SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI — NESILLERI TERBIÝELEMEK WE DOWAMATLYLYK DÄPLERINIŇ ÖSDÜRILMEGI

    Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň juda köpdügine garamazdan, boş wagtlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak bilen watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär.
    Dynç güni irden milli Liderimiz adaty endigine eýerip, agtygy Kerim bilen welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy.
    Welosiped sporty ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar, ol bedeni kämilleşdirmäge, onuň kesellere garşy durmagyny berkitmäge ýardam berýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryna hem-de onuň ekologiýa abadançylygyna ýetirýän täsirine mynasyp baha berip, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.
    Döwlet Baştutanymyz agtygy Kerim bilen ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen «Ýanardag» binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda Ýanardag we behişdi türkmen bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýy, şöhraty barada gürrüň berdi.
    Bu ajaýyp görnüş taryhda yz goýan Ýanardagyň hem-de türkmen bedewleriniň özboluşlylygyna, olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan binagärlik eseridir. Bedewiň öňe tarap okdurylyşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine ynamly gadamyny alamatlandyrýar.
    Milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň esasyny hemişe döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Munuň üçin ýurdumyzda iň gowy şertler döredilýär — degişli düzümler ösdürilýär, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi, wagyz işleri ýaýbaňlandyryldy.
    Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda agtygy Kerimiň okuwlary, onuň okuwdan boş wagtlary meşgullanýan sport we döredijilik işleri bilen gyzyklandy. Kerim atasyna okuwy, özleşdirýän dersleri barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haýsy iş bolsa bolsun, öňi bilen yhlasyň zerurdygyny belledi.
    Esasy zat her bir adamyň öz öňünde goýan maksady bolmaly, şol maksada ýetmek ugrunda bolsa ähli ukyp-başarnygyňy gaýgyrman yhlas etmeli. Diňe şeýdilende, beýik maksatlar amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda agtygyna gymmatly maslahatlary, öwüt-ündewleri berdi. Munuň özi türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň nesiller arkaly dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar.
    Sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanýan, şol bir wagtyň özünde çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Kerimiň hem atasynyň göreldesine eýerip, dürli saz gurallarynda saz çalýandygy hem-de birnäçe saz eserlerini döredendigi hemmelere mälimdir.
    Ýolugra Kerim özüniň türkmen tebigatyna, onuň gaýtalanmajak gözelligine we ynsan ruhuna edýän täsirine bagyşlanan saz eserini döretmegi maksat edinýändigi barada atasyna gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň gowy maksadynyň bardygyny aýdyp, türkmen tebigatynyň asyrlaryň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edendigini, onuň islendik adamy biparh goýmaýandygyny aýratyn belledi.
    Bu ugurda saz eseri döredilende, türkmen topragynyň gözelligi, onuň howalanyp duran daglary, bahar paslynda giňden-giň düşelen hala çalymdaş sähralary, özüniň giňişligi bilen ruhuňy göterýän deňzi, joşgunly derýalary döredijilik üçin ruhlandyryjy güýç bolup, şeýle ajaýyplyklaryň eserde özüniň waspyny tapmalydygyny milli Liderimiz agtygyna ündew etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda toý-baýramlaryň, şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň hormatyna toý sazynyň döredilmeginiň has-da ýerine düşjekdigini belledi. Milli Liderimiz täze dörediljek toý sazynda türkmeniň belent ruhy joşguny, ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri özüniň beýanyny tapmalydyr diýip, bu babatda agtygyna birnäçe parasatly öwüt-ündewleri berdi.
    Bahar paslynyň säher çaglarynda bu künjegiň howa gurşawynda aýratyn ýakymlylyk bar. Dag etekleriniň gök lybasa beslenmegi, dürli bahar gülleriniň ajaýyplygy bu ýerde döredilen tokaý zolaklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, gözüň eglenýän görnüşleri döredýär. Milli Liderimiz bu künjegiň gözelliklerini synlap, tebigatyň ynsan üçin tenekarlygy bilen bir hatarda, onuň adamlaryň ruhunyň belende galmagynda oňyn täsiriniň bardygyny aýtdy. Bu bolsa tebigatyň adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini, bu künjekde ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejä eýedigini görkezýär.
    ...Milli Liderimiz agtygy Kerim bilen welosipedde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, agtygy bilen «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähime eýerip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Toýly atly bedewe, Kerim bolsa Şapolat atly bedewe atlandy. Bedewli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz türkmen atlary, olaryň taryhy we özboluşly gylyk-häsiýetleri barada agtygyna giňişleýin gürrüň berdi.
    Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny saklamak, ady rowaýata öwrülen atlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri geçirýändiklerini bellemeli. Bütin dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly tutuş adamzat söýgüsine mynasyp bolan bedewleri kemala getiripdirler, olaryň arassa ganlylygyny saklap, nesilden-nesle geçiripdirler.
    Häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça köptaraplaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir atçylyk pudagynyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemek gerek.
    Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça badalga berlen ýetginjek çapyksuwarlaryň ilkinji bäsleşiginde has ýokary netije görkezip, ýeňiji bolandygy hemmelere mälimdir. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň göreldesiniň nusgalyk mekdebe öwrülýändigini alamatlandyrýar.
    Hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerim bedewlere aýratyn söýgi bilen garap, at seýislemegiň inçe syrlaryny ele alýar. Munuň özi iň gowy atşynaslyk däpleriniň dowam etdirilýändigini hem-de häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Kerimiň çapyşyklara taýýarlan Miras atly bedewe atlanyp, halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy hem şaýatlyk edýär.
    Bularyň ählisi ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagy, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy we milli atçylyk sportunyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
    Ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan toý-baýramlarda at çapyşyklaryna möhüm orun degişli bolup durýar. Bu bolsa türkmen ilinde asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrebap derejede ösdürilýändigini äşgär edýär. Häzirki döwürde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, aýratyn-da, milli at üstündäki oýunlar işjeň ýagdaýda ösdürilýär.
    «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türkmen atly ýigitleriniň kämil çykyşlarynyň halkara derejede ykrar edilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda edilýän tagallalaryň uly üstünliklere beslenýändiginiň ýene bir mysalydyr.
    Hormatly Prezidentimiz şeýle hem agtygyna şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly rowaýatlary gürrüň berdi. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren hem-de kemala getiren şöhratly bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr.
    Soňra Kerim çapuw ýodasynda bedewi öňatdy hereketleri bilen öz erkine goýberdi. Onuň ata ynamly erk etmegi, ykjamlygy çapyksuwarlygyň inçe syrlaryny yhlas bilen ele alandygyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewiň üstünde ynamly oturyp, edýän hereketlerine syn etdi.
    At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketi ata üçin örän buýsançly pursatlar bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz agtygynyň bedewe erk edişini synlap, onuň erjelligine, yhlasyna mynasyp baha berdi. Şeýlelikde, türkmen bedewine goýulýan uly sarpa we asylly ýörelgeler nesilden-nesle geçirilýär, bu işler häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär.
    Atyň jylawyndan tutup, oňa atlanmagyň, eýerde ykjam oturmagyň, jylaw tutmagyň özboluşly usullarynyň bardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu tilsimleriň çapyşygyň netijesine täsir edýändigi barada birnäçe mysallar getirdi we atyň üstündäki çapyksuwaryň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy barada agtygyna öwüt-ündewleri berdi.
    Milli Liderimiz agtygyna bedewe erk etmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, behişdi bedewe mähriňi siňdirmeli, diňe şondan soň, çapyksuwaryň bedew bilen yhlasy sazlaşar.
    Döwlet Baştutanymyz bedewleriň halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeländigini aýdyp, türkmenleriň bedewleri özüniň ýakyn syrdaşy saýandygyny, hut şu ýörelgeleriň ahalteke atlarynda nusgalyk häsiýetleriň jemlenmegini üpjün edendigini belledi. Häzirki döwürde milli atşynaslygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän netijeli usullaryň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini görkezýär.