Süýjülik sowgatlary gowşuryldy

    Düýn paýtagtymyzdaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde hormatly Prezidentimiziň köşkde terbiýelenýän çagalara mukaddes Oraza aýy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli iberen süýjülik sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 
    Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary, Demokratik partiýanyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň okamaklary, öwrenmekleri, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary, şonuň bilen birlikde-de olaryň dynç almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda bellenilip geçildi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakynda edýän yzygiderli atalyk aladalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sagbolsun aýtdylar. 
    Soňra dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Döwletliler köşgüniň aýdym-saz toparynyň ýaşajyk aýdymçydyr sazandalarynyň, «Joşgun» tans toparynyň tansçylarynyň, «Gündogar kakuwlary» deprekçiler toparynyň ýaş deprekçileriniň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň täsirini artdyrdy. Biz dabaranyň dowamynda Döwletliler köşgüniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Azat Halykow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: «Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen berkarar döwletimizde nesil dowamaty bolan çagalar gyzgyn söýgi bilen gurşalýar. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüp, kemala gelmegi jemgyýetiň şu günki we geljekki rowaçlyklarynyň özenidir. 
    Häzirki wagtda Döwletliler köşgünde 273 çaga terbiýelenilýär. Olaryň okamaklary, dynç almaklary, sport, şeýle hem döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň ýygy-ýygydan köşgümizdäki çagalara özüniň sowgatlaryny iberip durmagy bu ýerdäki körpeleriň şatlygyny artdyrýar.
    Dünýä içre parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar baradaky aladasy diňe bir çagalary däl, eýsem, biz — mugallymlary hem buýsandyrýar. Mukaddes Oraza baýramy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli iberen süýjülik sowgatlary hem biziň şatlygymyzy goşalandyrdy»  diýip, gürrüň berdi. 
    Mugallymyň beren gürrüňlerinden soňra, biz bu ýerdäki çagalar üçin döredilen mümkinçilikler, olaryň gurnaklarda taýýarlan el işleri bilen tanyşdyk. Döwletliler köşgünde zehinli çagalar kän. Olaryň zehinleriniň ýüze çykmagynda, ilkinji nobatda, bu ýerde zähmet çekýän mugallymlardyr terbiýeçileriň uly zähmetiniň bardygyny bellemek gerek. 
    — Gahryman Arkadagymyz biz üçin atalyk aladasyny edýär, bizi öz mähri bilen gurşaýar. Geçen ýyl bize öz welosipedlerini hem sowgat berdi. Bu gün bolsa bize mukaddes Oraza baýramy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli süýjülik sowgadyny iberipdir. 
    Men köşgümizdäki döredijilik gurnagyna gatnaýaryn. Bu ýerde geçirilýän dabaralarda alypbaryjy bolýaryn. Halypa mugallymlardan dürli el hünärlerini öwrenýärin. Ýakynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «El hünäri il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmagy başardym. 
    Bize — çagalara iberen süýjülik sowgatlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, biz hakynda bimöçber aladalary edýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, Döwletliler köşgüniň 11-nji synp okuwçysy Söhbet Ýusupow buýsanjyny biz bilen paýlaşdy. 
    Mukaddes Oraza baýramy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara iberen süýjülik sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzyň beýik geljegini ýaş nesiller bilen berk baglanyşdyrýan döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.