SAKASY — SAGLYK

    “Sakasy — saglyk” diýýändir türkmen. Bu sözüň çuňňur we juda giň manyda aýdylýandygygyna düşünip bolar. Diýmek, bir adamyň, köp adamyň, hemmeleriň saglygy barada aýdylanda hem, bu dogrudyr.
    Bir adamyň saglygy onuň ömrüni, edip biljek hem edip bilmejek işlerini, ýetip biljek hem ýetip bilmejek menzillerini kesgitleýär. Köp adamyň saglygy babatda hem şeýle. Ine, onsoň, tutuş halkyň saglygynyň nämelere barabardygyny pikir edip görüberiň! Muny gysga sözde: “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýlişinden hem aňlasa bolýandyr.
    Halkymyz saglygyň gymmatyna hemişe düşünipdir. Has dogrusy, onuň gymmatyna ýetme ýokdugyna, ony diňe öz bahasy bilen kesgitläp boljakdygyna düşünipdir. Öz bahasy bolsa onuň özüne barabar! Saglyk jana barabar! 
    Şonuň üçin beýik Pyragy:
    — Jan saglygnyň ýokdur hiç deňi-taýy,
    Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy — 
    diýipdir. 
    Şonuň üçin beýik Pyragy:
    — Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun — 
    diýipdir.
    Aýdyp aňyrsyna çykar ýaly hem däl. Adamzadyň saglyk bilen baglanyşykly parasaty düşünjeleri, gör, nirelere ýetiripdir! Saglygyň gadyryny bilmegi hatda ynam-ygtykat, ýörelge derejesine göteripdir. Saglygyň gadyryny bilmegi şükür etmek, gadyryny bilmezligi küpür geplemek, ýagny gep-sözde öte geçmek, nädogry gürlemek hasaplan ata-babalarymyz hiç mahal bu hasaplarynda ýalňyşmandyrlar.
    Rowaýat edişlerine görä, bir gezek hezreti Aly Muhammet pygamberiň ýanynda: “Agşam ýatyp, irden sag-aman örýändigime şükür edýärin” diýipdir. Onda Muhammet pygamber oňa: “Her demiň gelip-gidenine şükür et!” diýipdir. Şunuň bilen juda baglanyşykly bolandygy üçin Magtymgulynyň öz sözüni dowam etdirip aýdanyny ýatlamak dogry bolar. Şahyr saglygyň gadyryny hassa dälkäň bilmek hakynda aýdyp, soňra eger hassa bolaýsaň hem, oňa-da şükür etmegi ündeýär: “Hastalyk şükrüni kylgyl, häki ölmesden burun”. Sebäbimi? Sebäbi düşnüklidir diýip pikir edýäris. Eýsem-de bolsa, munuň bir sebäbi hassa bolan adamyň sagalyp gitmegi, öňküdenem has gowy aýaga galmagy, üstesine, bu ýagdaýyň onuň üçin durmuş tejribesi bolup galmagy üçindir. Adam käte öz bagtyny görmeýär ýa-da ony äsgermeýär. Kämil adam üçin ähli zat aýan görünýär: ol bagtyň nämedigine düşünýär, bagtyny görýär, ählisine şükür edýär. Ömrüni rahat, aladasyz, umyt hem ynam bilen ýaşaýar. Islendik bagtly pursadynyň, bagtly aý-ýyllarynyň eşretiniň hem gymmatynyň olaryň gadyryny bilmekdedigine düşünýär. Öz bagtyna bagt goşmak üçin tagalla edýär, ýagny başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýär we ş.m...
    Hakykatdan-da, saglygyň gadyryny bilmek, her dem oýnap-gülşen ömür sagatlaryňy ganymat bilmek, ähli gowulyklara şükür etmek — munuň özi ömürdendir! Ömrüňe ömür goşýan zatlar hem, ozaly bilen, şu hili zatlardyr! Rysgalyňa rysgal goşýan zatlar hem şular bilendir!
    Gahryman hem mähriban Arkadagymyz ynsan saglygynyň ähli zatdan ýokardadygyna juda gowy düşünýär. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylyp gelinýär. Bu ugurda halkara guramalar bilen nusgalyk hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanda raýatlaryň saglygy ugrunda bitirilýän işler dünýäde doly ykrarnama gazandy. Saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda, şunuň bilen birlikde, belli-belli keselleriň düýbünden ýok edilmeginde milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bitirilen işler halkara güwänamalar, beýleki ýörite sylaglar bilen bellenildi. Ýurdumyzda örän döwrebap derejede gurlan, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri, täze keşbe giren we täze mümkinçiliklere eýe bolan şypahanalar... — bularyň ählisi türkmen halky üçin, bu halkyň bagty üçin hyzmat edýär.
    Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Çaý — melhem hem ylham” ýaly kitaplaryň hem belli bahasy ýok. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dünýä halklarynyň gymmatlygyna öwrülýär. Ýurdumyzda gurlan halkara derejeli hassahanalardan başlap, hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramaga bagyşlanan, dünýä dillerine terjime edilen eserlerine çenli — bularyň ählisiniň türkmenistanlylar bilen birlikde dünýä hyzmat edýändigini aýtmak bolar. 
    Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, biziň döwletimiziň, dünýäniň abadançylykly ösüşleri babatda uly tagallalar edişi ýaly, adamzadyň saglygy babatda uly tagallalar edýän döwlete öwrülendigini arkaýyn aýtsa bolar. Muny, ýaňky mysallarymyzdan başga, ýene kän mysallar bilen düşündirmek mümkin. Biz şolaryň ýene diňe birje ugry barada aýdyp geçeliň: haýsydyr bir ýokanç keseliň diňe bir ýurtda düýbünden ýok edilmegi — munuň özi eýýäm dünýäniň bir ülkesinde şol keseliň ýok edilmegidir. Diýmek, şol näsaglykdan dünýäniň özüniň ep-esli ýeňlemegidir. Türkmenistanda bolsa şeýle keselleriň bir däl, ençemesi düýbünden ýok edildi. Munuň özi halkara derejede ykrar edilen hakykatdyr!
    Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi babatda owalbaşdan anyk işleri bitirip gelýändigi hemmelere, bütin dünýä hem äşgär. Muňa mysal köp. Men bu ýerde şolaryň diňe ýekejesine ýüzlenmekçi. Gahryman 
    Arkadagymyzyň bedew atlarymyza bolan deňsiz-taýsyz ünsüniň bir möhüm ugry saglyk bilen baglanyşykly. Bedew at — gözellik. Gözelligi gören gözler röwşenlenýändir. Bedew at — ýyndamlyk. Ýyndamlyk adama okgunlylyk hem joşgun berýär. Bedew at — wepalylyk. Wepalylyk adama ynam berýär... 
    Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi:
    — Bedew münen hasta bolsa, sag olur — 
    diýipdir. Diňe at münmegiň peýdasy, onda-da saglyga peýdasy hakynda, meger, bir täze dessan düzüp bolar!
    Sözümizi saglygyň gadyr-gymmaty baradaky sözden başlapdyk. Her döwürde we häli-şindi muňa dykgat edilýär. Kerim Gurbannepesowyň şeýle setirleri bar:
    — Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al:
    Ylgap baryp, saglyk bilen erki al,
    Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
    Soň tapylar, galan zady zyňyp git!
    Şahyr “üç baýlyk” diýýäniniň ilkinjisi hökmünde saglygy görkezýär. Diýmek, aýdylyşy ýaly, sakasy — saglyk! Halkymyzyň öz bagtyna, ýurdumyzyň taryhy ösüşlerine guwanmagynyň, buýsanmagynyň gözbaşynda hem saglyk dur! Halkymyzyň ýeneki üstünlikleriniň, toý-baýramlarynyň sakasynda hem saglyk dur! 
    Gahryman Arkadagymyzyň janynyň saglygynda, belent başynyň amanlygynda biziň hemmämize beýik döwletimize, onuň ýeneki rowaç gadamlaryna guwanyp, buýsanyp, deňli-derejeli toý-baýramlar tutup ýaşamak hemişe nesip etsin!