Milli Liderimiz Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebe ýadygärlik gymmatlyklary gowşurdy

    13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger 
    Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi.
    Türkmen topragynyň şöhratly oglunyň — milli Liderimiziň atasynyň — edermen söweşijiniň hem-de ussat mugallymyň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
    Ol Watanyň ilkinji çagyryşyna seslenip, fronta gitmek bilen, 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda mertlerçe söweşdi. 1943-nji ýylyň sentýabrynda ilkinjileriň hatarynda Dnepr derýasyndan geçdi. Şol agyr söweşde polkuň söweşjeň baýdagy uly derýadan geçen esgerleriň edermenliginiň hem-de çäksiz batyrlygynyň nyşanyna öwrüldi.
    Berdimuhamet Annaýew uruşdan agyr ýaraly gaýdyp gelip, Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanyldy.
    9-njy maýda XX ýüzýyllygyň iň gazaply we gandöküşikli urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy dabaraly bellenende, Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fominiň baştutanlygyndaky wekiliýet hormatly wezipe bilen — 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin ýurdumyza geldi.
    Parahatçylykly döwürde Berdimuhamet Annaýew mugallymçylyk işini dowam edip, ildeşlerimiziň arasynda päk ýatlamalary goýdy. Bilim bermekde alyp baran yhlasly işleri üçin, ýokary döwlet sylagy bolan “Hormat nyşany” ordenine mynasyp boldy, ýöne ony alyp ýetişmedi: ol 1948-nji ýylyň aýylganç ýertitremesinde şehit boldy.
    ...Döwlet Baştutanymyza garaşyp Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada harby gullukçylar — häzirki dabara gatnaşyjylar nyzamly hatara düzüldiler.
    Bu wakanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi dabara aýratyn ähmiýet we çuňňur many berdi. Bu baýram halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň, hoşniýetli we parasatly hakykatlaryň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine gelýär.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ussat mugallym, edermen esger 
    Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny almaga taýýarlyk barada hasabat berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň içine girip, atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül dessesini goýdy.
    Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary türkmen halkynyň şöhratly oglunyň, watançy esger, hemmeleriň hormat goýýan ynsany Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine tagzym edýärler. 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdep onuň adyny göterýär. Onuň söweş we ömür ýoly Watana söýginiň we gahrymançylygyň hakyky mysaly bolup, häzirki ýaşlar üçin edermenligiň, ahlaklylygyň, mukaddes harby we raýatlyk borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.
    Watan üçin janlaryny gurban eden Milli Gahrymanlarymyzyň, merdana ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna hormat goýmak halkymyzyň öz ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we köpasyrlyk däplerimize, miras galan belent maksatlara pugta ygrarlylygynyň ajaýyp subutnamasydyr.
    Dabaraly pursat gelip ýetýär — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berdimuhamet 
    Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe öz atasy — ussat mugallym, edermen esger B.Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny resmi taýdan gowşurýandygyny aýtdy.
    Goranmak ministri B.Gündogdyýew mukaddes gymmatlygy kabul etmäge taýýarlyk barada hasabat berýär.
    Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurýar.
    Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň ýolbaşçylary Watana baky wepaly boljakdyklary, gahryman ata-babalarymyz ýaly janlaryny gaýgyrman, Watan goragynda mertlerçe durjakdyklary barada harby kasamy ýerine ýetirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny ynandyrdylar.
    Fronta meýletin gidip, Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertlerçe söweşen ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoluny beýan edýän resminamalary gowşurmak dabarasyndan soň, döwlet Baştutanymyz mekdebiň okuw otagyna baryp, harby okuwçylara gymmatly öwüt-ündewlerini we atalyk pendini berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere laýyk derejede enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen mekdebiň her bir okuwçysy üçin watançylyk kasamy baş ýörelgä öwrülmelidir. Okuwlaryny üstünlikli özleşdirmekleri, jogapkärli wezipeleri çözmek üçin zerur bolan ukyp-başarnyklaryny ele almaklary, harby okuwlara işjeň gatnaşmaklary we öz hünärlerine ussatlyk bilen erk etmekleri, Watany goramak ýaly belent harby borja wepaly bolmaklary olaryň mukaddes maksatlary bolup durýar.
    Munuň özi hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary ahlakly nesilleri, biziň beýik ata-babalarymyza mynasyp islendik hünäri ele almaga ukyply, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, zähmeti bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrmagy başarýan ýaşlary kemala getirmek üçin uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýylyň 9-njy maýynda uly baýramyň — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda örän köp kynçylyklar we pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilip geçilendigini nygtady.
    Şu beýik baýram mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly harby ýöriş guraldy. Bu ýörişde siziň okaýan ýöriteleşdirilen harby mekdebiňiziň okuwçylary hem şol gazaply urşa gatnaşan esgerleriň harby lybasynda buýsanç bilen geçdiler diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    “Meniň atam Berdimuhamet Annaýew hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllarynda özi arza berip, aldym-berdimli söweş meýdanyna meýletin gidýär, sebäbi ol halkyň ykbalynyň çözülýän ýerinde — söweş meýdanynda bolmagy hökmany borjy hasap edipdir” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
    Biziň maşgalamyz üçin gahrymanlaryň, watançylaryň tälim-terbiýe mekdebi hemişelik nusgalyk bolupdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Watan goragynyň ykbalymyzyň gönüden-göni şejerämize dahylly eden beýik wezipesidigine guwanýandygymy uly buýsanç bilen aýdasym gelýär diýip belledi.
    Öz ene topragynyň hakyky watançysy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymanlarça söweşen edermen harby esger, parahatçylyk döwründe bolsa ömrüni mugallymçylyga bagyş eden Berdimuhamet 
    Annaýewiň şöhratly durmuş ýoly Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň, şol sanda Watan goragçylarynyň watançylyk terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny olaryň gursagyna guýmakda merdana pederlerimiziň göreldesi uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
    Biz şuny nazara alyp, şeýle hem taryhda edermenligi we merdanalygy bilen halkymyzy şöhratlandyryp, nesillere nusgalyk görelde görkezen gerçekleriň atlaryny ebedileşdirýäris. Olaryň söweşjeň däplerini, watançylygyny we mertligini ebedileşdirmek maksady bilen, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine atam Berdimuhamet Annaýewiň, Alp Arslanyň we Soltan Sanjaryň atlary dakyldy. Munuň özi ykballaryny Watan goragyna baglan geljekki Watan goragçylary bolan ýaşajyk harby okuwçylary mähriban halkymyzyň iň asylly däplerinde terbiýelemäge ýardam edýär. Eziz Diýarymyza öçmejek söýgi döredýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi.
    “Şonuň üçin hem men şu gün mähriban atam Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän siziň harby mekdebiňize onuň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak üçin geldim” diýip, milli Liderimiz nygtady.
    “Halkymyz ýaş nesillerini ene toprak, öý-ojak ýaly mukaddeslikleri gözüň göreji kimin goramak, olara belent sarpa goýmak we söýmek ruhunda terbiýeleýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent Watana hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar. Watana wepaly bolmak, ony gözüň göreji ýaly goramak mukaddes borçdur, jogapkärli wezipedir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
    Soňky ýyllarda biziň köp sanly ýaşlarymyz serkerdeleri taýýarlaýan okuw mekdeplerine girmäge höwes bildirýärler. Watanymyzyň mukaddes çäklerini hem-de halkymyzyň parahat durmuşyny goraýan edermen serkerdeleriň hatarynda bolmagy arzuw edýärler.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň hünär derejesi we at-abraýy has-da beýgelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geljekde-de ýurdumyzda ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet beriljekdigini nygtady.
    Eziz Watanymyzyň howpsuzlygy biziň üçin ähli zatdan ileridir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de dünýäde parahatçylygy goramak adamzadyň iň uly arzuwydyr diýip, sözüni dowam etdi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri bolsa Watany gala bolup goramaga taýýardygyny görkezýär. Watany goraýan harby gullukçylarymyz halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk ýörelgelerini, gahrymançylyga beslenen harby däplerini dowam edip, goranmak häsiýetli kuwwatly goşuna öwrüldi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Milli goşunymyzyň üpjünçiligi ýokarlandy. Söweşjeň ukyby artdy. Harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertleri döredildi. Harby kanunçylyk ulgamy kämilleşdirildi.
    Milli harby hünärmenleri taýýarlamakda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleri hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen nygtady.
    Berkarar döwletimiz we mähriban halkymyz harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni — ata Watanymyzy goramagy ynandy diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şoňa görä-de, harby okuwçylaryň hemişe harby borçlaryny ak ýürek bilen berjaý etmelidiklerine, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelidiklerine olaryň ünsüni çekdi.
    Şunuň bilen birlikde, olaryň halkymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etmelidiklerine, Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy we polat galkany bolmalydyklaryna aýratyn üns çekildi.
    Bu wezipeler siziň belent borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de harby okuwçylaryň şol borjy abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynam bildirdi.
    Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary bu ýerde harby bilimi, hünärleri ele almaga, okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge döredilen şertler üçin ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysyna çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.
    Harby okuwçylar iň täze harby tehnikalaryň nusgalaryndan peýdalanylýan okuw işiniň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Munuň özi okuwçylara öňdebaryjy tehnologiýalara erk etmegiň diňe bir nazary däl, eýsem, amaly başarnyklaryny ele almaga hem mümkinçilik berýär.
    Şeýle hem bu ýerde çagalary beden taýdan taýýarlamak üçin hem hemme mümkinçilikler bar. Okuwçylaryň arasynda ýaryşlaryň guralmagy olary sportda ýokary gazanylanlar bilen meşgullanmaga itergi berýär.
    Harby okuwçylar Arkadag Prezidentimize atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan beýik maksatlara üstünlikli ýetmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuwçylara atalyk öwüt-ündewlerini, nesihatlaryny berip, söhbedini dowam etmek bilen, halkymyzyň taryhda yz goýan gerçek ogullary barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Milli Gahrymanlarymyz öçmez-ýitmez edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen köp nesiller üçin mähriban topragy goramagyň belent nusgasyna öwrüldiler.
    Harby kasama wepaly bolmak bilen, merdana ata-babalarymyzyň göreldesine eýermek zerurdyr, bu bolsa häzirki bagtyýar nesillerimiziň baş ýörelgesi bolmalydyr. Munuň özi ömür ýolunyň başlangyjyndaky ilkinji ädimlerdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de halkymyzyň taryhynyň dowamynda Watan goragçylaryna mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we belent maksatlara ýetmek ugrundaky yhlasyň mahsus bolandygyny, biziň merdana pederlerimiziň şöhratynyň bütin dünýä ýaýrandygyny belledi.
    Soňra döwlet Baştutanymyz harby okuwçylaryň geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändikleri bilen gyzyklandy.
    Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzir ýurdumyzda islendik hünäriň eýesi bolmak üçin ähli zerur şertler hem-de mümkinçilikler bar. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ýaş nesilleriň öz islegine görä hünär saýlamagyna giň mümkinçilikleri açýar.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ugurdaş okuw binalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Harby tehnikanyň ähli görnüşlerini dolandyrmak başarnygyny ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz ýörite okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň harby ylmyň gazananlary, söweşjeň tehnikalaryň döwrebap nusgalary barada habarly bolmaklary hem-de öz işiniň ussatlaryna öwrülmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaralaryň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginden uruş ýyllarynyň söweşjeň sapançasynyň ýadygärlik hökmünde gowşurylandygyny aýtdy. Bu sapança köp taryhy hem-de söweşjeň wakalaryň şaýady hökmünde häzirki nesiller üçin mukaddes gymmatlykdyr. Onuň taryhynda wepat bolan gahrymanlaryň görkezen edermenligi, söweş meýdanlarynyň gandöküşikli uruşlary, aýgytlaýjy hüjümler we beýik ýeňişler ýatyr.
    Onda azat ediji goşunyň gaýduwsyz esgerleriniň gahrymançylygyna beslenen ýatlamalary bar. Hut şonuň üçin hem bu ýadygärlik ýaşlaryň ruhuny göterip, olaryň beýik maksatlara ýetmeginde ýolgörkeziji bolup hyzmat eder diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu gymmatly ýadygärligi B.Annaýewiň adyny göterýän 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe gowşurýandygyny mälim etdi.
    Bu taryhy gymmatlyk Watanymyzyň azatlygy, geljekki nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda janlaryny pida eden watançy ata-babalarymyzyň söweşjeň ýolunyň nyşanydyr. Olaryň gahrymançylykly ýoly ýaş nesilleri beýik işlere ruhlandyrar.
    Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylarynyň nazary bilimlerini iş ýüzünde berkitmekleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Degişli hünärler boýunça hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hem-de harby okuwçylaryň zähmet terbiýesine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz görkezme berdi.
    Okuwdan we sport türgenleşiklerinden boş wagtlary ýaşlaryň asylly zähmet bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmeginiň uly ähmiýete eýe boljakdygy gürrüňsizdir. Hut mähriban topraga söýgi, onuň gülläp ösmegi ugrunda gulluk etmek ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýeläp, olaryň watançylyk ruhuny artdyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
    Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden polkunyň söweşjeň ýoly baradaky maglumatlar beýan edilen gowşurylan resminamalar hem-de sapança hakyndaky gürrüňlere dolanyp gelip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ähmiýetiniň mekdep okuwçylarynyň Watana wepaly gulluk etmek hem-de harby borjy mynasyp ýerine ýetirmek babatda ruhlaryny galkyndyrmagynda jemlenýändigini nygtady. Munuň özi ykbalyny harby hünäre bagyşlan ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
    Soňra watançy esger B.Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň okuwçylary Döwlet kasamyny ýerine ýetirdiler hem-de milli Liderimiz bilen özleri üçin beýik nusga bolup durýan B.Annaýewiň heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
    Watan beýik gymmatlykdyr. Biziň dünýä inen, gözümizi açyp gören, howasyndan dem alan, dil biten, ilkinji şatlygy üstünde geçiren ene topragymyz mukaddesdir. Watana bolan çäksiz söýgi, onuň üçin şirin janyňy orta goýmaga taýýar bolmak — bu her bir türkmenistanly üçin borçdur. Durmuşyň asyl manysy Watany goramak boýunça mukaddes we beýik borja wepaly bolmakda, Watany söýmekde jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby okuwçylara okuwlarynda uly üstünlikleri, durmuşda dogry orun tapmaklaryny, Watana wepaly bolmaklaryny arzuw edip, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.