Mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine

    25-nji maýda ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şygar astynda «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 15-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde bu dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmalydygyny nygtady. Şoňa görä, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köp sanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda bu dabaralar mynasybetli medeni çäreler guralar.
    Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiadalaryň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine milli Liderimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Munuň özi mekdep uçurymlarynyň durmuş mekdebine ak patasy, durmuş ýolundaky «ilkinji jaňy» bolar.