TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI

    5-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
    Mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
    Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ilatyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýändigini, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça işleriň toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady.
    Döwlet Baştutanymyzyň adamyň saglygyna uly howp salýan we şoňa görä-de, bütin dünýä jemgyýetçiliginde biynjalyklanma döredýän täze koronawirus ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar, ýokary derejede hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri guraldy.
    Milli Liderimiziň ilatyň saglygy baradaky aladalarynyň netijesinde ýokanç keselleri öňünden duýdurmak, ilatyň bu kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli ulgamlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy.
    Türkmenistanda käbir ýokanç keseller, şol sanda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly keseller ýok edildi. Gazanylan üstünlikler halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi hem-de degişli güwänamalar bilen tassyklanyldy.
    Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözmek bilen, duzy ýodlaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirildi. Bu bolsa ýoduň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýüze çykýan keselleri netijeli öňünden duýdurmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň ählumumy ýodlaşdyrmagyň gazanylandygy barada halkara güwänama mynasyp bolmagy bu işleriň netijesi boldy. Türkmenistanyň GDA girýän döwletleriň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji, dünýäde bolsa dördünji ýurt bolup, duzy halkara ölçeglere laýyklykda ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde ykrar edilendigi bellärliklidir.
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda waksinalary satyn almak barada 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Ähtnama gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, ýokanç keselleriň 11-sine: inçekesele, poliomiýelite, B gepatite, difteriýa, gök bogma, bürmä, HIP ýokanjyna, gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma we adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalar satyn alyndy.
    Milli sanjym tertibine 2019-njy ýylda ýene-de üç sany täze waksina, ýagny rotowirusa, pnewmokokka we A gepatite garşy sanjymlar girizildi.
    Geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem 200 müň dozadan gowrak dümewe garşy waksinalar satyn alyndy. Häzirki döwürde bolsa, bu tertibe laýyklykda, 14 ýokanç keseliň garşysyna 13 sany waksina satyn alynýar.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine eýerilip, ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýokary üstünlikli sporty we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini ösdürmek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
    Birinji tapgyrda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we harby gullukçylar lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmäge girişildi. Häzir bu işler dowam edýär. Ikinji tapgyrda şeýle barlaglary guramalarda we edaralarda işleýänleriň arasynda, üçünji tapgyrda bolsa uly ýaşly adamlaryň arasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
    Öňüni alyş barlaglaryny pediatrlar, terapewtler, stomatologlar, oftalmologlar, gulak-burun-bokurdak we beýleki degişli ugurlaryň hünärmenleri geçirýärler. Saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy ýüze çykarylanda aýry-aýry raýatlar lukmanlaryň dispanser gözegçiligine alynýar hem-de goşmaça barlaglardan geçirilýär, zerur bolsa olara gatnaw we ýatymlaýyn bejergiler berilýär.
    Ministr halkymyzyň saglygyny goramak we saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak hem-de keselleriň garşysyna göreşmek ukybyny berkitmek boýunça öňde goýlan ähli wezipeleri lukmanlaryň yzygiderli çözjekdiklerine ynandyrdy.
    Soňra Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň garşysyna hem-de onuň ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki talaplara laýyk derejede guralyşy bilen bir hatarda, obasenagat toplumynyň bölümlerinde we tebigaty goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň çäklerine ýokanç keselleriň aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylyşyna takyk gözegçiligiň mundan beýläk-de üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa sazlaşygyny saklamak meselelerine, weterinar gözegçiligine we ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almaga örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.
    Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem demir ýol pudagynda dünýäde giňden ýaýran ýokanç keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.
    Milli Liderimiz bu edaranyň ýerine ýetirýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wagonlaryň arassaçylyk ýagdaýlaryny düýpli gözegçilikde saklamagy hem-de keseli anyklaýyş ykjam enjamyň kömegi bilen ýokanç keselleriň ýüze çykarylmagy babatda ýolagçylary mundan beýläk-de barlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin şol çäreleriň ählisiniň ulgamlaýyn bolmagyny üpjün etmegi talap etdi.
    «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanow häzirki döwürde ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýokanjyň ýaramaz täsirini öňünden duýdurmak boýunça görülýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň awtoulaglary ulgamynda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek üçin hemme zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyryp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, COVID-19 ýokanjynyň öňüni almagyň möhümdigini aýtdy.
    Soňra «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini zerur derejä çykarmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik nokatlarynda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk üpjünçiligi boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz agentligiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen bagly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý göz öňünde tutulyp, bu ýagdaýlara aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
    «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň işine häzirki zaman ösen tejribesini giňden ornaşdyrmak, howa gatnawlaryny döwrüň ýagdaýyna görä guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işler, şol sanda yzygiderli zyýansyzlandyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berildi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işine toplumlaýyn we netijeli häsiýet bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleri lukmançylygyň talabyna pugta laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
    Milli Liderimiz bu nokatlary ýörite skanirleýji enjamlary, gorag serişdeleri bilen üpjün etmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
    Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewe söz berildi. Ol häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, toplumyň düzümlerinde öňüni alyş çäreleriniň geçirilişi barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri hökmünde nebitgaz senagatynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns berilmelidigini belläp, energetika ulgamynyň ähli bölümlerine ylmyň gazananlaryny maksadalaýyk ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
    Şunuň bilen baglylykda, öýkeniň ýiti sowuklamagyna getirýän täze ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri hem ünsden düşürmeli däldir. Şu maksatlar bilen, işgärleriň arasynda düşündiriş çäreleri yzygiderli alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli tabşyryklary berdi.
    Soňra Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow institutda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ylmy işleriň gerimini giňeltmek bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Dünýäde tutuş adamzat üçin wehim bolup durýan COVID-19 ýokanjyna garşy göreş çäreleriniň ylmy taraplary baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
    Şeýle hem dost-doganlyk deňzi bolan Hazar deňziniň aýratynlyklaryny, onuň biodürlüligini ylmy esasda öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet bermelidigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, deňiz çäklerinde geçirilýän degişli işler dowam etdirilmelidir. Munuň özi ylmy nukdaýnazardan möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem howply ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işleri alyp barýan bölümleriň maliýeleşdirilişi barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz bank-maliýe ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine uly üns berilmelidigini belläp, bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny işjeň ornaşdyryp, anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça degişli işleri amala aşyrýan düzümleri zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek meseleleriniň dessine çözülişi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň ähli düzümlerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hoşniýetli erkiň, dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Türkmenistandan harytlaryň tapgyrlaryny Russiýa ibermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
    Milli Liderimiz edilen çykyşlar ara alnyp maslahatlaşylandan soň, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we rus halklaryny uzak taryhy döwürleriň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormatlamak hem-de birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, umumy baýramymyzyň — Ýeňiş gününiň öň ýanynda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen harytlaryň Russiýa Federasiýasyna iberiljekdigini aýtdy.
    Munuň özi iki döwletiň we halkyň arasyndaky ysnyşykly hem-de bozulmaz gatnaşyklaryň ýene-de bir ýüze çykmasy bolar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de degişli Buýruga gol çekdi.
    Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, adamlaryň saglygyny we ömrüni goramak, şeýle hem howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, bu işleriň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýandygyny aýtdy. Munuň üçin döwlet derejesinde ähli tagallalar edilýär, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa getirilýär, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça geçirilýän işler toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär.
    Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen bu ugurda hemişe tejribe alyşýar, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýär, adam saglygyny goramak bilen baglanyşykly geçirilýän ähli halkara çärelere işjeň gatnaşýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlisiň netijelerini jemläp, ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümetiniň bu howply kesele garşy göreşmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşip, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çäreleri görüp başlandygyny nygtady.
    Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi. Bu keseliň ählumumy häsiýete eýe bolýandygyny we dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsir edýändigini göz öňünde tutup, biz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyny döretdik diýip, milli Liderimiz belledi.
    Bu toparyň häzire çenli 28 mejlisi geçirildi. Şol mejlislerde möhüm çözgütler kabul edildi. Ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn işler geçirildi. Ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi.
    Birinjiden, raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegi we beýleki döwletleriň raýatlarynyň ýurdumyza gelmegi, şeýle hem halkara howa gatnawlary wagtlaýyn duruzyldy;
    Ikinjiden, ýurdumyza ýükleri getirmek we üstaşyr geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet serhedinde 9 sany gözegçilik geçiriş nokady, ýagny Türkmenbaşy halkara deňiz portunda, şeýle hem Garabogaz, Serhetýaka, Farap, Ymamnazar, Serhetabat, Sarahs, Artyk, Akýaýla nokatlary kesgitlendi;
    Üçünjiden, ýurdumyzyň demir ýol gatnawy boýunça welaýat we etrap gözegçilik nokatlary döredildi we bu ýerlerde öňüni alyş işleri güýçlendirildi.
    Raýatlar üçin lukmançylyk gözegçiliginiň iki tapgyrlaýyn ulgamynyň işi ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Birinji tapgyrda daşary ýurtlardan gelýän raýatlardan barlaghana üçin nusgalar alynýar. Şondan soň, olar Garabogaz, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde döredilen karantin zolaklarynda gözegçilikde saklanylýar. Ikinji tapgyrda bolsa hassahanalardan öýlerine gaýdan raýatlar ýaşaýan ýerlerinde 14 günüň dowamynda maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolýarlar.
    Aýratyn howply keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş edaralary zerur bolan lukmançylyk enjamlary, gorag serişdeleri, test-ulgamlar hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen doly üpjün edildi.
    Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda serhet, migrasiýa, saglygy goraýyş, oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we beýleki hünärmenlerden ybarat toparlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy ýola goýuldy.
    Ähli edaralarda dezinfeksiýa hem-de zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler ýokary derejede geçirilýär. Şeýle hem biz Hazar deňzinde bu işleri güýçlendirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Mundan başga-da, daşary ýurtlardan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik etmegiň tertibi girizildi. Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky suw akabalarynyň hem-de howdanlarynyň, şeýle hem suw desgalarynyň goralyşyna gözegçilik güýçlendirildi. Suw çeşmelerinden suw alnyp, soňra barlaghanalarda barlagdan geçirilýär.
    Ähli edara-kärhanalarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda nokatlarynda hem-de bazarlarda, ähli ulag serişdelerinde, serhet zolaklarynda we ilatly ýerlerde öňüni alyş zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işleri giňden geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Ilat arasynda, bilim edaralarynda, harby bölümlerde we kärhanalarda özüňi alyp barmagyň kadalary wagyz edilip, şahsy arassaçylyk düzgünleri düşündirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugurda zerur bolan maglumatlar berilýär.
    Öz wagtynda görlen şeýle toplumlaýyn öňüni alyş çäreleriniň netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňi alyndy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de koronawirus ýokanjy bilen bagly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary göz öňünde tutup, biz ilat arasynda ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek boýunça başlan işimizi dowam etmeli diýip nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işleriň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri guramagyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şu maksat bilen:
    — ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň öňüni almak, ony anyklamak hem-de bejermek üçin zerur bolan derman serişdeleriniň, sarp ediş materiallarynyň, lukmançylyk enjamlarynyň hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleriniň gorlarynyň üstüni yzygiderli dolup durmaly;
    — saglygy goraýyş edaralarynyň ähli lukmançylyk işgärleriniň arasynda ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň öňüni almak, ony anyklamak we bejermek boýunça okuwlary geçirmegi dowam etmeli;
    — keseli anyklamak üçin barlaghana test-ulgamlaryny satyn almaly hem-de olaryň gorlarynyň üstüni dolup durmaly;
    — raýatlary lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek üçin ýurdumyzyň Döwlet serhediniň hemme geçiriş ýerlerinde ähli şertler döredilen we halkara standartlara laýyk gelýän karantin nokatlaryny döretmeli;
    — ylmy çaklamalara laýyklykda hem-de ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ikinji tapgyryna garaşmak bilen baglylykda, ýurdumyzda derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk enjamlarynyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmeli;
    — ýurdumyzyň dürli senagat pudaklarynyň önümçilik binýadynda lukmançylyk enjamlarynyň goşmaça öndürilmegini ýola goýmaly. Bu işleri amala aşyrmak üçin zerur bolan maýa goýumlaryny çekmeli;
    — ýurdumyzda epidemiologiýa ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edip durmaly;
    — tomus paslyna çenli az wagtyň galandygyny göz öňünde tutup, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda, Awazada we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde tomus döwründe syýahatçylygy hem-de dynç alşy guramak boýunça tekliplere gysga wagtyň içinde seretmeli.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokarda agzalanlar bilen baglylykda, zerur bolanda, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna girizmek üçin degişli üýtgetmeleri taýýarlamalydygyny aýtdy.
    Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, welaýatlaryň çäklerinde ýerleşen şypahanalary tomusky dynç alyş möwsümine laýyk derejede guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
    Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
    Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
    Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.