Uniwersitetleriň hyzmatdaşlygy

    2017-nji ýylyň 24-nji awgustynda Ermenistan Respublikasynyň paýtagty Ýerewan şäherinde «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk» baglaşyldy. Şol ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň Türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýanyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranturasynda okap, Magtymgulynyň döredijiligi boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny goran, häzirki wagtda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amalýa Petrosýanyň gatnaşmagynda teleköpri arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Uzak aralykdan teleköpri arkaly türkmen dilinde «Türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň we ermeni aşyk-şahyry Saýat Nowanyň döredijiliklerinde ynsanperwer garaýyşlaryň we halk däpleriniň şöhlelenişi» atly geçirilen maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. 
    Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde parahatsöýüjilik syýasatyň şöhlelendirilişi, ynsanperwerlik, goňşuçylyk, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy, türkmen we ermeni dostlukly halklaryň beýik söz ussatlary — Magtymguly Pyragynyň we Saýat Nowanyň döredijilik dünýäsi, olaryň eserlerinde ynsanperwerlik ýörelgeleri boýunça degişli ylmy maglumatlar esasynda pikir alşyldy.