Ýurda aýlanan ýaly

    Erkin fotosuratçy Muhammet Amanmämmedowyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda guralan sergisine tomaşa edeniňde, ýurdumyza aýlanyp çykan ýaly bolýarsyň. Tutuşlygyna ýurdumyzyň durmuşydyr dört pasyldaky tebigatyny teswirleýän 500 sany fotosuraty mazmun jähetden Garagum sährasyndaky durmuşdyr tebigatdan, daglardan, jülgelerdir derýa boýlaryndan peýzaž portretler, daşary ýurtlara syýahat wagtynda düşürilen görnüşler boýunça dört bölege bölüp boljak. 
    Ak bugdaý etrabynyň Merkezi Garagumdaky Büküri obasyndan 94 ýaşly Täçbibi enäniň, «Damlaly ýaşuly» diýen işde öýüň töründe, gözenege golaý oturan ýaşulynyň, Bäherden etrabynyň Daýna obasyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründen, döwlet Baştutanymyzyň adam hakdaky aladasyndan, şu günki bagtyýar durmuşdan, ömründen hoşal gojanyň portretini durup-durup synlanýan täsirli işlerden hasaplasyň gelýär. 
    M.Amanmämmedowyň şu sergisi 7-nji sergisidir. Onuň daşary ýurtly tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan sergileri-de boldy. Häzirki sergide fotoapparatlaryň 1914-nji ýyldaky we ondan soňky görnüşleriniň bolmagy gyzyklydyr. Telemonitorda janly tebigatyň — Sumbar derýasynyň sesli akyp ýatyşynyň, aňňat-aňňat gum depelerinde ýeliň şuwwuldysynyň 2-2,5 minutlyk wideorolik görnüşinde berilmegi onuň tapawutly tarapydyr.