Elektron kitaphana ulgamy

    Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň içerki internet sahypasynyň binýadynda elektron kitaphana ulgamy bar. Bu elektron kitaphana ulgamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary, migrasiýa iş ugurlaryna degişli kanunlar, düzgünnamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalar we gündelik ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallar şeýle hem taryhda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklarymyzy giňden beýan edýän harby-watançylyk, taryhy, çeper hem-de edebi eserler ýerleşdirilen.