TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

    8-nji maý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
    Mejlisiň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamalarynyň, şeýle hem ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy we mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy, maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedowy hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy.
    Wise-premýer 2020-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşi üpjün edilýär we döwletimiziň maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär.
    Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüşi 5,5 göterim artdy.
    Bölek satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,5 göterim köpeldi.
    Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 95,5 göterim ýerine ýetirildi.
    Ýurdumyzyň orta we iri kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.
    Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 7,3 milliard manada deň boldy.
    Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy dowam edýär. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda şu ýylyň dört aýynda durmuş maksatly binalaryň 107-sinde, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 35-sinde, 220,2 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynda, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynda gurluşyk işleri dowam edýär. Umuman, 845,6 million manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.
    Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan işler, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly, şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça garaşylýan netijeler barada maglumat berdi.
    Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedow ýylyň başyndan bäri maliýe-býujet ulgamynda geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
    Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew dört aýyň dowamynda pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler, elektron hyzmatlary düzümini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde, bank önümleriniň sanawyny giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, umuman, ykdysady görkezijileriniň Watanymyzyň durnukly ösüşini kepillendirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol bir wagtyň özünde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlary, onuň döwletimiziň ykdysadyýetine edýän täsirini gözegçilikde saklamak möhüm wezipeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
    Milli Liderimiz bank ulgamynyň edaralarynyň işiniň degişli derejede guralmalydygyna ünsi çekip, nagt pul dolanyşygyny azaltmak we döwrebap bank tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklarynyň usulyny ornaşdyrmak boýunça anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
    Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew hem-de döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew çagyryldy.
    Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnamanyň 108,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 104,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 124,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň bolsa 140,4 göterim berjaý edilendigi barada hasabat berildi.
    Suwuklandyrylan gazy öndürmekde ösüş 114 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüşi 102,3 göterime deň boldy.
    Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, nebitgaz senagatynyň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
    Öz nobatynda, döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösüşiniň esasy görkezijileri, tebigy gazyň gazylyp çykarylýan möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, konserniň garamagyndaky kärhanalarda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň we gazhimiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenilen çäreler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça nebitgaz toplumynda önümçiligiň esasy görkezijileriniň bellenen ýyllyk meýilnamalara laýyklykda ýerine ýetirilendigini belledi hem-de nebitgaz senagatynda yzygiderli ösüşi üpjün etmek üçin işiň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitledi.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdary artdyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary ulanylmalydyr we önümçilik hem-de düzümleýin desgalar kämilleşdirilmelidir. Şeýle hem ähli önümçilik bölümlerinde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçlendirilmelidir diýip, milli Liderimiz bu ugurda ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow çagyryldy.
    Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
    Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň möçberleriniň ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Şol sanda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 118,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça bu görkeziji 118,8 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,7 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 138,9 göterim ýerine ýetirildi.
    Häzirki döwürde welaýatlarda gowaça ekişi tamamlandy. Gögeriş alnan ýerlerde ilkinji hatarara bejergileri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar, ýekelemek hem-de otag etmek işlerine giň gerim berildi.
    Ak ekin meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreler bilen birlikde, galla oragy möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
    Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudagy döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalygy pudagyny has-da ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
    Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki çäreleriniň geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzyň ýerlerde ýerine ýetirilişi bilen tanşyp, zerur bolan kömegiň berilmelidigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň tamamlanandygyny aýdyp, iki sany möhüm möwsümiň, ýagny galla oragy bilen pagta ýygymynyň ýetip gelýändigini, bu möwsümlere hem düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
    Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin olaryň ekişini dowam etmelidigini, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyryp, daşary ýurtlardan getirilýän möçberleriniň azaldylmalydygyny, netijede, içerki bazarlarymyzyň ýerli önümler bilen doly üpjün edilmelidigini belledi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowy we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.
    Wise-premýer ulag-kommunikasiýa ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar — aprel aýlarynda geçiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
    Hasabat döwründe toplumyň düzümleri önümçilik meýilnamasyny 107,7 göterim ýerine ýetirip, 108,5 göterim ösüş gazandylar.
    «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 105,9 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 122,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 144,9 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.
    Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlarynyň meýilnamasy, degişlilikde, 108,4 göterim hem-de 100,3 göterim berjaý edildi.
    «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew pudagyň ähli düzümlerini sanlylaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, düzümiň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
    «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow hem öz gezeginde pudagy sanly ulgama geçirmek hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli çäreleri görmegi hem-de ulag düzümleriniň işini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
    Şol bir wagtda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgam babatynda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berildi.
    Milli Liderimiz ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň ähli oba ilatyny giň zolakly internet ulgamy bilen üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, munuň özi ýerlerde onlaýn arkaly bilim bermäge, telelukmançylyga, döwlet hyzmatlaryna, şeýle hem elektron söwdalaryna ýol açar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we bu ugurda degişli maksatnamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi, gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowy hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.
    Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen işleriň jemleri, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän 2020-nji ýylda, şeýle hem 2021-nji ýylda ýurdumyzda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly binalaryň hem-de desgalaryň sanawy barada hasabat berdi.
    2020-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamanyň 115,1 göterim ýerine ýetirilendigi, şunda ösüş depgininiň 119,6 göterime ýetirilendigi barada hasabat berildi.
    Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça geçen dört aýda meýilnama 106,6 göterim ýerine ýetirilip, 106,5 göterim ösüş gazanyldy.
    Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 105,6 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 105,7 göterime barabar boldy.
    Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň bellenilen meýilnamasy 125,3 göterim berjaý edildi. Bu düzümde ösüş 126,5 göterime deň boldy.
    «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň meýilnamasy 121,2 göterim berjaý edilip, şunda ösüş 147,3 göterime barabar boldy.
    Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça ösüş 102,5 göterime deň boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda meýilnama 117,3 göterim ýerine ýetirildi.
    Wise-premýer Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp, 2020-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň möhletleri bilen baglanyşykly birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygyny habar berdi.
    Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, senagat pudagynyň täze kärhanalaryny döretmek we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly geçirilýän işler barada hasabat berdi.
    Gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gurluşyk maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýeterlik derejede üns berilmeýändigine ünsi çekdi.
    Milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň, hususan-da, sement önümçiliginiň talap edilýän möçberlere laýyk gelmeýändigine, işleriň pes derejede alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.
    Hormatly Prezidentimiz wise-premýere hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin örän möhüm serişde bolan sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de hilini has-da gowulandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.
    Şeýle hem ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeler berildi.
    Soňra göni aragatnaşyga birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow, söwda we daşary aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow hem-de dokma senagaty ministri R.Rejebow çagyryldy.
    Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berip, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň ösüşiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,7 göterime deň bolandygyny habar berdi.
    Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň möçberi şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim artdy.
    «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň möçberi 19,5 göterim köpeldi.
    Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 85-si geçirilip, şertnamalaryň 9 müň 342-si hasaba alyndy.
    Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň mukdary 93,4 göterim artdy. Hasabat döwründe sergileriň 2-si we maslahatlaryň 5-si geçirildi.
    Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň möçberi 11,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 62,4 göterim artdy.
    Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa içerki bazary zerur önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
    Dokma senagaty ministri R.Rejebow pudagyň kärhanalarynyň işleri, ýerli serişdelerden halkara ölçeglere kybap gelýän ýokary hilli önümleriň önümçiligi we olaryň görnüşleriniň artdyrylyşy barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna alyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
    Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pudagy sanlylaşdyrmak we täzeçil çemeleşmeleri hem-de oňa sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly söwdanyň döwrebap ulgamyny kemala getirmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
    Soňra wideoaragatnaşyga şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa, medeniýet ministri A.Şamyradow hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýew çagyryldy.
    Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, hasabat döwründe dürli medeni çäreleriň, şol sanda baýramçylyklara we beýleki şanly senelere bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň guralandygyny habar berdi.
    Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, pähimlerini we beýleki gymmatly maglumatlary toplamak, şolary düýpli öwrenmek hem-de ýygnanylan maglumatlary giňden ýaýmak maksady bilen, Medeniýet ministrliginiň hünärmenleriniň we Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň alymlarynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlary guraldy.
    Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi.
    Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň internet-saýtlarynda Türkmenistanda ýetilen belent sepgitler, geçirilýän döredijilik çäreleri, taryhy-medeni gymmatlyklar barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilýär.
    Metbugat neşirleriniň sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri beýan edilýär.
    Soňra medeniýet ministri A.Şamyradow ministrligiň garamagyndaky edaralaryň işlerini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Öz nobatynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýew teleradiogepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak, many-mazmunyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli medeni çäreleriň taýýarlanylyşyna ünsi çekip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýylyň dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz teleradioýaýlymlarda we metbugatda bilim bermegiň mekdep we institut programmalarynyň, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak we beýleki ugurlar boýunça hem-de kompýuter sowadyny öwrediş sapaklarynyň beýan edilmelidigini, kagyzly metbugaty elektron görnüşe geçirmegiň üstünde yzygiderli işlemelidigini aýtdy hem-de bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewi hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlarynyň netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Okuw-usuly toplumlar, elektron sözlükler taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi.
    Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 58 görnüşi neşir edildi.
    Ilkinji gezek sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň ulanylmagy arkaly okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry onlaýn usulynda geçirildi. «Ýaşlyk» teleýaýlymynda birnäçe okuw dersleri boýunça sapaklar görkezilip başlandy.
    Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalaryna, taslama bäsleşiklerine, şeýle hem internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejedäki medallara we degişli diplomlara mynasyp boldular.
    Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, garalýan döwürde bu ulgama degişli birnäçe täze döwrebap desgalaryň gurluşygynyň dowam edendigini habar berdi.
    Sporty ösdürmek meseleleri barada aýdyp, wise-premýer şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 30-synyň we köpçülikleýin sport çäreleriniň 32-siniň guralandygyny belledi. Ýurdumyzyň türgenleri halkara bäsleşikleriniň 11-sine gatnaşyp, jemi 39 medala mynasyp boldular.
    Hasabat döwründe 2021-nji ýylda geçiriljek ХХХII Tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işleri dowam etdi. Şeýle hem ugurdaş düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp baryldy.
    Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Soňra bilim ministri M.Geldinyýazow öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýene-de az wagtdan ýurdumyzyň mekdeplerinde gutardyş synaglarynyň başlanýandygyny, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa okuwlaryň tamamlanýandygyny aýtdy. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hem tomusky möwsüme taýýarlyk işleriniň degişli derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuw kitaplarynyň taýýarlanylmalydygyny we okuwlaryň guralmalydygyny nygtap, bu işde Ylymlar akademiýasynyň esasy orny eýelemelidigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz uzak aralykdan orta we ýokary bilim bermek ulgamyna taýýarlyk görmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, ýokary bilimiň täze nusgasyny degişli kanunçylyga girizmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa käýinç yglan etdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň ýanwar — aprel aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
    Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen baglylykda, ýanwar — aprel aýlarynda iri halkara guramalarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işler geçirildi.
    Şu ýylyň mart aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň duşuşygyna hem-de Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretary, Özbegistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Garalýan döwürde ýurdumyza Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 35-si geldi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň 83 wekiliýeti daşary ýurtlara saparlara iberildi.
    Hasabat döwründe ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, maslahatlaryň we duşuşyklaryň 109-sy geçirildi.
    Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek we giňeltmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli dürli halkara çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berdi.
    Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz A.Baýramowy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.
    Soňra wideoaragatnaşyga Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa çagyryldy, ol döwlet Baştutanymyza milli parlamentiň şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçiren işleri barada habar berdi.
    Şu döwürde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine, türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlarynyň 18-si we Mejlisiň Kararlarynyň 9-sy kabul edildi.
    Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.
    «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglanyşykly gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we seljermek boýunça her hepdede iş toparynyň mejlisleri geçirilýär.
    Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, okuw mekdeplerinde guralýan çäreleriň dowamynda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýän makalalarda konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti giňden beýan edilýär.
    Parlamentariler döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň öwrenilmegine bagyşlanan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
    Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Mejlis jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, 14-nji we 16-njy maýda ýurdumyzyň döwlet nyşanlaryna bagyşlanan maslahatlary geçirmäge taýýarlyk görýär.
    Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň metbugatda çap edilen taslamasy boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak we öwrenmek işlerini mundan beýläk-de gözegçilikde saklamagy, onuň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi.
    Soňra göni aragatnaşykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn bitaraplyk derejesine gabat gelýän we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünleriniň yzygiderli amala aşyrylmagynyň ähmiýetlidigini nygtady.
    Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçen dört aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Hökümetiň ýeterlik möçberdäki daşarky we içerki ätiýaçlyk gorlary bilen bilelikde alyp baran dogry işleriniň jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklap galmaga mümkinçilik berendigini belledi. Şonuň bilen birlikde, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bize halkara gatnaşyklaryndaky howa we ýerüsti ulaglaryň işine, önümleri ibermäge, syýahatçylyk ulgamyna, pul geçirmelerine we maliýe akymlaryna täsir edýän ýaramaz ýagdaýlara garşy durmak başardýar.
    Şeýle sebäplere görä, biz ýurdumyzda içerki önümçiligiň möçberleriniň azalmagyna garaşýarys. Şeýle hem dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň düýpli peselendigini hem göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ykdysady taýdan häzirki pese düşme 2008-2009-njy ýyllaryň ählumumy maliýe çökgünligi döwründen hem, 2014 — 2015-nji ýyllarda nebitiň bahasynyň pese düşen döwründen hem ýaramaz bolar diýlip garaşylýar.
    Aziýanyň Ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, jemi içerki önümiň ösüşiniň Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlarynda şu ýyl ýüze çykan düýpli pese düşmegi bilen, 2021-nji ýylda haýal dikeldiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Bolup geçen ozalky çökgünlikler ýaly, pul-karz syýasaty ykdysadyýet durnukly ýagdaýda ösdürilende islegleri kanagatlandyrmak üçin pul ýetmezçiligine duçar bolýar. Şeýle ýagdaýda Hökümetiň esasy wezipesi ýüze çykjak ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin ätiýaçlyk pul gorlaryny döretmekden ybaratdyr.
    Şoňa görä-de, Döwlet býujetiniň serişdelerini we döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalarynyň çykdajylaryny düýpli kemeltmeli bolýarys. Şunuň bilen birlikde, raýatlaryň öňündäki we telekeçiligi goldamak boýunça ähli durmuş ähmiýetli borçnamalarymyzy doly möçberde hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmegi üpjün etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
    Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýerleriň Döwlet býujetiniň çykdajylaryny azaltmak üçin teklipleri taýýarlamalydyklaryny, durmuş maksatly desgalardan beýleki desgalaryň gurluşyk maksatnamalarynyň ählisine gaýtadan seretmelidiklerini belledi. Şeýlelikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça täze býujeti düzmek babatda teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
    Döwlet serişdeleriniň sarp edilýän ugurlary üýtgedilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Çykdajylary azaltmagyň netijesinde alnan serişdeleri kärhanalary ykdysady we maliýe taýdan goldamagyň, maliýe ulgamyny sagdynlaşdyrmagyň guralyny döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirmeli. Iň esasy bolsa, lukmançylyk edaralaryny derman, gorag we anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün etmäge, karantin çykdajylaryny öz wagtynda maliýeleşdirmäge sarp etmeli.
    Şunuň bilen birlikde, eksportyň möçberini artdyrmak boýunça işleri hem güýçlendirmeli, azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamaly. Azyk harytlarynyň bahasyna, bu önümler bilen dükanlaryň we bazarlaryň bolelin üpjünçiligine aýratyn gözegçilik etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir, 9-njy maýda Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.
    Geçen urşuň jebir-jepalarydyr betbagtçylyklary ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. Millionlarça adamlar faşizmiň rehimsiz syýasatynyň pidasy boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Dünýä ykdysadyýetine, adamzadyň medeni, ylym-bilim ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirildi. Beýik Ýeňşe bolan arzuw-umytlar Türkmenistanyň halkyny hem gahrymançylykly göreşe jebisleşdirdi.
    Doganlyk halklar bilen birlikde, watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de watançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezdiler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Tylda galan garrylar, gelin-gyzlardyr ýetginjekler hem gaýratly zähmet çekip, fronta zerur önümleri, egin-eşik we azyk iberip, şanly Ýeňşe uly goşant goşdular. Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy tabşyryldy. Biz uruş gahrymanlarymyzyň, tylyň merdanalarynyň hatyralaryny hemişe belent tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz weteranlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, saglyklaryny berkitmäge uly üns berýär. Dynç alyş öýlerinde, şypahanalardyr hassahanalarda durmuş ýeňillikleri döredilýär.
    Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, olaryň ýanýoldaşlaryny we tylda zähmet çeken weteranlary Ýeňşiň 75 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karar kabul edildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Parahat we azat durmuş üçin söweşip, ot-ýalnyň içinden geçen ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Ýurdumyzyň ähli halkyna, hormatly weteranlara ýüzlenip, milli Liderimiz olary uly pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
    Goý, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk we asudalyk bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş hem-de uly üstünlikler arzuw etdi.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ertir, 9-njy maýda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňünde dabaraly harby ýöriş geçiriler. Agşamlyk bolsa baýramçylyk salýuty bolar.
    Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.