MILLI OPERANYŇ ÄGIRDI

    Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanylyp, döredijilik agşamy geçirildi. Oňa tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, halypanyň şägirtleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Türkmenistanyň halk artisti Myratgeldi Baýramgeldiýew dagy hem bar. Görnükli opera ussady hakynda wideofilm görkezilenden soň, çykyşlara giň orun berildi. 
    Çykyş edenleriň hem aýdyşlary ýaly, Maýa Kulyýewa opera sungatynyň ussadydyr. Munuň şeýledigini onuň öz döwründe dürli halklaryň opera eserlerinden döreden gaýtalanmajak keşpleri bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkmen milli opera sungatynda halypanyň döreden milli gahrymanlary ony halkymyzyň egsilmez söýgüsine eýe etdi. 
    «Leýli — Mejnun», «Şasenem — Garyp», «Zöhre — Tahyr» ýaly operalarda keşp döredip, şol agyr ýyllarda halkyň ruhuny götermek hem uly gahrymançylykdy. Opera sungatynyň ussadynyň doglan gününiň 100 ýyllygynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk dabaralary bilen gabat gelmegi döredijilik agşamynyň ähmiýetini has hem artdyrdy.
    Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň döredijilik ylhamyny belentden joşduran mähriban Arkadagymyz milli opera sungatymyzy gaýtadan dikeltdi. Halypanyň sungatyna belent baha beren Gahryman Arkadagymyz milli opera eserleriniň gaýtadan sahnalaşdyrylmagyna uly mümkinçilikleri döredip berdi. Şunuň bilen bagly döredijilik agşamynda çykyş edip, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa şeýle diýdi:
    — Maýa Kulyýewa diýmek — türkmeniň bilbili diýmek. Oňa zehin tebigatdan berlen. Ýöne Gahryman Arkadagymyzyň milli opera sungatyny gaýtadan dikeldip bermegi halypanyň ömrüne ömür, ýaşyna ýaş goşan taryhy pursat boldy. Şol sahnalaşdyrylan operalara maslahatçy hökmünde gatnaşyp, öz şägirtleri, ýaşlar üçin uly bir sungat mekdebini miras goýdy. Bu gün türkmen milli opera sungaty dünýä bilen ses goşýar. Maýa Kulyýewanyň kino sungatynda döreden keşpleri hakda hem şuny aýtmak bolar. Ol öz sungatyna durky bilen berlen halypady. Bir gezek bolsa: «Sesiňi aýap saklamagy başarsaň, ýüzüňe ýygyrt düşse-de, sese ýygyrt düşmez» diýipdi. 
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen milli konserwatoriýasyna onuň ady dakyldy. Diýmek, Maýa Kulyýewa ýaşaýar, geljekde hem ýaşar. Şeýle halypalaryň sungatyna belentden sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
    Türkmenistanyň halk artisti Myratgeldi Baýramgeldiýew döredijilik agşamynda çykyş edip, şeýle diýdi: 
    — Maýa Kulyýewa bütin manyly ömrüni türkmen opera sungatyna, türkmen medeniýetine bagyşlan sungat ussady. Ol milli operalarymyzda Zöhräniň, Mahymyň, Gülüň, daşary ýurt operalarynda Gülçehräniň, Tatýananyň keşplerini ussatlyk bilen döretdi. Edil şonuň ýaly, italýan, nemes, fransuz kompozitorlarynyň eserlerinde hem keşp döretdi. 1941-nji ýyldan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli milli opera sungatyna hyzmat etdi. Hormatly Prezidentimiziň milli opera sungatymyzy, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrini, Döwlet hor toparyny, Döwlet tans toparyny täzeden dikeldip bermegi, onuň buýsançly başyny göge ýetirdi. Gahryman 
    Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sungat ussadynyň muzeýi döredildi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlygyny arzuw edýärin.
    Soňra döredijilik agşamy Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Leýli — Mejnun» operasynyň giriş sazy bilen dowam etdi. «Aýna» operasyndan «Eý, daragym batlan!» atly meşhur aýdymy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary aýdyp berdi. «Şasenem — Garyp», «Kemine we kazy», «Zöhre — Tahyr» ýaly operalardan ýerine ýetirilen aýdymlar hem ussadyň sungatynyň şägirtleri tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň özboluşly beýanyna öwrüldi.
    Döredijilik agşamynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly aýdymy Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Atajan Berdiýew hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary ýerine ýetirdi. 
    Şu ýyl 25 ýyllygy dabaraly bellenilýän türkmen Bitaraplygynyň şuglasy opera sungatynyň meşhur ussadynyň şirin owazy bilen belentden ýaňlandyran söýgi, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik ýaly ajaýyp  duýgulara beslenen milli opera eserlerinde hem ebedi lowurdap durandyr.