MERTLER WATANY, WATAN MERTLERI BEÝGELDÝÄR

    Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň ýaşuly ýaşaýjylarynyň 894-si «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Olar uruş weteranlary, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlary we tylda zähmet çekenlerdir.
    Düýn welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde ýubileý medalyna mynasyp bolan ildeşlerimizi sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenabat şäherindäki dabaralar welaýat Medeniýet müdirliginde ýaýbaňlandyryldy. Sylaglanyş dabaralarynyň ählisi baýramçylyk ruhuna beslendi. Görnükli medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, Ýeňiş gününe bagyşlanan joşgunly aýdymlar baýramçylygyň esasy gahrymanlarynyň şatlygyny artdyrdy.
    Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Goranmak ministrliginiň ýerli harby gullukçylary sylaglananlaryň öýünde bolup, olara ter gül desselerini, gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

    Töre BABANAZAROW, Türkmenabat şäherinden, uruş weterany:
    — Taryha iň ýowuz we köp adam pidalaryny getiren uruş hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda jan aýamadyk merdanalaryň görkezen gahrymançylygy unudylmazdyr. Ýigitligim ganym urşa gabat geldi. Biz frontdaş dostlarymyz, egindeşlerimiz bolup, azat, erkana ýaşaýyş ugrunda janymyzy aýaman söweşdik. Zalym uruş gül ýüzli ýigitleriň millionlarçasynyň ömür tanapyny üzdi. Bu agyr ýitgileri ýaş nesiller hiç haçan unutmaly däldirler. Munuň özi olaryň perzentlik borjudyr.
    Gerçekleriň goran mukaddes Watany bu günki gün ösüşlere, eşrete beslenýär. Ýurtda parahatçylyk, bolelinlik. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şeýle boldy. Ynha, bu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sylaglar gowşuryldy. Men hem «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandym. Bu meniň goja kalbymy şatlandyrdy.
    Hawa, hormatly Prezidentimiz juda jaýdar belleýär: mertler Watany beýgeldýär! Bu günki gün ýurdumyzyň ähli ýerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar Watanyň hem mertleri beýgeldýändigini görkezýär. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyşymyz çäksizdir.

    Abadan MYRADOWA, Saýat etrabyndan, urşa gatnaşyjynyň ýanýoldaşy:
    — Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty biz ýaly ýaşuly nesliň wekilleriniň ruhuny galkyndyrýar. Milli Liderimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy saklamak, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmek babatda nusgalyk işleri alyp barýar. Uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalan. Biziň saglygymyzy berkitmek, dynç almagymyzy üpjün etmek babatda yzygiderli alada edilýär. Pensiýa pullarymyz yzygiderli köpeldilýär. Ýurdumyzyň içindäki islendik şypahanada hiç bir müşgilsiz dynç alyp, saglygymyzy berkidip bilýäris. Ornumyz hemişe törde. Berilýän kömek-goldawlar, döredilýän ýeňillikler belent başymyzy göge ýetirýär. Gahryman Ogluň Permany bilen ýubileý medalyna mynasyp bolanlaryň arasynda adymyň tutulmagy, maşgalamyza şatlyk getirdi.
    Uly hormat bilen adymyzy tutup, mertebämizi beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!