Berkararlygyň synmaz sütünleri

    Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagynyň çuňňur manysy bar. Çünki Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, türkmen jemgyýetiniň sarpalanýan gymmatlyklarynyň, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň, milli mirasymyzdan gözbaş alýan döwletlilik ýörelgeleriniň jemlenen beýanydyr. 
    Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň konstitusion kepillikleri ajaýyp geljege, ösüşli ýollar bilen öňe gitmäge berk ynam döredýär. 
    Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi konstitusion kadalaryň özeninden eriş-argaç bolup geçýär. Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň, hukuk ulgamynyň we hukuk tertibiniň esasydyr. Şonuň bilen birlikde, ata-Watanymyzyň raýatlarynyň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegine, halal zähmetiniň hözirini görmegine, döredijiliginiň joşmagyna, bagtyýar ýaşaýşa buýsanjynyň artmagyna bolan mümkinçilikler ulgamy Esasy Kanunymyzyň mazmunynda öz beýanyny tapýar.
    Konstitusiýa döwlet gurluşynyň we hukuk ulgamynyň binýadydyr. Döwletliligiň esasy nyşanlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy taryhy nukdaýnazardan, ýurdumyzyň hoşmeýilli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny dünýä ýaýmakda, BMG we beýleki halkara guramalar hem-de dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklarda döwletiň berkararlygyny aňlatmakda netijeliligi we özüne çekiji milli aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Döwlet nyşanlarymyz halkara giňişlikde, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň alamaty saýylýar. Ýaşyl Tugumyz milli guwanjymyz bolup, BMG-niň edara binasynyň, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, wekilhanalarymyzyň öňünde parlamak bilen, buýsanjymyzy pugtalandyrýar, göwünlerimizi galkyndyrýar. Döwlet nyşanlarymyz bolan Konstitusiýa we ýaşyl Tugumyz döwletimiziň gözbaşynyň halkdygyny, iň ýokary gymmatlygyň adamdygyny alamatlandyryp, olarda türkmeniň milli, medeni, ruhy gymmatlyklary jemlenýär. 
    Mälim bolşy ýaly, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlary dünýä ösüşiniň esas goýujy resminamalarynyň biri bolup çykyş edýär we milli ösüş üçin binýatlyk maksatlary kesgitleýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», ýurtda durnukly ösüşi gazanmak üçin hereketleriň ýediýyllyk meýilnamalaýyn wezipelerini kesgitlemek bilen, onda göz öňünde tutulan maksatlar we wezipeler Durnukly ösüşiň 17 maksady bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ýörelgeleri babatda kesgitlenen wezipeleriň netijeli we oňyn çözülýändigini şöhlelendirýär. Onuň şeýledigini adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ählumumy gurşap alşy we deňligi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Meýletin Milli Synynyň maglumatlary doly güwälendirýär. Meýletin Milli Syndaky beýanatlara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda milli meýilnamalary durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen çärelerde netijeli işleriň amala aşyrylýandygy aýdyň şöhlelenýär. Bu işleriň düzüminde adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň hukuk ulgamyna ornaşdyrylmagy boýunça gazanylýan üstünlikler aýratyn bellärliklidir. 
    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan maksady bolup durýar. Ykdysady ösüş türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ähli jähetlerinde öz beýanyny tapýar, ähli çeşmelerden ilatyň girdejileriniň durnukly artmagyna ýardam berilýär. Halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarylygy hem durnukly ösüşiň düzümleriniň biridir» diýlip nygtalýar. 2007-nji ýyldan bäri her bir öý hojalygynyň pul girdejisiniň 2,8 esseden, ykdysadyýetiň pudaklarynda işleýänleriň ortaça aýlyk haklarynyň 2,7 esseden hem gowrak, pensiýalaryň ortaça aýlyk möçberiniň 2,6 esseden gowrak, döwlet kömek pullarynyň möçberiniň bolsa 3,3 essä golaý köpelmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň miweleridir. 
    Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň bilim almaga, saglygy goraýyşdyr şypahana hyzmatlaryndan peýdalanmaga, zähmet çekmäge, hünärini, işiniň görnüşini we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz iş şertlerine, durmuş üpjünçiligine bolan hukuga eýediginiň mysalynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäniň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görmek bolýar. 
    Her bir adamyň öz konstitusion hukuklaryna amal etmegi hem-de borçlaryny berjaý etmegi ýaşaýşa we durmuşa düşünjeli, işjeň garamakdan başlanýar. Konstitusion hukuklara şeýle nukdaýnazardan çemeleşilmegi her bir raýatyň häzirki döwürdäki durmuş-ykdysady ösüşlere, XXI asyrda adamzat durmuşynda bolup geçýän çalt hem çuň sanly-tehnologik özgerişliklere oňyn düşünmegine, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny adam maýasynyň ösüşi üçin ulanmagyna aýdyň ýollary açýar. 
    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Konstitusion kanunyň taslamasynyň halk tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylmagy türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeler bilen öňe barýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şeýlelikde, Esasy Kanunymyzyň kadalarynyň demokratik esasda baýlaşdyrylmagy, döwrebaplaşdyrylmagy hukuklaryň erkinligini, Konstitusiýanyň süňňüni, düýp mazmunyny, ahlak ähmiýetini, durmuş we tejribe netijeliligini kesgitleýär. Şu jähetden, Konstitusiýa girizilmegi meýilleşdirilýän üýtgetmeler we goşmaçalar döwlet bilen şahsyýetiň özara gatnaşyklaryny demokratiýalaşdyrýar, döwlet-raýat gatnaşyklarynyň işjeňligini, meýletinligini, jemgyýetdäki gatnaşyklary kanunlaryň çygrynda düzgünleşdirmegi has-da pugtalandyrýar. 
    Türkmen jemgyýeti asyrlaryň dowamynda kemala gelen özboluşly demokratik we ynsanperwer gorlara eýedir. Türkmen jemgyýetinde demokratiýa, ynsanperwerlik, beýleki adamlara, halklara hormat goýmak, hyzmatdaşlyk, arkalaşyk, deňhukuklylygy ykrar etmek, raýdaşlyk ýaly gymmatlyklar ulgamy ynsan gatnaşyklarynyň iň ähmiýetli, päk, sagdyn ýörelgeleri hasaplanýar. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işine gatyşmazlyk, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. 
    Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, many-mazmuny parahatçylyga, dostluga, ynsanperwerlige, hyzmatdaşlyga we ösüşi dabaralandyrmaga ýugrulan taglymata öwrülen, dünýä ýüzünde has giňden ýaýbaňlanýan türkmen Bitaraplygy ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň binýadydyr. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bu taglymatyň, bitaraplyk baradaky konstitusion kadalaryň ähmiýeti has-da aýdyň ýüze çykýar. 
    Döwletlilik nyşanlary bolan Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy döwlet berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň beýanyny özünde jemläp, raýat jemgyýetiniň kämilligini şöhlelendirýär. Halkyň agzybirligini, milli gymmatlyklar ulgamyny ösdürýär. Türkmen jemgyýetiniň ykdysady, durmuş, medeni özgertmelerini ugrukdyrýar.