BEÝIK GAHRYMANÇYLYGYŇ MEKDEBINI DÖRETDI

    Şu ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe 75 ýyl dolýar. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir. Onuň dabaraly ýagdaýda bellenilmeginiň jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna, beýik işlere galkyndyrmakda, ýaş nesillerimizi milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde örän uly ähmiýeti bardyr.
    Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda bu baýram has-da giň many-mazmuna beslenýär. Biziň hemişelik Bitaraplygymyz gapma-garşylyklary, uruşlary ret edýän, dünýäniň geljeginiň ynanyşmakdadygyny, dost-doganlykdadygyny bütin adamzada ündeýän mukaddes düşünjedir. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, sözüň doly manysynda, halkymyzyň çäksiz guwanjyna, egsilmez buýsanjyna öwrüldi. Parahatçylyk ýörelgelerine eýermek, agzybirlik, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. 
    Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen Bitaraplygymyz gadymy geçmişimizden gözbaş almak bilen birlikde, geljege ýol salýan ýörelgedir» diýip bellemegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 
    Elbetde, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe aňsatlyk bilen ýetilmedi. Uruş ýüzlerçe şäherleri haraba öwürdi, açlyk getirdi, millionlarça ynsanlaryň ömür tanapyny üzdi. Bu barada milli Liderimiz: «Ýowuz urşuň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan, şirin janyny gaýgyrman söweşen köpmilletli esgerleriň arasynda biziň watandaşlarymyz hem Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Olaryň görkezen edermenligi gahrymançylygyň belent nusgasyna öwrüldi» diýip belleýär. Taryhy maglumatlara salgylansak, Sowet Soýuzynyň Gahrymanlarynyň ilkinjileriniň hatarynda türkmen halkynyň merdana ogly Gurban Durdynyň ady agzalýar. Şeýle ada türkmenistanly esgerleriň ýüzlerçesi mynasyp boldular. Watan ugrundaky gazaply söweşlerde görkezen edermenlikleri we gahrymançylyklary üçin türkmenistanly esgerleriň 70 müňden gowragy ordenler we medallar bilen sylaglandy.  
    Şol aldym-berdimli söweşe hormatly Prezidentimiziň atasy, Watanyň wepaly ogly, ilhalar ynsan, ussat mugallym, watançy esger  Berdimuhamet Annaýewiň meýletin gidip, edermenlik görkezmegi türkmen halkyny has-da buýsandyrýar. Onuň «Dowamat-dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen şygary Watan goragçylaryny joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Milli Liderimiz mähriban atasynyň urşa gidip, görkezen edermenligi, kakasy 
    Mälikguly aganyň pajygaly döwre gabat gelen çagalygyny «Döwlet guşy» atly romanynda giňişleýin beýan edýär. Onda şeýle sözler bar: «Men çagalykda mähriban kakamyň şol agyr geçen ýyllar hakdaky gürrüňlerini kän diňledim. Ol ýyllar kakama taplanyş, kämillik mekdebi bolupdyr. Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Kalbyma dolan şol guwanç, buýsanç duýgularym durmuşa, Watana, il-ulsuma çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik mekdebi bolup, meni üstünliklerden-üstünliklere atardy, bagta eltýän çelgi boldy, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde maňa hemaýat-goldaw berdi». 
    Berdimuhamet aga 2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň hatarynda uly söweşlere gatnaşdy. Şir ýürekli esger  Berdimuhamet Annaýew şol söweşleriň birinde çawup gelen ok zerarly kellesinden ýaralanandygy sebäpli, ýarym ýyla golaý Orsýediň Kuýbyşew (häzirki Samara) şäherindäki harby gospitalda ýarasyny bejertdi.  Berdimuhamet aga uruşdan II topar maýyp bolup gelýär we öz söýgüli mugallymçylyk kärini dowam etdirýär.
    2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň atasy  Berdimuhamet Annaýewiň Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanandygy baradaky hoş habar halkymyzyň dykgatyna ýetirildi. Paýhasly mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan, hormatly Prezidentimiziň atasy  Berdimuhamet Annaýewiň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen ykdysady, syýasy, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlarda deňhukukly, strategik hyzmatdaşlyk saklaýan dünýäniň iri döwletleriniň biri bolan Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň we halkynyň ähli türkmenistanlylara bildirýän ýokary hormatyndan hem-de dost-doganlygyň mizemezliginden nyşandyr.
    Berdimuhamet aganyň durmuş ýoly häzirki we geljekki nesiller üçin watansöýüjiligiň, mertligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň nusga alarlyk ýoludyr. Onuň zähmet we söweş edermenliklerine beslenen ömri hakynda hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aganyň ýatlamalaryna, obadaşlarynyň, döwürdeşleriniň, okuwçylarynyň gürrüňlerine we arhiw materiallaryna salgylanyp taýýarlanan «Mugallym, esger, ilhalar ynsan», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» we beýleki eserlerini okap, doly göz ýetirýärsiň.  Berdimuhamet aganyň «Biz ýeňeris!», «Uruş bolmasyn!», «Ýeňiş biziňki bolar», «Köp ekeliň dänäni!», «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Gideliň biz atalaryň ýolundan», «Ýürekleň buýsanjy — Watan», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» atly goşgularyny okanyňda, ondaky wakalar göz öňüňde janlanýar.
    Häzir mähriban halkymyz ata-babalarymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, jebislik ýaly arzuw-islegleriniň hasyl bolan zamanasynda — bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Ýurdumyz dünýäniň 150-ä golaý ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, 50-ä golaý halkara guramanyň agzasy boldy. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. 
    Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär» diýlip bellenilýär. 
    Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan umumadamzat bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!