Gahrymançylyk unudylmaýar

    Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň merdana ogullary gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. «Ýeňiş baýramy parahat we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp baýram halklary ýakynlaşdyrýar, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýar». Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň bütindünýä ähmiýetini görkezýär.
    1941-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrlarynda Moskwanyň eteginde gazaply söweşler başlanýar. Moskwa ugrundaky söweşlerde heniz görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk görkezilýär. Moskwany goramakda köp sanly türkmen ýigitleri edermenlik görkezip, uly şöhrat gazanýarlar. 1941-nji ýylyň dekabrynda goranmakdan kuwwatly, ýaýbaňlandyrylan hüjüme geçilip, gitlerçi goşuna kül-peýekun ediji zarba urulýar. Bu ilkinji ýeňiş goşuny we halky diýseň ruhlandyrýar. Ruhdan düşen duşman Moskwanyň etegindäki masgaraçylykly ýeňlişden soň, özüni dürsemek maksady bilen ýurduň günortasyndan gelýän ýangyç, azyk kömeginiň ýoluny kesmek üçin, şol tarapa hüjüme geçmegi meýilleşdirýär. 1942-nji ýylyň tomsunda hüjüme geçýärler. Şol ýylyň iýulynyň ortalarynda gitlerçi basybalyjylar san taýdan ep-esli agdyklyk edýän goşunyny, tehnikasyny jemläp, Günorta-günbatar fronty böwsüp, Stalingrada tarap okdurylýarlar. Türkmenistanly esgerler Wolga boýundaky şäheri goramak ugrundaky ählihalk göreşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga mertlerçe girişýärler. Front üçin ätiýaçlykdaky goşunlary taýýarlamak işi güýçlendirilýär. 
    1942-nji ýylda Aşgabadyň harby-pyýada okuw mekdebi Stalingrad we beýleki frontlar üçin 1707 seržanty taýýarlap, fronta ugradýar. 
    Türkmenistanlylardan — bir müňden gowrak esgerden düzülen 88-nji aýratyn atyjylar brigadasy Günorta-günbatar Stalingrad frontuna ugradylýar. 1943-nji ýylyň ýanwarynda 97-nji atly diwiziýa Günorta fronta — Stalingrad oblastyna ugramak hakdaky buýrugy alýar. Harby düzümiň üsti 4-nji atçylyk korpusy bilen doldurylýar. Stalingradyň eteginde türkmenlerden düzülen harby birleşmeler, doly düzümde bolmasalar-da, gahryman şäheri goramaklyga edermenlik bilen gatnaşýarlar.
    78-nji, 79-njy we 99-njy brigada 4-nji kawaleriýa korpusy, düzüminde 81-nji kawaleriýa diwiziýasy bilen 1942-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Stalingrad frontuna gelýär hem-de Günorta Stalingradyň söweş hereketlerinde uly meşhurlyk gazanan 51-nji armiýanyň garamagyna geçirilýär. Wolga boýundaky söweşlerde frontda we tylda kawaleriýa korpusyna — hereket edýän goşuna uly ähmiýet berilýärdi, bu korpusa general-leýtenant T.T. Şapkin, onuň orunbasary, ilkinji türkmen general-maýory Ýakup Kulyýew ýolbaşçylyk edýärdi. Stalingrad fronty 20-nji noýabrda garşylyklaýyn hüjüme geçende, onuň zarba urujy toparlary Sarpa, Sasa, Barmasak adalarynyň aralygyndaky duşmanyň goranyş hataryny böwsüp geçýär, bu ýagdaýda dörän geçelge bilen mehanizmleşdirilen goşun hem-de 4-nji atly kawaleriýa korpusy öňe okdurylýar.
    Duşmanyň yza çekilýän ýoluny kesmek maksady bilen korpusyň kawaleriýa diwiziýasy belentli-pesli, aýlawly, agaçlardan döredilen päsgelçilikli 65 kilometrlik ýoly çakgan geçip, gitlerçileriň goranyş jümmüşine aralaşýarlar. 21-nji noýabrda olar duşmanyň döreden päsgelçiliklerini ýok edip, Abganerowo stansiýasyna kürsäp girýärler, ol ýerde 4-nji mehkorpusyň tankçylary bilen bilelikde duşman goşunlaryny üpjün edýän Stalingrad-Salsk demir ýolunyň arasyny kesýärler. Şonuň bilen birlikde, duşmanyň 5 müň esgerini, serkerdelerini ýesir alýarlar, pulemýotlary, awtoulaglary ýükleri bilen alyp, ýangyç ammarlaryny eýeleýärler. Stansiýa barýan demir ýol duşman eşelonlaryndan doly bolupdyr. Korpusyň bölümleri Abganerowo obasyndan 550-ä golaý duşman esgerini, serkerdelerini, 18 pulemýot, 9 awtoulag we 3 sany ýangyç ammaryny ele salýarlar. Şeýlelikde, 4-nji kawaleriýa korpusynyň ilkinji söweşiniň netijesinde duşman zarba urmak üçin ulanýan ýangyç ammarlaryndan mahrum edilýär. Stalingrad frontunyň komanduýuşşisiniň orunbasary Popow bu şahsy düzümi söweş üstünligi bilen gutlap, olara hoşallyk bildirýär. Harby düzümlere başarjaň ýolbaşçylyk edenligi, şahsy batyrlygy, edermenligi üçin general-leýtenant T.T.Şapkin Kutuzow ordeniniň II derejesi, general-maýor Ý.Kulyýew we 81-nji kawaleriýa diwiziýasynyň komandiri W.G.Baumşteýn dagy Lenin ordeni bilen sylaglanýarlar.
    4-nji kawaleriýa korpusy duşmanyň tylynyň günorta tarapdaky ätiýaç goşunlaryny hem çym-pytrak edýär. 81-nji kawaleriýa diwiziýasy iki günüň dowamynda duşmana ep-esli ýitgi çekdirip, Gonçarowskiý obasyny azat edýär, Aksaý stansiýasyny, Zutowo hutoryny eýeleýär. Werhneýe-ýabloçnyý obasyny hem azat edip, Kotelnikowo posýologynyň demirgazyk-günbataryna ýetýärler hem-de artykmaç güýçli duşmana garşy söweşe girişýärler. Kotelnikowonyň çäklerinde korpus agyr goranyş ýagdaýynda söweşi alyp barmaga mejbur bolýar. 
    4-nji kawaleriýa korpusy 85-nji tankçy brigada bilen Kotelnikowo raýonynda täzeden hüjüme geçýärler. Pohlebino hutoryny azat etmekde agyr söweşler bolýar, 81-nji kawaleriýa diwiziýasy gitlerçileriň 150 tankynyň, motorlaşdyrylan goşunlarynyň, awiasiýasynyň garşysyna gabawdan hüjüme geçýär. Diwiziýanyň söweşijileri duşmanyň 69 tankyny ýakyp-ýandyryp, gabawdan çykýarlar. Bu gandöküşikli söweşde 81-nji kawaleriýa diwiziýasynyň komandiri polkownik W.G.Baumşteýn, diwiziýanyň ştabynyň başlygy A.A.Terehin, diwiziýanyň syýasy bölüminiň başlygy W.T.Turbin, eskadronyň komandiri leýtenant Hutdy Mahmudow, esgerler Aždar Setdarow, Aman Isaberdiýew we beýlekiler mertlerçe wepat bolýarlar.
    1942-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Kotelnikowo raýonynda 4-nji kawaleriýa korpusy Günorta frontuň 2-nji armiýasynyň garamagyna berilýär. Olaryň öňünde duşmanyň Kotelnikowo toparlanyşygyny çym-pytrak etmek wezipesi goýulýar. Bu tabşyrygy ýerine ýetirmekde korpus kyn, agyr ýitgi çekýär. 219-njy polkuň 61-nji kawaleriýa diwiziýasy öňdäki hatarda bolýar, belentlige tarap 4-nji kawaleriýa korpusynyň komandiri, general-maýor Ýakup Kulyýew ugraýar, ol elmydama kynçylyk bar ýerine ýetişýärdi. Onuň buýrugy bilen eskadronyň kawaleriýasy çep ganatdan böwsüp çykýar. Duşman artilleriýa minemýotyndan güýçli ot açýar. General ölüm howply ýaralanýar we şol gün hem söweşjeň ýoldaşlarynyň elinde jan berýär. Ýakup Kulyýew elmydama özüniň batyrlygy, öz janyny gaýgyrmazlygy bilen tapawutlanýar. Söweşjeň generalyň ölümi baradaky ajy habary türkmen halky agyr hasrat bilen kabul edýär. Murgap derýasynyň kenarynda Ýakup Kulyýewiň bürünç ýadygärligi dikeldilýär we uly bagçylyk ösdürilip ýetişdirilýär.
    Wolga ugrundaky söweşlerde köp sanly türkmenistanly esgerler öz atlaryny şöhrata besleýärler. Olar beýleki halklaryň esgerleri bilen birlikde söweşip,  batyrlygyň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezýärler. Traktor zawodynyň golaýynda artilleriýaçy Gary Sopyýew duşmanyň 4 tankyny, özi ýöreýän ýarag desgasyny hatardan çykarýar. Abganerowo demir ýol stansiýasynda bolan söweşlerde 4-nji korpusyň 81-nji kawaleriýa diwiziýasynyň esgerleri we serkerdeleri gaýduwsyz söweşipdirler. Pulemýot wzwodunyň leýtenanty Hojanepes Abdyýew hem-de kiçi leýtenant Gündogdy Gazakow dagy duşmanyň hüjümini batyrgaýlyk bilen gaýtarypdyrlar.
    Stalingrad frontunda pulemýotçy Nury Esenow edermenligiň nusgasyny görkezýär. Tankçylar Begenç Jumaýew, Täçgeldi Garataýew, Buran Hudaýbergenow we Sattar Ganeýew gahryman şäheriň agyr we kyn goralýan günlerinde duşmanyň tanklaryny ýok edýärler. Kawaleriýa eskadronynyň komandiri Molla Nyýazow mert, batyrgaý söweşýär. Ençeme aňtaýyş işlerini alyp baran M.Sadykow ştaba duşman barada gymmatly maglumatlary getirmegi başarýar.
    Türkmen kawaleriýa diwiziýasynda terbiýelenen Hoja Mülkiýew 76 millimetrlik topy bilen duşmana garşy rehimsiz ot açýar. Doganlar Agahan we Kakaly Maşakowlar fronta meýletin gidip, Stalingraddan tä Berline çenli edermenlikli söweş ýoluny geçýärler.
    Stalingrad frontunda söweş edermenligi bilen tapawutlanan türkmenistanly söweşijileriň altysy «Şöhrat» ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanýar. Olaryň arasynda pulemýotçy Muhammetguly Durdyýew, pulemýot rasçýotynyň komandiri Myrat Gurbanow, topy gönükdirijiniň kömekçisi Ylýas Öwezgeldiýew, aňtaýjylar wzwodynyň komandiri Fatih Dineýew, pulemýotçy Ahmet Allaberdiýew hem-de artilleriýaçy Bazar Rahmanow dagy bardy. Stalingrad söweşine gatnaşan türkmenistanlylaryň birnäçesine Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakylýar. Türkmenlerden düzülen 97-nji kawaleriýa diwiziýasynda taýýarlanylan, kawaleriýa eskadronynyň komandiri Mülki Baýramow, kawaleriýa eskadronynyň komandiriniň kömekçisi Oraz Annaýew, pulemýotçy Tagan Baýramdurdyýew we Rejep Durdyýew, kawaleriýaçy Jumagaly Kaldygaraýew, artilleriýaçy Muhammet Gylyjow, pulemýotçylaryň wzwod komandiriniň kömekçisi Täçmämmet Nyýazmammedow gitlerçilere garşy batyrgaýlyk bilen söweşýärler. Gahryman şäheriň çäklerindäki söweşlerde Pena Rejebow tanka garşy atýan ýaragy bilen duşman tehnikalaryny mergenlik bilen atyp ýok edýär. Şeýlelik bilen, türkmenistanlylardan 30 esger Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolýar. 
    Türkmenlerden düzülen 97-nji kawaleriýa diwiziýasynda terbiýelenip taýýarlananlaryň biri, 112-nji başgyrt kawaleriýa diwiziýasynyň 8-nji kawaleriýa korpusynyň komandiri, leýtenant Annagylyç Ataýew Stalingrad söweşinde gahrymançylyk görkezip, öz adyny müdimilik şöhratlandyrýar. 1943-nji ýylyň 21-nji ýanwary gije ol 30 söweşijä baştutanlyk edip, Belaýa Kalitwa şäheriniň golaýynda duşman tarapyndan gowy berkidilen belentligi almak buýruguny ýerine ýetirýär. Elden giderilen belentligi yzyna gaýtaryp almak maksady bilen duşmanyň garşysyna 7 gezek gazaply hüjüme geçýärler. Gandöküşikli söweşlerde gahrymanlar gitlerçileriň 300-sini öldürýärler. Esasy güýçler gelýänçe, belentlik saklanýar, topar öz komandiri bilen bilelikde wepat bolýar. Görkezen gahrymançylygy üçin her bir söweşiji wepat bolandan soň, Watançylyk urşunyň I derejeli ordeni bilen sylaglanýar. Leýtenant A.Ataýewe harby tabşyrygy edermenlik we batyrlyk bilen ýerine ýetirip wepat bolandan soň, Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakylýar. A.Ataýew Belaýa Kalitwa şäherini azat etmek ugrunda söweşde wepat bolanlaryň meýdanynda jaýlanýar. Oňa Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, öz dogduk obasynda hem ýadygärlik dikeldilýär.
    Türkmen ýigitleri beýleki halklar bilen bilelikde Stalingrady azat etmekde özleriniň uly goşantlaryny goşdular. Tylda bolsa zähmetkeşler fronty ok-däri, azyk harytlary bilen üpjün etmekde uly işeňňirlik görkezdiler. Olar frontdakylary maddy we ruhy taýdan goldamak üçin, fronta sowgat bilen öz wekillerini ugratdylar. Halkymyzyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy hakyndaky ýatlamalar nesilleriň kalbynda müdimilik ýaşaýar.