BITARAP WATANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ŞANYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

    18-nji maýdaTürkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr...
    Mundan ýigrimi sekiz ýyl öň Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy diýip belleýär.
    Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň hem-de ýurdumyzyň folklor tans toparlarynyň we teatr artistleriniň ýerine ýetiren «Arkadagyň ak ýolunda, baky parla, ýaşyl Tugum!» atly edebi aýdym-sazly çykyşlar bilen açyldy. Onda halkymyzyň esasy milli nyşanlarynyň biri bolan we türkmen halkyny beýik ýeňişlere ruhlandyrýan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy ýetirildi. Döredijiligiň, aýdym-sazyň sazlaşygyndan dörän sungat eseri bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
    Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýanynda belentde parlaýar.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kompozisiýany «Laçyn» folklor toparynyň agzalary ýerine ýetirdiler. Onda ajaýyp sazyň we joşgunly tansyň üsti bilen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler wasp edildi. Ýurdumyzyň Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Meňli», «Aşgabat», «Näzli» tans toparlarynyň çykyşlary belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Täsirli çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
    Aýdym-sazly çykyşlaryň milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýäde özygtyýarly Bitarap döwlet hökmündäki abraýynyň belende galmagyny şertlendiren beýik işler baradaky wideoşekiller bilen utgaşmagy konsertiň täsirli pursatlara baý bolmagyny üpjün etdi. Onda halkymyzyň ruhy ýörelgeleri, beýik demokratik gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.
    «Serpaý» hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy «küştdepdi» tansy konsertiň şowhunyny artdyrdy.
    Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Goý, baky parlasyn, Watan Baýdagy!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlemesine öwrüldi. Bu aýdym Diýarymyzyň ýaşyl Baýdagyna bagyşlanan sena bolup, kalplarynda mähriban Watanymyza, ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallyk duýgularyny kalplarynda besleýän tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy.
    Ýygnananlar türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň beýanyna öwrülen jemleýji çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.