BELENT SARPA

    Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyna mynasyp bolan ildeşlerimizi sylaglamak mynasybetli Ahal welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde egsilmez ruhubelentlige beslenen dabaralar geçirildi. Welaýat derejesindäki esasy dabaralaryň biri Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde boldy. Ahal welaýat, Gökdepe etrap häkimlikleri hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde geçirilen dabara edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyplar hem-de ýaşaýjylar gatnaşdylar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglanan ildeşlerimiz dabaranyň iň arzyly myhmanlary boldular.
    Dabara gutlag çykyşlary bilen açyldy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary öz çykyşlarynda uruş weteranlaryny, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary eýe bolan döwlet sylaglary, şeýle-de ýetip gelýän şanly baýram mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Olaryň görkezen edermenlikleriniň bu günki nesiller üçin watansöýüjiligiň belent mekdebidigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň uruş weteranlary, tylda zähmet çeken, şol gazaply ýyllaryň kynçylyklaryny başyndan geçiren ildeşlerimiz barada edýän bimöçber aladasy, olara goýýan hormat-sarpasy dogrusynda aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy.
    Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň uruşda görkezen gahrymançylygy barada aýratyn söhbet açdylar. Soňra «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyna mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglaryň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyşy boldy. Sylaglanan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny beýan etmegi tolgundyryjy pursady döretdi. Olar Arkadagly döwrümiziň gadyr-gymmaty, Watan mukaddesligi barada söz açyp, uruş weteranlaryna, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryna hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara goýýan sarpasy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
    Dabara welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Milli öwüşginli çykyşlarda Watan gahrymanlarynyň edermenligi öz waspyny tapdy.
    Şol gün şeýle belent joşguna beslenen dabaralar welaýatyň şäherdir etraplarynda hem geçirildi. Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň Medeniýet öýünde, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde bolan dabaralar has-da ýakymly duýgular bilen ýatda galdy. Dabaralar tamamlanandan soňra, etraplaryň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şanly sene mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň birnäçesiniň sylaglaryny olaryň mukaddes öý-ojaklaryna baryp gowşurdylar.