Saglyk hakyndaky pähimlerden

    Saglyk altyndan-da gymmat. 
                                            Wilýam Şekspir. 
    Ýöremek, hereket etmek beýniňi we pikiriňi oýarýar. 
                                            Žan Žak Russo. 
    Bedenterbiýe adamda ruhubelentlik we sagdynlyk medeniýetini kemala getirýär. 
                                            A.W. Lunaçarskiý. 
    Saglygyň özi lezzet çeşmesidir, iň bolmanda oduň ýylylyk berşi ýaly, saglygyň hem lezzet berjegi ikuçsuzdyr. 
                                            Tomas Mor. 
    Saglyk hemişe ýanyňdaky hazynaňdyr. 
                                            Hytaý nakyly. 
    Saglyk bar ýerinde gözellik hem bardyr. 
                                            Rus nakyly. 
    Hajjaç tebipden: 
    — Sagdyn ýaşamak üçi n näme et meli? — diýip soranda, ol: 
    — Et iýseň, ýaş malyň etini iý. Ertirlik naharyny köp iý. Agşamlyk naharyny az iý, az iýseňem yzyndan gezim et. Näme iýseň hem gowy çeýnäp iý. Gök, miwe saýlap-seçip iý — diýýär. 
    Bir dana: «Bedeniňi we dişiňi gora. Sowukdan yssa, yssydan sowuga birden geçme. Sowuk bilen yssynyň çalyşmagy adam üçin zyýanlydyr” diýipdir. 
                                        * * * 
    Hindi tebibi: «Adama sanjym etmek agaja suw beren ýalydyr. Sanjym edilen adam suw berlen agajyň ýapraklap, gülläp ösüşi ýaly, keselden saplanyp, ýüzi nurlanyp ugraýar” diýipdir. 
    Garrylykdan başga ähli derdiň dermany bardyr.