95 ÝAŞLY ESGER

    Kaka Gurbanow 1925-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Döwletli obasynda dogulýar. 1941-nji ýylda başlanan uruş zerarly beýleki ýaş-ýeleňler we zenanlar bilen tylda zähmet çekýär. 1942-nji ýylda bolsa Kaka aganyň kakasy fronta ugraýar. Häzirki wagtda 95 ýaşly goja bolmagyna garamazdan, ol ähli seneleri ýatdan bilýär. Özüniň aýtmagyna görä, Kaka Gurbanow 1943-nji ýylyň mart aýynyň 13-ine urşa gidýär. Hywada 3 aý harby-okuw taýýarlygyny geçensoň, harby tälimiň yzyny Çelýabinskiý we Swerdlowskiý oblastlarynda dowam edýär. Şeýlelik bilen Kaka aga, Ukrain frontunyň 276-njy atyjylyk polkunda söweşip başlaýar. Kaka Gurbanow çapgynly ot-ýalnyň içinde edermenlik görkezen türkmeniň ençeme merdana ogullarynyň biri. Ol söweşlerde iki gezek ýaralanýar we duşman güllesiniň yzasyny çekip gezýär. Ýaşulynyň aýtmagyna görä, ol hut şol ýaralanmalar sebäpli, 1944-nji ýylda öýlerine dolanyp gelýär. Soňra maşgala gurup, tylda zähmet çekýär. 
    Häzirki  wagtda ýaşulynyň üç gyzy, on bäş agtygy, otuz bäş sany çowlugy bar. 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda görkezen gahrymançylygy üçin Kaka Gurbanow «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 20 ýyllygyna», «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 30 ýyllygyna», «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 40 ýyllygyna», «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna», «SSSR-iň Ýaragly Güýçleriniň 50 ýyllygy», «SSSR-iň Ýaragly Güýçleriniň 60 ýyllygy» diýen ýubileý medallary bilen sylaglanylýar.
    Kaka aga sowatly, parasatly we gepe çeper adam bolany üçin, köp wakalary ynsana täsirini gowy tarapdan ýetirmegi maksat edinýär we buýsanç bilen häzirki bagtyýar döwrümiziň  ýaşlaryna ýüzlenýär:
    — Biziň bahasyna ýetip bolmajak döwrümiz, ajaýyp zamanamyz bar. Oňa guwanyp gulluk etmek, mukaddes borç. Taryhda baky galan gahrymanlarymyzy hatyralamak hökmandyr. Çünki olar şu parahat günlerimiziň hatyrasyna  janlaryny pida etdiler.