt!» diýip, onuň adynyň aýdym sözi bilen çalşyrylyp ulanylandygy hem şaýatlyk edýär. Şahyr barada Türkiýede «Garajaoglan bilen Meňli gyz», «Garajaoglan bilen ýaýla gözeli», «Garajaoglan bilen Garagyz», «Garajaoglan bilen Elip gelin» atly birnäçe dessanlar döredilipdir. Taryhy maglumatlar goly sazly şahyryň Kawkaz, Balkan ýurtlaryny, Azerbaýjany, Siriýany, Müsüri, Rumystany, tutuş Anadolyny aýlanandygyndan habar berýär.
    Ata Watana, ene topraga, il-güne dahylly çyn ýürekden çykýan mähirli hem gyzgyn söýgi Garajaoglanyň poeziýasynyň özeni bolup durýar. Baryp dört ýüz ýyla golaý mundan öň şahyr oguz nesliniň bir jan, bir ten bolup ýaşamagyny, bir supranyň başynda jem bolmagyny arzuw edipdir:

    Kadyr Möwlam, bir dilegim bar senden,
    Ardyr biziň şöhratymyz, şanymyz,
    Altmyş gardaş bolsak mährem eneden,
    Bir supraga el uzatsak barymyz.

    Goşgynyň dowamynda şahyr oguz iliniň bir döwlete jem bolmagyny, oňa-da öz içinden biriniň baştutanlyk etmegini isläp:

    On bäşimiz awlagyny awlasa,
    On bäşimiz baştutanlyk eýlese,
    Otuzymyz misli aga söýlese,
    Içimizde serdar bolsa birimiz —

    diýipdir. Şahyr üçin ata Watandan eziz hem mährem hiç zat ýok. Ol hemişe dogduk mekanyň ruhy güýji bilen dem alýar:
    
    Gözüm ýaşy ýer ýüzüne saçyldy,
    Bahar boldy, ýaýla ýoly açyldy,
    Ýel ösdi-de, garyň bendi seçildi,
    Ýol oldy, gideli biziň illere — 

    diýýän şahyr okyjyny halys ýürekden öz iline — türkmen topragyna çagyrýar. Çünki Watan — onuň gözüniň göreji, diliniň senasy. Watan — iň uly mukaddeslik. Şahyr hemişe öz ilini — dogduk mekanyny küýseýär, onuň zaryny çekýär. Ol hemişe öz iline tarap ak ýollara rowana bolmagyň arzuwynda ýaşaýar we arzuwyny şeýle goşgy setirleriniň üsti bilen şeýle beýan edýär: 

    Kysmat olar, men bu ilden gidersem,
    Uja daglar ýol görüner gözüme.
    Dostum çykmyş öýlerinden bäriýe,
    Top zülpler tel görüner gözüme.

    Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi, gülleriň reňbe-reň açylyşy, ýagyş-ýagmyra çeşme-çaýlaryň böreň-böreň bolup doluşy, älemiň begres donuny egne atyşy beýik söz ussadynyň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Olary:

    Ýaz geler-de, höweslener, bitersiň,
    Güýz gelende, başyň alar gidersiň,
    Ýarym, neçün boýnuň egri tutarsyň,
    Seniň derdiň menden beter, melewşe —

    diýen ençe goşgy setirlerinde görmek bolýar. 
    Şahyryň yşky-liriki häsiýetdäki «Jandan zyýada», «Gülüm bar diýe», «Senden zyýada», «Gyrmyzy», «Hoşlaşyk», «Säher ýeli», «Aglama», «Pelek» ýaly şygyrlary hem päk söýginiň waspy bolup ýaňlanýar.

    Bilbil howalanmyş, ýüksekden uçar,
    Has bakja içinde gülüm bar diýe.
    Seni söýen ýigit serinden geçer,
    Gözeller içinde ýarym bar diýe.

    Şu goşgy setirlerinden hem görnüşi ýaly, Garajaoglanyň poeziýasy halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy, olar bilen utgaşyp gidýänligi bilen tapawutlanýar. Şirin dilli şahyryň:

    Maňa gara diýen gelin,
    Saçlaryň gara dälmidir?
    Özüni söýdüren gelin,
    Gaşlaryň gara dälmidir? — 

    diýip başlanýan «Gara dälmidir?» atly şygry türkmen aýdym-saz äleminde orun alan aýdymlardandyr. Bu aýdymlar türkmenistanly bagşylar bilen birlikde häzirki döwürde Anadolydaky türkmenleriň arasynda-da oňat bilinýär.
    Şeýle şygyrlaryň hatarynda şahyryň «Gyrmyzy», «Gül ynjamasyn», «Diýsem öldürerler,  diýmesem ölem» ýaly goşgularyny-da görkezmek bolar.
    Garajaoglanyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna goşan goşandy örän uludyr. Şahyryň edebi mirasy dürli ýyllarda türkmen alymlary Baýmuhammet Garryýew, Abdyrahman Mülkamanow, Kakajan Ataýew, Ahmet Bekmyradow, Gurbandurdy Geldiýew ýaly edebiýatçy alymlar tarapyndan öwrenildi we özbaşdak ýygyndy görnüşinde okyjylara ýetirildi. Häzirki döwürde Garajaoglanyň edebi mirasy ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerinde ýörite öwrenilýär.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garajaoglanyň edebi äleminde täze sahypalary açdy. 2010-njy ýylda şahyryň täze goşgular ýygyndysy okyjylara gowuşdy. Bu ajaýyp diwan okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.
    Beýik söz ussady Garajaoglanyň şygyrlary mukaddes Watana, il-güne söýginiň ajaýyp nusgasydyr. Goý, şeýle şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny dünýä ýaýýan eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!