Merdana gerçeklere baky şöhrat!

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir, şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen dünýäde uly at-abraýa eýe boldy.
    Şu ýyl 1941 — 1945-nji ýyllarda dünýäni elendiren urşuň Ýeňiş bilen tamamlananyna 75 ýyl dolýar. Bu uruşda müňlerçe türkmenistanlylar doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. 
    Uruş ýyllarynda Türkmenistandan fronta ugradylanlaryň sany 200 müňden gowrak bolýar. Uruş başlamanka goşun gullugyndakylaryň sany hem onlarça müňe ýetipdir. Uruşda erkekler bilen birlikde, aýal-gyzlar hem söweşipdirler. Şolaryň arasynda lukmançylyk gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa, lukman Dürjemal Ysmaýylowa, şepagat uýalary Amantäç Kadyrowa, Roza Gurbanowa ýaly ildeşlerimiz bar. Türkmen ýigitleri hem bu uruşda mertligiň, edermenligiň belent nusgasyny görkezýärler.
    Uruş ýyllarynda gahrymançylyk görkezen esgerleriň biri hem Berdimuhamet Annaýewdir. 
    Berdimuhamet Annaýew 1904-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda eneden dogulýar. Ol mugallym bolup zähmet çekýär. Beýik Watançylyk urşuna hem gatnaşýar. 1943-nji ýylda 2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýew söweşlerde gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezýär. Ol uruşdan II topar maýyp bolup gelýär. 
    Söweşe ýaran ýigitleriň urşa gitmegi bilen, agyr zähmetiň hemmesi aýal-gyzlaryň, garrylaryň, çagalaryň gerdenine düşüpdir. Türkmenistanyň ilaty urşa kömek diýip pul, bezeg şaýlaryny beripdirler. Ýeňiş gazanmak üçin her kim elde baryny edýärdi. Zähmet haklarynyň bir bölegini Goranmak fonduna geçirýänler hem köpdi. Halk tarapyndan esgerlere ellik, jorap, dolak ýaly ýyly eşikler hem iberilipdir. Uruş ýyllarynda söweşip ýören esgerlere jemi 200 müňden gowrak posylka ýollanypdyr. Aýal-gyzlar bolsa jemi 7 tonnadan gowrak gyzyl-kümüş bezeg şaýlaryny Goranmak fonduna tabşyrypdyrlar. 
    Urşuň ilkinji günlerinde watansöýüji türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi fronta meýletin gitdiler. Olar özleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, watansöýüjiligi, edermenligi bilen beýik pederlerimiz Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň mynasyp nesilleridigini görkezdiler hem-de dürli halklaryň wekilleriniň arasynda türkmeniň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä meşhur etdiler. Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça söweşen türkmen ýigitleri şeýle beýik hormata, şeýle beýik sarpa mynasypdyrlar. Biz bu gerçekleriň hemişe sarpasyny tutup, Ýeňiş gününi uly baýramçylyk hökmünde belleýäris. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň beýik arzuwydy. Bu gün pederlerimiziň şol mukaddes arzuwy amala aşdy — Türkmenistan Garaşsyz hem Bitarap ýurt boldy. Hormatly Prezidentimiz türkmen gahrymanlarynyň sarpasyny hemişe belent tutýar. Olaryň görkezen gahrymançylygynyň, mertliginiň hem edermenliginiň nesiller üçin nusga bolmalydygyny aýdýar.
    1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Merdana gerçeklere baky şöhrat!» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri, döwrümizi wasp edýän zergärçilik eserleri görnükli ýerlerde goýuldy.      
    Sergide Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bütin durmuş ýoly, Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi nesiller üçin watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, merdanalygyň ýokary nusgasydyr. 
    Sergide 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda urşuň başlanmagynyň yglan edilmegini we 83-nji dag atyjylyk diwiziýasynyň, 42-nji aýratyn atly goşun bölüminiň esgerleriniň harby kasam kabul edýän pursatlaryny görkezýän fotosuratlar hem bar. Urşa gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Aýdogdy Tahyrow, Annagylyç Ataýew, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly watandaşlarymyzyň fotosuratlaryny we portretlerini, tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin altyn-kümüşlerini, esgerler üçin ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän fotosuratlary synlamak mümkin. Sergide 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdeleriniň hasabyna ýasalan tankyň makedi, dürbi, söweş torbasy, şol döwrüň harby eşikleri, sowuk ýaraglary hem görkezilýär. Şeýle-de sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan ot açýan ýaraglar, uruş ýyllarynda peýdalanylan birnäçe esger esbaplary hem bar.     
    Bu ýerde söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan, türkmen ansamblynyň çykyş edip duran pursatlaryny şöhlelendirýän dokumental fotosuratlar, türkmen saz gurallaryny, söweş meýdanlarynda lukmançylyk edip edermenlik görkezen türkmen zenanlarynyň fotosuratlaryny, uruşda gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallary, frontdan gelen üçburç hatlary, uruşda edermenlik görkezen harby esgerleriň şahsy resminamalaryny synlamak bolýar. «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplaryna hem ýörite orun berilýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabaralaryndan pursatlar hem şöhlelenýär.      
    Serginiň dowamynda Beýik Watançylyk urşunda ilkinji bolup gahryman adyny alan türkmen ýigitleriniň, beýleki edermen türkmenistanlylaryň fotosuratlary, olaryň merdanalygyna berlen bahany görkezýän resminamalaryň — şahadatnamalaryň nusgalary görkezilýär. Beýik Watançylyk urşuna we onda gazanylan ýeňşe degişli köp sanly taryhy suratlar, görnükli suratkeşlerimiziň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan eserleri we beýlekiler bu ýerde öz ornuny tapdy.
    Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek biziň mukaddes borjumyzdyr. Nesiller biziň ata Watanymyzyň taryhyny çuňňur bilmelidir. Bu taryh bolsa buýsançly wakalardan doly. 
    Watan mukaddesdir, onuň her daban ýeri biz üçin gymmatly. Gowy günlerde-de, agyr günde-de Watany söýmek, goramak biziň borjumyzdyr. Milli Liderimiz bize Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýär. Şu ýol bilen biz ýeneki beýik üstünliklerimize ýetip bileris, eziz Türkmenistanymyzyň hemişe parahatlygyň hem ösüşiň dünýä şugla saçýan merkezi hökmünde gülläp ösýändigine buýsanyp bileris.