BERK BEDENLI, BELENT RUHLY

    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, Türkmenistanda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. 
    Bu ýörelge halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ýetişdirmäge, bedenterbiýe hereketini köpçülikleýin hem-de giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport düzümleri, dynç alyş öýleri, şypahanalar hem-de beýleki sagaldyş-dynç alyş merkezleri hereket edýär. 
    Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň sport maksatly binagärligi soňky ýyllarda düýbünden täze keşbe eýe boldy. Döwletimiziň sport ulgamyny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmek, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini giňişleýin wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri yzygiderli taýýarlamak, bedenterbiýe hem-de sport ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň gündelik üns merkezindäki wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň özi ýurdumyzda sport ulgamynda gazanylan netijelere ählitaraplaýyn we giň gerimli ýetilendigini aňladýar.
    Ýakynda paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda sport ýaryşlary hem-de Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň ýaş türgenleriniň ýerine ýetirmeginde görkezme çykyşlary guraldy. Sport ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň başynda beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi sagdyn bolmagyň özeninde beden maşklaryny ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatda durýandygynyň aňlatmasy boldy.
    Soňra sportuň görkezme çykyşlaryna badalga berildi. Ýörite monitorda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýetilen sepgitlerden, gazanylan üstünliklerden söz açýan wideoşekilleriň görkezilmegi, şeýle-de welosipedli ýörişiň guralmagy dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.