Watanperwerligiň mizemez çelgisi

    Adam hemişe kämilleşmek, öňe gitmek üçin ýol görkezip duran nähilidir bir ýagtylygyň — çelginiň gözleginde. Ynsanyň bu gözleginde onuň gowulyga, belentlige, kämillige ymtylyşy bar. Başlan ýoluny doly geçmek, tutumyny berkden tutmak, öňde goýan maksadyna ýetmek ýaly hoş meýilleri bar. Çelgi adamy iň belent basgançaga, aňryçäk sepgide, üstünlige ýetirýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde bilim alýan harby okuwçylar üçin kämillige gol beren, dünýä ýaly ýüregi, umman kybap paýhasy bilen öz topragynyň hakyky watançysyna öwrülen Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömri watanperwerligiň mizemez çelgisi bolup durýar. 13-nji maýda hormatly Prezidentimiziň bu harby mekdebe gelip, mähriban atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmagy, ynha, şeýle duýgular bilen hakydamyza ebedilik möhürlendi.
    Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bütin ýurtda uludan baýram edilmeginiň yzysüre halkymyzyň durmuşynda aýratyn waka hökmünde orun alan 13-nji maý Watan goragçylary üçin has-da üýtgeşik boldy. Birneme pelsepe çaýyp, ol güni geçmişiň, şu günüň hem-de geljegiň bir nokatda birleşen güni diýip hem atlandyrmak bolar: geçmişde Watan üçin döş gerip, onuň şöhratly perzendine öwrülen Berdimuhamet 
    Annaýew, bu günki gün Watan mukaddesligini her bir sözünde, her bir tutumynda dabaralandyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz hem-de watanperwer pederlerimiziň dowamaty bolan harby okuwçylar. Bu aýrylmaz baglanyşyk atalarymyzyň miras goýan watançylyk mekdebiniň häzirki bagtyýar günlerde hem gyşarnyksyz dowam etdirilýändiginden habar berýär. Şol gün Gahryman Arkadagymyz harby mekdepde atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül dessesini goýdy, onuň harby gulluk resminamalaryny mekdebe gowşurdy. Harby okuwçylar bilen duşuşyp, olara öwüt-ündewlerini we atalyk pendini berdi. 
    Milli Liderimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Ata-babalarymyz perzendine pent edeninde, Jygalybeg bolup sözläpdirler, Magtymgulynyň şygyrlary bilen olara merdanalygy wesýet edipdirler. Şeýdip, il-halkynyň agysyna aglan, begenjine begenen Görogly ýaly ärleri ýetişdiripdirler» diýen jümleler bar. Gahryman 
    Arkadagymyzyň ýaş watançylara beren öwüt-nesihatlarynda, atalyk pentlerinde hem Jygalybegiň paýhasy, Magtymguly atamyzyň parasady bar. Bu öwüt-nesihatlar ýaşlara durmuşda kämilleşmek üçin ýol-ýörelgä öwrüler. Olaryň Görogly kimin il-halka wepaly, ýokary ahlakly, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam eder. «Ýaşlykdan ykbalyny Watan goragyna baglan her bir ýaş watançy üçin heniz harby mekdepde okaýan döwri hormatly Belent Serkerdebaşymyz bilen didarlaşmak — juda uly bagt. Şol gün Gahryman 
    Arkadagymyzyň öz mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny mekdebimize gowşurmagy, ýaş watançylar bilen söhbetdeş bolup, gymmatly öwüt-nesihatlary bermegi, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginden ýadygärlik hökmünde gowşurylan, köp taryhy hem-de söweşjeň wakalaryň şaýady hökmünde häzirki nesiller üçin mukaddes gymmatlyga öwrülen uruş ýyllarynyň söweşjeň sapançasyny biz — harby okuwçylara görkezmegi aýratyn täsirli boldy. Biz öz bilim ojagymyzyň belent watansöýüjiligi, edermenligi, gahrymançylygy bilen halkyň hakydasynda baky orun alan Berdimuhamet  Annaýewiň adyny göterýändigine diýseň buýsanýarys. Bu biziň yhlasly okap, bilim hem-de beden taýdan kemsiz taplanyp, il-güne gerekli, Watanyň goragynda gala bolup durjak serkerdeler bolup ýetişmäge bolan höwesimizi artdyrýar, badymyza bat goşýar» diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 
    Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Kerimberdi Amangulyýew ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşýar.
    Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermekde, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny olaryň gursagyna guýmakda merdana pederlerimiziň göreldesi uly ähmiýete eýe. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine beýik Seljuk türkmenleriniň şöhratly soltany Alp Arslanyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 3-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine bolsa beýik Seljuk türkmenleriniň adyl soltany Soltan Sanjaryň atlarynyň dakylmagynda hem biz ýaşlary mert pederleriň watansöýüjilik, kasama wepalylyk ruhunda terbiýelemek ýaly belent maksatlary görýäris. Biziň illerde taryhda edermenligi we merdanalygy bilen halkymyzy şöhratlandyryp, nesillere nusgalyk görelde görkezen gerçekleriň atlary, söweşjeň däpleri, watançylygy we mertligi, ynha, şeýdip ebedileşdirilýär. 
    Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalarynyň onuň adyny göterýän harby mekdebe gowşurylmagy hem ykballaryny Watan goragyna baglan ýaşajyk harby okuwçylary mähriban halkymyzyň iň asylly däplerinde terbiýelemäge ýardam edýär...
    Şol gün hormatly Prezidentimiz harby okuwçylaryň geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändikleri bilen hem gyzyklandy. Ýaş watançylar ýüreklerinde besleýän arzuwlaryny uly höwes bilen dile getirdiler. Harby mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Serdar Agaýew: «Gahryman Arkadagymyz harby gullukçylara örän jogapkärli wezipäniň — Watan goragynyň ynanylýandygyny, şoňa görä-de, harby okuwçylaryň hemişe harby borçlaryny ak ýürek bilen berjaý etmelidiklerini, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelidiklerini nygtaýar. Şoňa görä-de, biz — ýaş watançylar saýlap alan hünärimizden birkemsiz baş çykarýan hem-de milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyna goşant goşjak serkerdeler bolup ýetişmegi öz öňümizde maksat edip goýýarys» diýip, geljekki isleg-arzuwlaryny beýan edýär.
    Hawa, Watan goragçylarynyň täze neslini taýýarlamakda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine aýratyn orun degişli. Mekdepde olaryň döwrebap bilim, harby tälim we terbiýe almagy üçin zerur şertleriň ählisi bar. Bu ýerde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, elektron mümkinçilikli kitaphana, şeýle hem harby okuwçylaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny gazanmak maksady bilen, «Innowasion tehnologiýalar we bilim merkezi» hem hereket edýär. Harby okuwçylar bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar hem-de ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda yzygiderli üstünlik gazanýarlar. 9-njy maýda Beýik Ýeňşiň şanly 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary hem gazaply urşa gatnaşan esgerleriň harby lybasynda buýsanç bilen geçdiler. Ýörişiň iň tolgundyryjy pursadyna öwrülen «Baky polk» hereketinde Berdimuhamet Annaýewiň merdana keşbini görkezýän suratyny harby mekdebiň okuwçysy göterip geçdi. Bu pursat mertlik mekdebiniň dabaralanmasyna öwrüldi.
    Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine gowşurmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Köp sanly çykyşlara hem-de estrada aýdymlaryna baý bolan maslahatda Berdimuhamet Annaýewiň ýagşy göreldesini dabaralandyrýandygy üçin, Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözler aýdyldy. Çäräniň ahyrynda bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna dabara gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi. Watanperwerligiň mizemez çelgisi şeýdip sarpalandy.