BEÝIK DÖWRÜŇ BUÝSANJY

    Geçen taryhy döwrüň içinde Aşgabat görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Onuň gysga döwürde gazanan şan-şöhratynyň, ösüşleriniň gözbaşynda Garaşsyzlyk durandyr. Ähli üstünliklerimiziň, tutuş ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň sakasynda hem şu mukaddeslik dur. Eýsem-de bolsa, belentliginiň derejesine, gymmatyna düşünilende we ýüregiň emrine, beýik söýgä ýugrulyp, goralyp, ösdürilip bilnende, diňe şonda milletiň öz mukaddesligi bilen bitewüligi baradaky hakykat haýran galdyryjy hadysa bolup, dünýä dolýar. Muňa ýetmek üçin milletiň dogry ýoly nazarlaýan güýjüni toplamak, ugrukdyrmak, tijemek gerek. Munuň özi millet üçin milli Lideriň edil howa ýaly zerurdygyny aňladýar.
    «Biziň ýolumyz gurmak ýoludyr, döretmek ýoludyr!» Hormatly Prezidentimiziň şu sözünden biziň bütin maksadymyz, şu taryhy döwürdäki wezipelerimiz görnüp durandyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen işlenilip düzülen milli maksatnamalarymyzyň ählisi şuňa hyzmat edýär. Bu maksatnamalar biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna degişli. Olar durmuş-ykdysady özgertmelerden, köpugurly hem köp sanly gurluşyklardan başlap, ruhy-medeni, aň-bilim özgertmelerine çenli ähli işi öz içine alýar.
    Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 4-nji martynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda birbada täze, döwrebap şäheri, şäherçeleri — Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini, şol bir wagtyň özünde Lebap welaýatynda täze şäherçeleriň birbada dördüsini gurmak baradaky taryhy Kararlara gol çekipdi. Ýurdumyzyň ilatly ýerlerini düýpli özgertmek, şunuň bilen birlikde täze, döwrebap ilatly ýerleri döretmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň hetdi-hasaby ýok.
    Gahryman Arkadagymyzyň tutumlarynyň uludygy paýtagt şäherimiz baradaky tagallalaryndan hem aýdyň görünýär.
    Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, awtomobil ýollary, seýilgähler, bezeg baglary... Aşgabat dünýäniň iň owadan, iň arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Beýik gurluşyklar mähriban paýtagtymyzyň mundan beýläk hem ösýändigini, bu ugurdaky işleriň üznüksizdigini görkezip dur. Hormatly Prezidentimiz islendik desga gurlanda, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny, seýsmiki durnuklylygyň, ygtybarlylygyň, uzak möhletleýinligiň ölçeglerine kybap gelmegini talap edýär, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesini akylly-başly, düşünjelilik bilen ulanmagyň möhümdigine ünsi çekýär.
    Täze, döwrebap ilatly ýerleri döretmek — täze şäherleri, şäherçeleri, obalary gurmak baradaky tagallalar döwrüň beýikligini görkezýän işleriň hatarynda doly orun aldy. Hakykatda, tutuş ýurt täzeden gurulýar. Türkmen topragynyň her daban ýerinde, deňiz-derýasynda täze döwrüň keşbi lowurdap görünýär. Uç-gyraksyz Garagum sährasynyň jümmüşlerine çenli täze ýaşaýyş barýar. Her bir edilýän uly iş beýleki uly işlere ýol açýar. Mysal üçin, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bilen diňe bu kölüň ýerleşýän çäklerinde däl, eýsem, oňa gelýän, her biri ýüzlerçe kilometrlik suw akabalarynyň ýakalarynda hem ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň täze mümkinçilikleri açylýar. Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurulmagyna diňe ýol düzüminiň iň ýokary derejelerde kämilleşdirilmegi hökmünde düşünmek ýeterlik däldir. Bu ýol ýaşaýyş mümkinçilikleriniň giňemeginiň, ykdysady hem ruhy ýokary göterilişiň ýoludyr. Soňra bu ýol ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy ýoluna biriger, biziň dünýä uzaýan ýollarymyzyň iň möhümleriniň biri bolar.
    Şeýle işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürýän milli Liderimiziň halkymyzy gözel durmuşyň gujagynda ýaşatmak, eziz Türkmenistanymyzy dünýäniň jenneti ýurduna öwürmek baradaky yhlasyndan, kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden, döwletimiziň egsilmez güýç-kuwwatyndan habar berýär.
    Ahal welaýat merkezi hem lowurdap duran täze şäher bolar. Ine, bu-da taryhy waka! Bu beýik gurluşyk Gökdepe etrabynyň çäginde amala aşyrylýar. Täze şäheriň gurulmagy biziň umumy ösüşlerimiziň aýrylmaz bölegidir, şoňa görä, ol diňe welaýatyň ilaty üçin däl, bütin türkmenistanlylar üçin hem örän uly waka. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, täze şäher ak mermerli paýtagtymyz ýaly owadan, haýran galdyryjy şäher bolar. Bu ýerde raýatlaryň döwrüň mahmal şemalyndan dem alyp, örän rahat ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler.
    Gurmak, döretmek — bu bir gudrat! Gudrat görkezmek Allatagalanyň işi diýýärler. Eýsem-de bolsa, Allatagala döretmek mümkinçiligini ynsanlara-da beripdir, aýratyn gowy görenlerine bolsa gudrat döretmek güýjüni eçilipdir. Bu inkär edip bolmajak hakykaty biz Gahryman 
    Arkadagymyzyň işlerinde görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň özem bu gün gudratlary döretmäge gatnaşýar diýsek ýalňyş bolmaz. Şeýlelikde, bütin geçmişdäki beýikligi bilen goýnunda gudratlary saklap gelýän ýurdumyz täze zamanada täze gudratlary bilen beýgelýär. Türkmenistan bu gün biri-birinden täsin, dünýäni aňk ediji gudratlaryň döreýän ýurduna öwrüldi. Häli-şindi buýsanç bilen aýdyşymyz ýaly, biz taryhy ösüşler döwründe ýaşaýarys. 
    Bu günki türkmen paýtagtyny hemmeler wasp edýärler. Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi! Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüzüniň tuwagy! Aşgabat — türkmen halkynyň guwanjy! Aşgabat — türkmen halkynyň mertebesi hem ary-namysy! Aşgabat — Aziýanyň merjen şäheri!..
    Dünýäde türkmen halkynyň durmuşy hakynda gürrüň edilende, ozaly bilen, onuň paýtagtynyň durmuşy hakynda aýdýarlar. Şuňa görä, paýtagtymyz barada aýdylýan ýagşy sözler tutuş ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň ykrarnamasy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň, onuň paýtagty Aşgabadyň gülläp ösüşleri tutuş sebitiň, bütin Aziýanyň durmuşynda, şonuň bilen birlikde dünýäniň durmuşynda täzelenişiň bolup geçýändigini, taryhy zamananyň öz ornuny eýeländigini aňladýar.
    Aşgabadyň gözelliginden, abadanlygyndan, ýaşaýjylarynyň rahatlygyndan, eşretli durmuşyndan bütin ýurduň ýagdaýyny bilmek mümkin. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Berkarar Watanymyzyň paýtagty köp babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, at-abraýyny görkezýär». Hormatly Prezidentimiz ýene şeýle diýýär: «Ak mermere beslenen Aşgabat şäheri döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini, jemgyýetimiziň medeni derejesini we ruhy durmuşyny, aň-bilim kuwwatyny görkezýär».
    Hakykatdan-da, paýtagt şäherimiziň bu günki galkynyşy ähli ösüşlerimize gözbaşdyr. Aşgabat — halkymyzyň bagtly durmuşy üçin örän möhüm Kararlaryň, Permanlaryň, Kanunlaryň ýazylýan we kabul edilýän ýeri. Aşgabat öz halkymyz, öz ýurdumyz üçin paýtagt bolmak bilen, dünýä üçinem möhüm merkeze öwrüldi: parahatçylyk merkezi, bitaraplyk merkezi, syýasy merkez, işewürlik merkezi, medeni merkez, syýahatçylyk merkezi, sport çäreleriniň merkezi, olimpiýa hereketleriniň merkezi. Aşgabat — gülläp ösüşleriň, tämizligiň hem gözelligiň, rahatlygyň hem erkinligiň şäheri.
    Her täze gün Aşgabadyň görküne görk goşýar. Onuň gujagyndaky ajaýyp desgalaryň birtopary özboluşly binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp boldy, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri diýlip ykrar edildi.
    Paýtagtymyzy gurmagyň döwrebap taslamalarynyň her birine hormatly Prezidentimiziň zehini siňýär. Döwlet Baştutanymyz beýik gurluşyklaryň taslamalaryna garaýar, olaryň düýbüni tutmaga gatnaşýar. Gurluşyklardaky işler bilen öz ýerinde tanyşýar. Olary dikuçardan synlaýar. Dürli maksatly täze binalary açyp, olary ulanmak üçin ak pata berýär. Öz çykyşlarynda, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine gaýta-gaýta dolanyp gelýär we bu ugurda iňňän möhüm başlangyçlary öňe sürýär, işleriň birjik-de bökdelmezligi, hiliniň ýokary bolmagy babatda talap bildirýär.
    Aşgabady ösdürmäge örän çynlakaý, düýpli, hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini alnyp barylýan işler bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasy hut şu maksada gönükdirilen. Adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ähli babatda häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelmegine, paýtagtymyzyň lowurdap duran, dünýä ýalkym saçýan, iňňän owadan şähere öwrülmegine hyzmat edýän bu Konsepsiýa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip düzüldi. Şonuň bilen hem paýtagtymyzy ösdürmegiň, onuň çäklerini abadanlaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenendir. Bu işiň mundan beýläk-de abraý bilen amala aşyrylmagy mukaddes wezipedir.
    Paýtagtymyzy, ähli şäherlerimizi we obalarymyzy — bütin ýurdumyzy, durmuşymyzy ýokary derejede ösdürýän, bagtyýarlygy hem eşretli durmuşy döredýän, döwletimiziň abraýyny belende göterýän parasatly Arkadagymyza şan-şöhrat bolsun!