Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Oraza baýramyny bellemek hakynda
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
    1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2020-nji ýylyň 24-nji maýynda bellemeli.
    2. 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç gününi 25-nji maýa — duşenbe gününe geçirmeli.
    3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                                Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 22-nji maýy.