Siz «TALYP JOŞGUNY – 2020»-ä taýýarmy?

    «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Talyp joşguny – 2020» döredijilik festiwalyny yglan edýär. Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2020-nji ýylyň 1 – 5-nji iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek festiwalda çykyş ederler. Ýokary ussatlyk görkezen talyplar toparyna gymmat bahaly sowgatlar garaşýar.