BAGTYÝAR GELJEK ÜÇIN GÖREŞENLER

    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa dünýä nusgalykdyr. Bu buýsançly hakykat geçen nägehan urşuň ýowuzlyklaryny gerdeninde çeken uruş weteranlaryna, olaryň yzynda galyp, mukaddes ýar ojagyna wepaly bolan ýanýoldaşlaryna, şol ýowuz ýyllarda tylda tutanýerli zähmet çekenlere hem gönüden-göni dahyllydyr. Öz manyly ömürlerini Watana hyzmat etmäge, ony gözüniň göreji ýaly goramaga we söýmäge bagyşlan bu ynsanlar bilen şu günlerde geçirilýän duşuşyklardyr dabaraly çäreler ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. 
    Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Harby wekilliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda weteranlara, olaryň ýanýoldaşlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy hem munuň aýdyň güwäsi boldy. 
    Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda giňden tutulan dabara çuňňur many-mazmuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary uly buýsanç hem guwanç duýgusy bilen kabul eden Watan gerçekleri özleri we maşgala agzalary hakda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
    Dabara gatnaşyjylara welaýatyň sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary ruhy lezzet paýlady. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşleriň ak ýolunda ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hem-de ýurt goragynda döş geren gerçekleriň waspy ýetirildi.
    Welaýatyň şäherleriniň we etraplarynyň ählisinde uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de tylda zähmet çekenleriň her biriniň öýlerine hem barlyp, olara ýubileý medalynyň, gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlarynyňdyr ter gül desseleriniň gowşurylyşy hem tolgundyryjy pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Hormat-sylaga mynasyp bolan uruş weteranlary ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler:

    Orazguly MUHAMMEDOW, Serdar şäherinden, uruş weterany:
    — Berkarar döwletde ýaşap, bagtyýar durmuşyň hözirini görýän, her bir ýyly, aýy, güni, sagady beýik ösüşlere, ägirt uly, dünýä nusgalyk özgertmelere beslenýän şu nurana günlerimizde şol ýowuz urşuň aldym-berdimli pursatlaryny gözüň bilen görüp, söz bilen beýan edip bolmajak elhençliklerini ýatlamak, biz, frontçylara aňsat däl. Men-men diýen güler ýüzli ýigitleriň ýat illerde, ýat topraklarda baky aram tapandyklaryny, ata Watandan juda uzaklarda galandyklaryny unudar ýalymy?! Ýeňjegimizi bilýärdik, ýöne urşuň haçan gutarjagyny bilýän ýokdy. Onsoňam, gitlerçiler ýeňilendiklerini gürrüňsiz boýun alanlary bilenem, uruş tamamlanaýmady. Söweşdeş ýoldaşlarym bilen Germaniýanyň, Wengriýanyň, Ýugoslawiýanyň ençeme şäherlerini, ýüzlerçe obalaryny faşistleriň galyndylaryndan arassaladyk. Bizi her bir obada, her bir şäherde güler ýüz, duz-çörek bilen garşylaýardylar. Men şonda sag-salamat dogduk Diýara dolanyp, halal zähmet çekmegiň arzuwynda boldum. Meniň goşun gullugyndaky ýolum 1950-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Simferopol şäherinde tamamlandy.
    Uruşdan sag-aman dolanyp gelip, mal bakdym, şol wagtky Gyzylarbadyň wagon abatlaýyş zawodynyň dag içindäki kömekçi hojalygynda işledim, soň ýol-gurluşyk kärhanasynda, 1986 — 1990-njy ýyllarda nebit kärhanasynda zähmet çekdim. Kyrka golaý agtygym, ellä golaý çowlugym bar. Olar, tüweleme, halymdan habar alyp durýarlar. Esasy zat bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň biz — frontçylaryň her birini hemişe üns merkezinde saklaýandygy. Şäher häkimligem, jemgyýetçilik guramalary-da häli-şindi halymyzdan habar tutýarlar. Her ýyl Ýeňiş baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurýarlar. Bu gün öýüme gelip, maňa hem «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny hormat bilen gowşurdylar. Şeýle hormat-sylag üçin döwlet Baştutanymyza müň keren alkyş aýdýaryn!

    Hodi ABDULIN, Türkmenbaşy şäherinden, uruş weterany:
    — Adamzadyň kalbynda bitmejek yz galdyran 1941 — 1945-nji ýyllaryň ýowuz urşunyň parahatçylyk söýüji halklaryň deňsiz-taýsyz Beýik Ýeňşi bilen tamamlanan gününiň hormatyna ýurdumyzda her ýyl guralýan dabaralar biz — frontçylaryň kalbymyza röwşen nuruny çaýýar. Ol dabaraly pursatlarda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda dürli milletleriň wekilleriniň bimöçber gaýduwsyzlygy, edermenligi bilen gazanylan Beýik Ýeňşe türkmenistanly gerçekleriň goşan mynasyp goşandy öz beýanyny tapýar. Ýeňşiň hormatyna geçirilýän duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda täzeden-täze rowaçlyklara ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty, abadançylygy pugtalandyrýan beýik işleri barada buýsançly gürrüň edilýär. Şol çärelere, dabaralara gatnaşýanlar geçen ýowuz jeňde gahrymanlarça wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna gurlan «Baky ot» ýadygärligine ter gül desselerini goýup, tagzym edýärler. Bu ynsanperwer dessuryň başyny asuda Diýarymyza, eziz Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýan uruş we zähmet weteranlary başlaýarlar.
    Eziz Diýarymyzda ösüş hakdaky ählitaraplaýyn aladalary duýup ýaşamak — uly bagt. Iň esasy zat bolsa, türkmen Diýarynda dürli milletleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşap, dost-doganlygyň hakyky nusgasyny görkezmekleridir. Meniň özüm tatar milletinden. Türkmenbaşy şäherinde dürli milletleriň bir dogan ýaly bolup, halal zähmet çekip, bolelin durmuşyň hözirini görýändiklerine buýsanýaryn. Bu gün bolsa, maňa hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly öz bereketli ojagymda, dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şu sylaga başymyz gök diredi. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, eziz ýurdumyzda we bütin dünýäde parahatçylygyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!