TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ ÝEŇIŞLI MENZILLERI

    ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň abraýly düzümlerine agzalyga saýlanmagynda şöhlelenýär
    «Türkmenistan dünýä üçin açykdyr. Ähli ugurlar boýunça giňden hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdyr. Milletler Bileleşigi bilen bilelikde halkara hukugyň ýörelgelerini, ynsanperwerligiň aýdyň maksatlaryny, adalatlylygy, birek-birege hormat goýmagy ykrar etmegiň hatyrasyna mundan beýläk hem uly işleri amala aşyrmaga biziň ýurdumyz taýýardyr» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Bu günki gün strategik derejä çykarylan Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar abraýly guramanyň esasy hem-de ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlykda aýdyň beýanyny tapýar. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň BMG-niň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanandygy hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ýurdumyzyň bu iri wekilçilikli halkara düzüm bilen gatnaşyklarynyň barha giň gerim alýandygyny nobatdaky gezek äşgär edýän hakykatdyr.
    Soňky wagtlarda dünýä syýasatynda, ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklarda «strategik hyzmatdaşlyk» diýen düşünje ýygy-ýygydan ulanylýar. Eýsem, «strategik hyzmatdaşlyk» konsepsiýasy nämelerden ugur alýar, onuň esasy maksady näme?! Syýasaty öwrenijileriň aýtmagyna görä, strategik hyzmatdaşlyk — milli we döwlet ähmiýetli umumy maksatlara ýetmek üçin deňhukukly subýektleriň arasynda halkara derejede alnyp barylýan uzak möhletleýin özara gatnaşyklaryň jemi. Şunda özara tagallalary birleşdirmek arkaly, ýurduň içeri we daşary syýasatynda öňde goýlan maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Diýmek, strategik bolmak üçin gatnaşyklaryň gerimi giň, geljegi-de uly bolmaly. Dünýä syýasatynda ýurtlaryň arasyndaky strategik häsiýetli gatnaşyklara mysal örän kän. Ýöne biz bu makalamyzda «strategik gatnaşyklaryň» başga bir ugry, anyk aýtsak, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmekçi.
    Aýdylyşy ýaly, parahatçylyk ugrunda nämedir bir zatlary amal edýän ýekeje adam nähilidir bir täzelik döretse, parahatçylygy isleýän adamlaryň uly topary taryh ýazyp bilýär. Bu gün dünýä döwletleri Birleşen Milletler Guramasy diýip atlandyrylýan iri wekilçilikli guramanyň daşyna jebisleşip, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar edilmegi ugrunda tagalla edýärler. Elbetde, dünýä syýasatynda bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäginde hem her ýurduň öz ýüzi, öz eýeleýän orny bolýar. Halkara gatnaşyklaryň aýratyn subýekti hökmünde, Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we berkitmek işinde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Geçen çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde biziň ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge çagyryş bilen çykyş edip, bu ugurda öňe sürýän teklipdir başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň ýokary ynamyna-goldawyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy, durnukly ulag geçelgeleri, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, ekologiýa we sport ýaly möhüm ugurlarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalarynyň 13-siniň kabul edilmegi, paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň degişli döwürler üçin birnäçe gezek bu guramanyň esasy we ýöriteleşdirilen agentlikleriniň agzalygyna saýlanmagy... munuň ýüzden bir mysaly.
    Milletler Bileleşigi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurda öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Şunda guramanyň aýry-aýry ugurlar boýunça iş alyp barýan esasy we kömekçi düzümlerine aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň 
    Ýerine ýetiriji geňeşiniň we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we onuň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň býurosynyň hem-de Içerki ulaglar boýunça komitetiniň edarasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň, Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine ençeme gezek agzalyga saýlanmagy BMG-niň bu abraýly düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň barha işjeňleşýändigini tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň çäginde anyk ugurlar boýunça teklipleri öňe sürmegine hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini bilelikdäki tagallalar esasynda çözmäge çagyryş bilen çykyş etmegine mümkinçilik berýär. 
    2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanmak bilen, ykdysady we durmuş meseleleri boýunça ählumumy derejede iş alyp barýan abraýly düzüm bilen gatnaşyklarynyň dowamlydygyny bütin dünýä äşgär etdi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu waka ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýädäki tutýan ornuny barha ýokarlandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň nygtaýşy ýaly, Ykdysady we Durmuş geňeşine agzalyga saýlanmak Türkmenistan üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ol, ilkinji nobatda, halkara giňişlikde täze başlangyçlary, teklipleri öňe sürmäge ýardam berýär. Şol başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bolsa, ilki bilen, ýurduň içerki bähbitlerini üpjün etmäge zerur şertleri döredýär. Beýleki bir tarapdan, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanda gazanylan milli tejribe bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga giň ýol açylýar.
    Mälim bolşy ýaly, Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS) Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolmak bilen, döwletler üçin halkara ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözgütleri işläp taýýarlamak üçin gepleşikler meýdançasy bolup hyzmat edýär. BMG-niň ähli serişdeleriniň 70 göterimden gowragy bu geňeşiň ygtyýaryndadyr. EKOSOS tutuş dünýäde ýaşaýşyň derejesiniň ýokarlanmagyna, ilatyň iş bilen doly üpjün edilmegine we ykdysady hem-de durmuş taýdan gülläp ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm meseleler boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýar. Ykdysady, durmuş, saglygy goraýyş babatda wajyp halkara meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak, bilim we medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hem onuň işiniň esasy ugurlarynyň hataryna girýär. Ykdysady we Durmuş geňeşiniň üsti bilen Milletler Bileleşigi özüniň ýöriteleşdirilen edaralary — ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleri boýunça halkara hökümetara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Azyk we oba hojalyk guramasy, Halkara pul gaznasy, Halkara zähmet guramasy, senagat taýdan ösüş guramasy şolaryň esasylarydyr. EKOSOS-nyň düzümine Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanylýan 54 döwlet girýär we oňa agza bolmak üçin Ýer ýüzüniň bäş yklymyndan ýurtlar öz dalaşgärligini hödürleýär. Dalaşgär döwlete agzalyga saýlanmak üçin Baş Assambleýada wekilçilik edýän ýurtlaryň sesleriniň üçden iki göterimini almak zerurdyr. Ýeri gelende, ýurdumyzyň Ykdysady we Durmuş geňeşine nobatdaky gezek agzalyga saýlanmagy üçin 181 döwletiň ses berendigini aýtmak gerek. Şoňa görä-de, Türkmenistan 2019 — 2021-nji ýyllarda EKOSOS-da Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine wekilçilik eder. Munuň özi bu sebitiň döwletleriniň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza bildiren ýokary ynamynyň nyşanydyr.
    Türkmenistanyň BMG-niň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ýokary durmuş-ykdysady görkezijilerini gazanmakda toplan oňyn tejribesiniň bu abraýly halkara düzümiň çäklerinde giň goldawa mynasyp bolýandygyny alamatlandyrmak bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda we olary milli derejä laýyk getiren ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde, ählumumy ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň aýratynlyklaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz gezeginde, «Türkmenistan geljekde hem Milletler Bileleşiginde öz üstüne alan jogapkärli wezipesini abraý bilen ýerine ýetirip, netijeli halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam eder, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny Birleşen Milletler Guramasynyň jar eden Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirer» diýip, oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýurdumyz üçin täze mümkinçilikleri açar.
    «Hukugyň bolan ýerinde jogapkärçilik bar» diýilýär. Biziň ýurdumyz ýakyn ýyllarda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň hem-de onuň abraýly edaralarynyň birnäçesiniň düzümine agza bolmaga hukuk gazandy. Şoňa görä-de, bu guramanyň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde sebit ýurtlarynyň adyndan wekilçilik edýän Türkmenistanyň üstüne uly jogapkärçiligiň düşýändigini-de aýtmak gerek. Elbetde, bu ýerde her ýurduň öz milli bähbitleri hem bar. Ýöne milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden umumydünýä meseleleri çözülende, bähbitler köpdürli bolsa-da, maksatlaryň bir bolmalydygy hakyndaky taglymaty öňe sürýär. Maksatlaryň birligi bolsa, ozaly bilen, parahatçylyk, abadançylyk hakyndaky isleg-arzuwlardan gözbaş alýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň EKOSOS-nyň abraýly düzümlerine nobatdaky gezek agzalyga saýlanmagynyň «Men dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýärin» diýýän hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde parahatçylyk döretmek boýunça tagallalarynyň iş ýüzünde amal edilmegine ýardam berjekdigine ynanýarys. 
    ...Bu günki gün Türkmenistan dünýä içre ykrar edilen milli Liderli döwlet. Bu günki Türkmenistan öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda dünýäde sözi diňlenilýän, başlangyçlary oňlanylýan döwlet. Hormatly Prezidentimiz ýokary syýasy erki, öňdengörüji Liderligi bilen biziň ýurdumyzy — Türkmenistany dünýä ykbalyna dahylly etdi, belent mertebeli-derejeli döwlete öwürdi. Şunuň özi-de hemişelik Bitarap Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşinde we onuň esasy edaralarynyň düzüminde agzalygyny mynasyp ýerine ýetirjekdigine, bildirilen ynamy ödejekdigine dolulygyna güwä geçýär.