SAGDYN JEMGYÝETIŇ GORAGYNDA

    Sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany bolan ýurdumyzda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasyna laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-niň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny kabul etdi. BSGG-niň 2013-nji ýylda geçiren STEPS barlagynyň netijelerine görä, ýurdumyzda temmäkä garaşly adamlaryň gökezijisi 8,3 göterim, 2018-nji ýyldaky barlagyň netijelerine görä bolsa bu görkeziji 3,4 göterim boldy. Munuň özi BSGG-niň Ýewropa sebitiniň düzümine girýän döwletleriň arasynda iň pes görkeziji diýmekdir. 2014-nji ýylda Bütindünýä temmäkiden azat güni mynasybetli temmäkä garşy ählumumy göreşe goşan goşandynyň aýratyn ykrar edilendigi barada hormatly Prezidentimize BSGG-niň Güwänamasy gowşuryldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigi sebäpli BSGG tarapyndan Hormat haty bilen sylaglanyldy.
    Ministrler Kabinetiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrmaly çäreleriň 2012 — 2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy» tassyklanyldy. Bu Meýilnama esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde «Ynam» merkezleri döredildi. Bu merkezleriň jemgyýetde raýatlara sagdyn durmuş ýörelgesini salgy bermekde we zerur halatynda degişli lukmançylyk işlerini alyp barmakda möhüm ähmiýeti bardyr. 
    Adam döretmek, nesli dowam etdirmek, durmuşy gözelleşdirmek üçin dünýä inýär. Durmuş adama elmydama iki ýoly saýlamaga mümkinçilik berýär. Birinjisi, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, özüňe we daş-töweregiňe peýda berýän endiklere eýermek, ikinjisi, ýaramaz endiklere baş goşup, öz saglygyňa we daş-töweregiňe zyýan salmak. Töweregiňdäki adamlar bilen sazlaşykly ýaşamak, durmuşyň her ýagdaýyna paýhasly çemeleşip, manyly netije çykaryp, şahsyýet hökmünde kämilleşmek ynsanyň esasy wezipesidir. Şonuň üçin adama erk ilkinji nobatdaky zerurlykdyr. Özüne erk edip bilýän adam bilim alyp, kämilleşip, belli bir käriň eýesi bolýar. Ýaramaz endikler bolsa adamyň erkini dargadýar we özüne bagly edýär. Olar barada takyk maglumaty bilmek her bir adam üçin zerurdyr.
    Adamyň aňyna täsir edýän serişdeler kän. Olaryň düzümi we täsiri barada bilmek bilen biz özümizi we daş-töweregimizdäki adamlary bu serişdelerden gorap bileris. Şonuň üçin lukmanyň ýörite bellemedik derman serişdelerini hiç wagt peýdalanmaň. Neşe serişdeleri bedene düýpli zyýan salmak bilen ömrüň üzülmegine getirýär. Olar ýürek, gan damarlaryna, bagra we böwrege zyýanly täsirini ýetirýär. Netijede, dürli bozulmalar ýüze çykýar. Bu bolsa ýokanç we ýokanç däl keselleriň (ýokary dem alyş ulgamynyň, ýürek, gan damar ulgamynyň keselleri, insult, infarkt, dürli beden agzalarynyň howply täze döremeleri) ýüze çykmagynyň ilkinji sebäpleridir. 
    Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň dowamynda giň gerimli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar, ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Diýarymyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi, ony gorap saklamak we berkitmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!