DÖWLETLILIGIŇ SYNMAZ SÜTÜNI

    Konstitusiýa ýurduň Esasy Kanunydyr. Ol dörediji häsiýete eýedir. Onuň düzgünleri esasynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli hukuk namalary döredilýär. Türkmenistanyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda kabul edilen Konstitusion kanuny ýurduň Esasy Kanuny kabul edilýänçä hereket etmäge niýetlendi. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny tizden-tiz işläp düzmelidi we kabul etmelidi. Ýurduň öz garaşsyzlygynyň ygtyýarlylyklaryny Konstitusiýa arkaly berkitmek derwaýys zerurlykdy.
    1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Konstitusion toparyň mejlisi boldy. Mejlisde TSSR-iň 1937-nji, 1978-nji ýyllarda kabul edilen Konstitusiýalaryndan Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň düýpgöter tapawutlanmalydygy nygtalyp, respublikanyň döwlet gurluşy, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, eýeçiligiň görnüşleri baradaky meseleleriň garaşsyz döwletiň ösüşlerine ýardam etmelidigi, onuň her bir raýatynyň bähbitlerine laýyk gelmelidigi bellenip geçildi.
    Şol ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň maslahatynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasy hakyndaky» meselä seredildi. Maslahatda Konstitusiýanyň taslamasy hakyky ýagdaýy — Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny, onuň bazar gatnaşyklaryna we hukuk döwletine tarap barýanlygyny, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňliginiň kepillendirmesini şöhlelendirýändigi we raýatlyk parahatlygyny hem-de milli ylalaşygy üpjün edýändigi bellenildi. Maslahat Konstitusiýanyň taslamasyny makullady. Halk köpçüliginiň ara alyp maslahatlaşmagy üçin taslamany metbugatda çap etmek karar edildi.
    19-njy martda Konstitusiýanyň taslamasy metbugatda çap edildi. Ol zähmetkeşler birleşiklerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, döredijilik birleşmelerinde giňden ara alnyp maslahatlaşyldy, köp sanly teklipler, bellikler edildi. Taslamany ara alyp maslahatlaşmagyň barşy baradaky maglumatlar her gün diýen ýaly metbugat sahypalarynda çap edilýärdi. Konstitusiýanyň taslamasy ýaşulularyň etrap, şäher, welaýat ýygnanyşyklarynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
    1992-nji ýylyň maý aýynda Köneürgençde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň III maslahaty bolup geçdi. Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasy, onuň esasy düzgünleri barada hem ýörite durlup geçildi. Taslama taýýarlananda, demokratik döwletleriň tejribesi bilen bir hatarda, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, milli özboluşlylygynyň we aýratynlyklarynyň nazarda tutulandygy aýdyldy. Maslahatda Konstitusiýanyň türkmen topragynda ýaşaýan her bir raýatyň hukuklaryny kepillendirýändigi, onda türkmen halkynyň milli ruhuna laýyk gelýän Halk Maslahaty, Mejlis, Geňeş ýaly düşünjeleriň bolmagy, türkmen diliniň döwlet dili hökmünde yglan edilmegi, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda ýaşaýan her bir raýatyň öz ene dilini ulanmak hukugynyň kepillendirilendigi bellenip geçildi. Ýaşulularyň III maslahaty Konstitusiýanyň taslamasyny ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda aýdylan teklipleriň hem-de bellikleriň düzedilişini-de nazarda tutup, doly makullady. Maslahat Konstitusiýany Türkmenistanyň Ýokary Sowetine kabul etmäge hödürledi. 
    Soňky ýyllarda ýurduň Esasy Kanuny babatda döwrebap özgertmeler amala aşyryldy. Munuň özi onuň döredijilikli häsiýetine şaýatlyk edýär. Konstitusion özgerişleriň her biri ýurduň Esasy Kanunynyň aýry-aýry düzgünleriniň manysyny ösdürdi we baýlaşdyrdy, öz döwrüniň möhüm syýasy we durmuş-ykdysady wezipelerini çözmäge ýardam etdi. Mysal üçin, Konstitusiýa 1995-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky, 1999-njy ýylda Türkmenistanda ölüm jezasynyň ýatyrylandygy baradaky, 2003-nji we 2005-nji ýyllarda Mejlisiň hem-de beýleki halk wekilleriniň edaralarynyň hukuklary baradaky maddalary we düzgünleri girizildi. 
    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň hil taýdan täze derejesine ýetmek üçin 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda we 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýalary kabul edildi. Iň möhüm düzgünleriň mizemezligini saklap galyp, Esasy Kanunyň täze redaksiýalary ýurtda bolup geçýän özgerişleriň ählisine diňe kada-hukuk binýadyny üpjün etmän, eýsem, döwlet we jemgyýetçilik ösüşi üçin täze çelgileri hem aýan edýär. Konstitusiýanyň täze redaksiýalary häzirki zaman demokratik jemgyýetiň kemala gelmegi üçin hukuk esaslaryny döretdi. Onda iň ýokary gymmatlyk — adam, baş maksat — abadançylygy üpjün etmek, esasy ýörelgeler — ynsanperwerlik, adalatlylyk, ruhy gymmatlyklar bolup durýar. 
    Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň yzygiderli we netijeli durmuşa geçirilmegini, milli döwletliligiň, hukuk we demokratik binýatlaryň barha berkidilmegini döredijilikli dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda halkyň hem-de döwletiň ykbalyna degişli meseleleri maslahatlaşyp, täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi döwletliligiň, adalatlylygyň, milli demokratiýanyň dabaralanmasy bolup taryha girdi.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan edaranyň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek üçin konstitusion özgertmelere badalga berildi. Maslahatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly Konstitusiýa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekdi. 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem-de Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi. Onda Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleriniň öňünde anyk wezipeler goýuldy. 2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Konstitusion toparyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça döredilen iş toparynyň alyp barýan işleri bilen tanşyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetini özgertmekde dünýäniň iki palataly parlamentli ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň işiniň guralyşyny we olaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça taryhy işleriň many-mazmunyny we ähmiýetini wagyz etmek hem-de düşündirmek üçin zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň, alymlaryň arasynda giň gerimli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
    Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk eder. Bu bolsa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.
    1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly başlangyçlarynyň miwesidir. Bu möhüm iş ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde halkara ýörelgelere hem-de milli gymmatlyklarymyza esaslanýan döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.