Halypa mugallym, ilhalar ynsan, watansöýüji esger Berdimuhamet Annaýewiň zähmet we durmuş ýoly barada söhbet

    1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň Ýeňiş bilen tamamlananyna şu gün 75 ýyl bolýar. Bu az wagt däl. Ýöne şunça ýyllar kerwen gurap geçen-de bolsa, şol uruş ýyllarynyň kynçylyklary, hiç wagt öwezini dolup bolmajak pidalary bilen bagly ýatlamalar häli-häzirem aňymyzdan çykmaýar, ýüreklere salan ýarasy bitmeýär. Watan, ar-namys diýip, gara başlaryny orta goýan merdanlarymyzyň, şol aýylganç apatyň ejirini çekenleriň, onuň ajy aýralygynyň şarpygyny dadanlaryň öňünde başymyzy egýäris. Tyl zähmetini gerdeninden geçiren adamlar, arzyly Ýeňşiň ýakynlaşmagy üçin asylly işleri bitirenleriň ählisi şeýle hormata mynasypdyr. Halkymyzyň şol beýik hormatyna mynasyp bolan ynsanlaryň biri-de, halypa mugallym, ilhalar ynsan, watansöýüji esger Berdimuhamet Annaýewdir.
    Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän muzeýdäki baý taryhy maglumatlary saklaýan resminamalar, eksponatlar we bezegli diwarlyklar bilen tanşanyňda, Berdimuhamet aganyň iki frontuň-da esgeri bolandygyna göz ýetirýärsiň. Bu barada, has dogrusy, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň zähmet ýoly hakynda muzeýiň gözegçisi Hoşgeldi Ýazçyýew bize şeýle gürrüň berdi:
    — Berdimuhamet mugallym işe başlan ilkinji gününden bu obada şol wagtyň döwrebap mekdep jaýyny gurdurmagyň aladasy bilen bolupdyr. Sebäbi Tejen derýasynyň aýagynda, suwarymly ýerleriň çetinde gözel Garagumy goltuklap oturan bu obada şol wagt mekdep jaýynyň bolmagy juda zerur eken. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Älem içre at gezer» atly romanynda: «Gyzyl çarwa» kolhozy Tejen derýasynyň aýagujunda, Garagumuň eteginde ýerleşýärdi. Mekdep bolsa depesinden gum dökülip duran kepbe jaýlardady» diýip belleýär. Halypa mugallymyň mekdep gurdurmak işine yhlasly, erjellik bilen ýapyşmagy netijesinde ähli kynçylyklar ýeňlip geçilipdir. Şeýlelikde, irginsiz aladalar ýerine düşüp, obada giň otagly, gyşyna ýyly, tomsuna salkyn bolar ýaly, diwarlary inli täze mekdep jaýy salnypdyr. Ýene şol romandan setirler: «Bu jelegaýda heniz görülmedik mekdebiň gurluşygyna başlandy. Otaglary giň hem ýagty bolar ýaly iki sany uly penjire, «golland peçleri» diýilýän ýaýrawly gara peçler, polly-potolokly, hemme zat ýerbe-ýer mekdep — bu bir ýetilmejek arzuwdy». Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky kynçylykly ýyllar mekdep üçin zerur bolan esbaplary tapmak hem ony gurandan ýeňil düşmändir. Bu barada romanda şeýle setirler bar: «Mekdebe zerur bolan parta, stol, oturgyç, klas tagtasy, karta, kitap-depder, okuw-bezeg esbaplary kynlyk bilenem bolsa tapyldy, alyndy. Hatda obanyň demirçi ussasy düýä dakylýan mis jaňy eýle-beýle edip, mekdebe jaň ýasap berdi». Şol ýyllar etrapda «göreldeli mekdep» adyna mynasyp bolan bu mekdebiň boş wagty bolmandyr. 1940-njy ýylda we ondan hem öň bu mekdepde çagalardan başga-da, ulular hem okamaga başlapdyrlar. Çagalar gündizine, ulular bolsa agşamyna okapdyrlar. Üstesine-de, bu mekdepde goňşy Azatlyk, Harjagaz obalarynyň çagalary-da okap, bilim alypdyrlar. Bu mekdep elli iki ýyllap oba çagalaryna bilim ojagy bolup hyzmat eden bolsa, häzir halkymyza tapylgysyz medeniýet ojagy bolup hyzmat edýär. 2012-nji ýylyň 12-nji awgustynda bolsa obamyzyň, etrabymyzyň, galyberse-de welaýatymyzyň, ýurdumyzyň taryhynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň: «Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeýi döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary barada maglumatlary ýygnamak, olary synpdan daşary, ülkäni öwreniş sapaklary geçirilende giňden peýdalanmak zerurdyr» diýen sargytlaryndan ugur alyp, şol gün öňki mekdep jaýyny muzeýe öwürmek dabarasy boldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçen bu dabara şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenip, obadaşlarymyzyň, şeýle-de tutuş babadaýhanlylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. 
    Maňa wagtynda halypa mugallymyň okadan okuwçylaryndan häzir hormatly dynç alyşdaky mugallym Meret Baýramow, Täze ýol obasynyň ýaşaýjylaryndan Soltan Ýomudowa, Ata Öwezhanow dagy bilen duşuşmak bagty miýesser etdi. Olaryň öz mugallymlary baradaky ýagşy ýatlamalary heniz-henizlerem ýadymdan çykanok.
    Soltan Ýomudowanyň ýatlamasyndan:
    — Berdimuhamet mugallym örän mylakatly, medeniýetli, zähmetsöýer, gaýratly, rehim-şepagatly adamdy. Uruş ýyllarynyň ýeňil bolmadyk şol kynçylykly günlerinde durmuş hernäçe agyr hem bolsa, ol oba adamlarynyň, okuwçylaryň ruhuny götermegi başarypdy. Agzybirligiň diňe ýeňiş getirjekdigini aýdyp, fronta ugraýan obadaşlarymyzy ruhlandyrardy. Şol ýyllar her gün diýen ýaly, mekdebiň öňüne ýygnanýan adamlary Beýik Ýeňiş üçin döş gerip söweşýän esgerlerimiziň ýeňişli söweş hereketleri, şeýle-de, front täzelikleri bilen yzygiderli tanyşdyrardy. Çagalary, garrylary, mährem eneleri ruhlandyryp, olara hemişe hemaýat ederdi. Magtymguly atamyzyň goşgularyny okap, many-mazmunyny düşündirip, köpleriň göwünlerini galkyndyrardy. Halkymyzyň gahrymançylykly eposy bolan «Görogly» şadessanyndan bölekleri okap, hezil bererdi. 1943-nji ýylyň başlary bolsa gerek, bir gün Berdimuhamet mugallymyň hem fronta gidýänligini eşidip, mekdebe ýygnandyk. Şonda ol birin-birin klaslara aýlanyp çykdy. Biz — okuwçylar bilen aýratyn gürleşip, Watany goramagyň ähli zatdan parzdygyny aýratyn nygtady. Soňra mekdebiň ýanyna ýygnanan märekä ýüzlenip, şeýle diýipdi:
    — Nesip bolsa, Ýeňiş biziňkidir. «Biz ýeňdik!» diýibem ýygnanarys. Şol günler hem indi uzakda däl. Tyl zähmeti hem frontdyr. Ýeňşi çaltlandyrmak üçin siz gije-gündiz zähmet çekmelisiňiz! Siziň her bir zähmet üstünligiňiziň Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyrýandygyny unutmaň! Nesip bolsa uruş hem gutarar, oglanlar hem gaýdyp geler. Onsoň, ýurdumyzam asuda bolar, okuwam, durmuşam has gyzykly, lezzetli bolar. Aman galyň!
    Şu sözleri aýdyp, märekä mähirli nazaryny gönükdiren mugallymyň häzirlenip duran at goşulan araba münüp, ýene bir gezek hoşlaşyp, ýola düşeni häzir hem göz öňümden gidenok. Hemişe ýagşylykda ýatlaýan mugallymymyzyň aladasy bilen obamyzda täze mekdep gurlanda, 12-13 ýaşlarymyzdadyk. Mekdebe haýran galmak bilen seredişip, höwes bilen okuwa gatnardyk. Biz şol ýyllaryň okuwçylary bolup, mähriban mugallymymyzdan adamkärçiligiň, zähmetsöýerligiň we watansöýüjiligiň belent nusgasyny öwrendik. 
    Bize — okuwçylaryna hem ata, hem mugallym bolan Berdimuhamet Annaýew öz ömrüni manyly geçiren ynsan. Ol halk pedagogikasynyň ruhunda bilim-terbiýe alan adam. Atasy Anna serdaryň tutan ýoluny dowam etdiren perzent. Näme, ýagşy adamlardan, ynsanlardan edep-terbiýeli, bilimli nesil kemala-da gelýär. Öz ömrüni manyly geçiren, halk hormaty ýaly beýik hormata eýe bolan ynsan hemişe ýatlanylmaga mynasypdyr.
    Ata Öwezhanowyň ýatlamasyndan:
    — Ilkinji hat-sowat öwreden mugallym ynsanyň bilim atasy hasap edilýär. Mähriban ynsan Berdimuhamet Annaýewden bilim almak bagty maňa-da miýesser etdi. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda ýurdumyzda sowatsyzlygy ýok etmäge işjeň gatnaşan mugallym, il-halka peýdaly işiň bähbidi üçin, Gökdepe ýaly ýerden alys ýol söküp, biziň şu — Tejen aýagy diýilýän ýerlerimize maşgalasy bilen kyn görmän, ýaýdanman, gum içine — obamyza işe gelipdir. Işe başlan ilkinji günlerinden bar aladasy täze mekdep gurdurmak bolupdy. Şeýdip, obada giň otagly täze mekdep salyndy. Mekdepde her gün diýen ýaly, agşamlaryna pelteli çyranyň ýagtysy öçmeýärdi. Uly adamlar topar bolup, gijesine okamaga gelerdiler. Olaryň okuwa neneňsi uly höweslidigine biz haýran galardyk. Berdimuhamet mugallym uly adamlary okadanda, biz ýaly okuwçylaryň kömeginden hem peýdalanardy. Şonda ol bize mähir bilen: «Geliň, ulularyň körpeje mugallymlary!» diýip ýüzlenerdi. Biz begenjimize öz ýanymyzdan mugallym däldiris öýtmezdik. Uly adamlaryň harplary tagaşyksyz ýazyşlaryna, heçjikläp okajak boluşlaryna ýylgyryp, begenerdik. Mende mugallymçylyk kärine höwes döreden hem 
    Berdimuhamet agady. Tä, hormatly dynç alşa çykýançam, şu mekdepde işledim. Mähriban mugallymymyzyň obada täze mekdebi gurduryp ýörşi, mekdep üçin zerur bolan esbaplary, ol ýyllar ulag bolmansoň, düýeler bilen getirişi göz öňümden gidenok. Biz — çagalar üçin ol wagtlar mekdebe getirilýän täze esbaplar geňdi. Bilesigelijilik bilen derrew düýeleriň daşyna aýlanardyk. Şonda mugallymyň: «Çagalar, köşekler, daşrakda duraweriň, aýagy uzyn maldyr, birden ýetäýmesin!» diýip, töweregini gallaşyp duran çagalardan howatyrlanyp durşy heniz-henizlerem, ýaşym segsenden agan-da bolsa, ýadymdan çykmaýar. Berdimuhamet mugallym şol ýeňil bolmadyk kynçylykly ýyllarda oba adamlarynyň hem ýakyn maslahatçysy, geňeşdary bolupdy. Adamlar her bir meseläni onuň bilen maslahatlaşyp çözenlerini kem görmeýärdiler. «Hany, mugallym näme diýýär, näme maslahat berýär?!» diýip, her bir işde oňa maslahat salardylar. Mugallymyň ýanynyň adamsyz wagty ýok diýen ýalydy. 
(Dowamy bar).