Internet arkaly biometriki maglumatly pasportlary almak mümkin

    Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň www.migration.gov.tm internet saýtynyň Online hyzmatlar sahypasynda Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki maglumatly pasportlary almak boýunça internet ulgamy arkaly elektron görnüşindäki ýüztutmalary tabşyrmak üçin onlaýn ulgamy hereket edýär. Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki maglumatly pasportlary resmileşdirilende we migrasiýa gözegçilik nokatlarynda raýatlaryň ýurduň çägine girişleri we çykyşlary hasaba alynanda Gullukda ornaşdyrylan döwrebap tehniki enjamlaryň kömeginden peýdalanyp, işler sanly ulgam arkaly ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.