Togsan gat donly, ýokumly hem şypaly

    Dynç günleriniň birinde oba — mamamlara gitmäge hyýallanyp, ýol şaýyny tutduk. Daň agarmanka hem ýola düşdük. Aýna ýaly owadan, giň köçelerden suw ýaly akýan awtoulag bilen nädip oba ýetenimizi hem duýmadyk. Öň baryp gaýdanymyza kän wagt geçmedigem bolsa, obanyň täze keşbi şäheri ýatladýardy. Häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň obalarynyň ählisi diýen ýaly şäher bilen bäsleşýärler. Şäher keşpli oba! Söz jümlesinde ýaňlanyşynyň üýtgeşikligi ýaly, özi hem täzelenişi, özgerişi, lälezarlyga öwrülişi bilen synçy nazarlarymyzy özünde örkledi. 
    Oba durmuşyny diýsene! Ol geň-enaýy täsinliklerden doly. Oba adamlarynyň öz howlusynda eken miweli baglarynyň saýa salyp oturyşy, çagalaryň gizlenpeçek, aşyk oýunlaryny oýnaýyşlary meni biygtyýar çagalyk ýyllaryma dolady oturyberdi. Çagakak, Aý-aýdyň gijelerde patrak ýaly ýyldyzlara seredip, olaryň arasyndan Akmaýanyň ýoluny, Ýedigeni gözläp tapyşymyz, her gün öň eşidilmedik matal, tapmaça öwrenip, birek-birege aýdyşymyz, soňam olaryň jogaplaryny biljek bolup çytraşyşymyz birme-bir göz öňümde janlandy. 
    Säher bilen mamamlara baryp, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, öýe girmegi mürähet etdiler. Öýe girenimizde ýaňja saglyp, bişirilen sygyr süýdüniň ýakymly ysy burnumyza ornady. Keýik daýzam ertirlik çaýynyň gapdaly bilen süýtli tüwi, gaýmak, injir mürepbesi ýaly tagamlar bilen saçagy bezäpdir. Ertirlik edinenimizden soň, babam «Men-ä ekinlerime göz aýlamaga gitjek. Sizem mellegi göreýin diýseňiz ýörüň!» diýip, turarman boldy. Menem mellege tarap ýönelen babamyň yzyny gülledim. Ýeralmadyr badamjan, kelemdir kädi, pomidor, burç ekilen mellek gül-pürçüge beslenip otyrdy. Atyzyň daşyna bolsa mekgejöwen ekilgidi. Joýalara ekilen, setir-setir düzülen pökgülere meňzeş kelemler meniň ünsümi aýratyn özüne çekdi. Men ekiniň käbir ýerinde dürterişip çykan otlary otap ýören babama ýüzlenip: «Baba, diňle! 
    «Togsan gat dony bar, 
    Togalak gelen boýy bar» diýip, heniz gulpaklyja gyzjagaz wagtym öwrenen matallarymdan kelem hakda aýdylanyny ýatladym. «Hä-ä, sen keleme aýdýansyň, balam. Şüý-ä tüýs jüpüne düşen matal. Dogrudanam, togsan gatlap donuny dolanyp oturana çalymdaş bu kelem» diýip, babam hem matalyň jogabyny ilik-düwme beýan etdi. 
    Atyzlardaky kelem açylyp duran owadan güli ýadyňa salýardy. Meniň kelem hakynda gyzyklanýandygymy aňan babam gürrüňini dowam etdi: 
    — Gözüňe söweýin bereketli topragymyzda bitýän, melhemlik häsiýete eýe, ynsan saglygyna peýdaly ösümlikleri barmak büküp sanardan köp. Olaryň içinde kelem has-da ýokumlysydyr. Kelemiň ýapragynda adam bedeni üçin zerur bolan dürli witaminler, mineral duzlar we şekerler saklanýar. Atanak güllüler maşgalasyna degişli bolan kelemiň gülkelem, brýussel kelemi, deňiz kelemi, ak we gyzyl reňkli kelem ýaly görnüşleri bar. 
    Kelem halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanylýar. Ol üsgülewükde, ukusyzlykda, içgatamada ulanylýar. Kelem bogunlara duz ýygnananda, içki agzalaryň sowuklamasynda hem örän peýdaly. 
    Babam tejribeli daýhan hökmünde kelemiň ekilişi barada hem kelam agyz söz aýtdy: 
    — Güneşli Diýarymyzda, esasan hem, ak kelleli kelemiň ir, aralyk we giç ýetişýän sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Irki kelem fewral aýynyň aýaklaryna ekilip, onuň ösüş döwri 100-120 gün dowam edýär. Hasyl beriş döwründe 2 kilograma çenli agramly kelem kellesini emele getirýär. Kelemiň ýokumly maddalara talaby onuň ösüşiniň ähli döwründe dowam edensoň, ol mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. 
    Soňra babam melleginden alan 2 sany kelemiň birini maňa uzadyp durşuna: 
    — Hany al, gyzym, kelem hakdaky täsirli gürrüňlerden soň, günortanlyk naharynda dolama iýmesek bolmaz diýdi. 
    Kelemleri aşhana getirip, Keýik daýzama kelemli dolama taýýarlamaga kömekleşdim. 
    Ilki bilen, kelemiň ýapraklaryny ýuwduk. Soňra olary gaýnan suwda 15-20 minut çemesi goýduk. Kelem ýapraklary ýumşaýança, onuň içine salynjak üwelen etli dürüşdäni taýýarlamaga girişdik. Munuň üçin şibitdir arpabadyýany, sogany arassalap, ownuk dograp, bir gaba saldyk. Olaryň üstüne gowy ýuwlan tüwini, üwelen eti atyp, duz we burç sepeläp, mazaly garyşdyrdyk. Dürüşde taýýar bolýança, gaýnan suwda goýlan kelem ýapraklary hem gowy ýumşady. Ýumşan kelem ýapraklaryny suwdan çykaryp, onuň baldajyklaryny kesip aýyrdyk. 
    Soňra Keýik daýzam bir kelem ýapragyny alyp, gapagyň üstüne ýazdy. Birki nahar çemçesi dolulygyndaky dürüşdäni üstünde goýup, ýapragyň iki gyrasyny dürüşdäniň üstüne epläp, açylmaz ýaly dolady. Keýik daýzamyň görkezişi ýaly, menem kelem ýapraklaryny ýeke-ýekeden alyp, gapagyň üstünde dürüşdesini salyp, dolap başladym. Ýapraklary dolap gutaranymyzdan soň, olary gazanyň düýbüne düşedik. Dolamalary gazana endiganja ýerleşdirenimizden soň, daýzam olaryň üstüne çykybrak suw guýdy we bir çümmük duz sepdi. Dolamalar açylyp, dargamaz ýaly, üstüne ýasy gaby düňderip, gazanyň gapagyny ýapdy-da, otda gaýnatdy. Gaýnansoň dolamanyň oduny peseltdi. 
    Daýzam kelemli dolamany ataransoň, onuň jazyny taýýarlady. Onuň üçin sajy gyzdyryp, biraz ýag guýdy. Ownuk dogralan käşirdir sogany ýagda gowurmyşlady. Soňra olaryň üstüne owunjak dogralan pomidory hem atyp, gyzarýança gowurdy. Taýýar bolan jazy gaýnap duran dolamaly gazanyň gapagyny açyp, dolamalaryň üstündäki ýasy gaby aýryp, üstüne guýdy. Kelemli dolama bir sagat diýliberende bişdi. 
    Günortanlyk naharynda işdäaçardyr gatyk bilen äberilen kelemli dolamanyň datly tagamy heniz-henizlerem agzymdan gidenok. 
    Adam saglygyny berkitmekde mynasyp orny eýeleýän kelemden dolama naharyndan başga-da, dürli işdäaçarlar, milli tagamlar taýýarlap, bereketli saçaklarymyzy bezemek bolýar. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän kelem özüniň suwlulygy, süýji tagamlylygy bilen has-da tapawutlanýar. Gyz-gelinlerimiz köplenç, kelemden gyşyna naharyň gapdalyndan iýmek üçin dürli görnüşli banka ýapylýan işdäaçarlary hem taýýarlaýarlar. Bakja ekininiň bu görnüşinden taýýarlanýan tagamlar milli däp-dessurlarymyzyň şanyna tutulýan toýlarda hem desterhanlarymyzyň esasy bezegi bolýar.