Saglygy goramakda nusgalyk görelde

    “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biläýjek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyza täze ýiti ýokanç keseliň, häzir dünýä ýüzünde giňden ýaýran koronawirus ýokanjynyň aralaşmagyna garşy durmak üçin mäkäm esas goýuldy. Ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady. Türkmenistan BMG, BSGG we beýleki halkara guramalar bilen geçiren duşuşyklarynyň netijesinde ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. BSGG we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibi we usullary kesgitlenen meýilnamada birnäçe ugurlarda degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.