Lukmançylykda özgeriş

    Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, lukmanlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistanda Bitaraplyk ýyllarynda stomatologiýada ýetilen sepgitler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 
    Maslahatda lukmançylygynyň stomatologiýa ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeler, bu ugurda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, bitirilýän beýik işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Stomatologiýa keselleriniň häzirki zaman anyklaýyş, bejeriş, öňüni alyş usullary, innowasion tehnologiýalaryň orny barada täsirli çykyşlar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň taryhy ähmiýeti hakyndaky gyzykly çykyşlar hemmelerde uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmek hem-de ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda möhüm işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň beýany bolan ajaýyp sergi hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy.