Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

    26-njy aprelda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.
    Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandy, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.
    Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar bar.
    Hemmeler bu ýere gelen döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimiz hemmeleri ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, senetkärleriň we çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly şäherjigine öwrülen toplumyň çägine girýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy artistler behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym bilen garşylaýarlar. Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň sergileri guralyp, onuň çäklerinde ak öýler dikilipdir, owadan halylar düşelen sekileriň üstünde eli çeper gelin-gyzlarymyz öz döredijilik işlerini görkezýärler, bagşylar halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirýärler.
    Paýtagtymyzyň hem-de ähli welaýatlaryň wekilleriniň sergileri görkezilýär. Şolarda olaryň her biri halkymyzyň milli senetkärligine we sungatyna degişli ugurlary açyp görkezdiler. Mysal üçin, Aşgabat şäheriniň sergi bölüminde küýzegärlik, gobelen önümleriniň, bedew atyň nagyş salnan bezegleriniň, zergärçilik önümleriniň, at esbaplarynyň sergisini, milli saz gurallarda toý kakuwlarynyň ýerine ýetirilişini beýan edýärler.
    Ahal welaýatyna degişli bölümde zergäriň ussahanasy sahnalaşdyrylyp, bu ýerde ussanyň işläp oturan pursady janlandyrylýar. Şeýle hem bu ýerde at esbaplary ünsüňi özüne çekýär. 
    Balkan welaýatynyň wekilleri düýe bezegleriniň sergisini, suw-kädilerini haşamlamak işiniň sergisini, agaç ussasynyň iş pursadyny, gazal çekilişini görkezdiler.
    Daşoguz welaýatynyň bölüminde milli saz gurallarynyň, gön önümleriniň sergisi, dutar ussasynyň iş pursady, dessançylaryň çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Lebap welaýatynyň wekilleri zähmet gurallarynyň sergisini, dürli kilimleriň sergisini, zenanlaryň iş pursadyny we dürli heňleriň aýdylyşyny görkezdiler.
    Mary welaýatynyň wekilleri bolsa ýüpek we dokma önümleriniň, aşhana gurallarynyň sergisini, dokmaçynyň iş pursadyny görkezmek bilen birlikde, gargy tüýdügiň we dutaryň owazynyň ýaňlanmagynda heň aýtdylar.
    Serginiň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän bäsleşikde ýeňiş gazanan heýkeltaraşlaryň, halyşynaslaryň, suratkeşleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň eserleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Düýn olara ýokary ussatlyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar gowşuryldy.
    Toplumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli göreş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň gadymdan gelýän edim-gylymlarynyň mahsus häsiýetde giňden dabaralanýandygyny görkezdi. Ýeňiji bolan pälwanlar bolsa, elbetde, toý baýraklaryna eýe boldular.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedow dürli öwüşginli sergiler bilen tanşyp, esasy sahnanyň ýanyna geldi. Bu ýerde hem ahalteke bedewleriniň şanyna «Dokmaçylar» folklor we ýokary okuw mekdepleriniň tans toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp aýdym ýaňlandy.
    Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda we olary gorap saklamak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr. Häzirki wagtda bedew ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň alamaty bolup durýar.
    Milli Liderimiz tutuş durky bilen bedewlere bolan ählihalk söýgüsini özünde jemläp, atlaryň ahalteke tohumyny gorap saklamak, köpeltmek hem-de wagyz etmek boýunça işleri döwlet syýasaty derejesine çykardy, bu işleriň atşynaslyk sungatynyň ýörelgeleriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda dowamatlylygy we baýlaşdyrylmagy bu syýasatda aýratyn orun eýeleýär.
    Bedew, ilkinji nobatda, tutanýerli zähmetiň nyşanydyr. Gözelligi, syraty, ýyndamlygy, nepisligi bilen görenleri haýran galdyrmak derejesine ýetýänçä, bedew köp we tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Türkmen halky netijeli zähmet çekmegi başarýar — atlaryň ahalteke tohumy munuň aýdyň mysalydyr. Halkymyz öz üstünliklerini we gazananlaryny ruhubelentlikde bellemegi hem başarýar.
    Umumymilli söýgä eýe bolan bedewiň hormatyna ýurdumyzda ýene-de uly baýram giňden ýaýbaňlanýar, at çapyşyklary bu tomaşanyň aýrylmaz bölegidir.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedow özi üçin bellenilen ýere geçýär.
    Alypbaryjy möwsümiň iň abraýly bäsleşikleriniň — baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär. Bäsleşiklere badalga berilýär, gamyşgulak, ýyndam bedewler tizliklerini barha artdyryp, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
    Halk seçgiçileriniň we seýisleriň ahalteke bedewi ýaly belent sungat eserini döretmek arkaly, bu atlaryň arassa ganlylygyny saklamak bilen, ýurdumyzyň atşynaslary olaryň gowy taraplaryny ösdürmegi dowam edýärler. Şunda sport atlaryny taýýarlaýan milli mekdebimiziň esasy tapawudy türkmenleriň atlary eldekileşdirmän, olary hut terbiýeläp ýetişdirýänliginde jemlenýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedow hünärmenleri döwrebap usullary peýdalanmak arkaly, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmäge, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklary ýola goýmaga hem gönükdirýär. Emma esasy zat — bu atçylygyň däpleriniň yzygiderliligini, onuň maňzyny aýawly saklamakdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.
    Bu yzygiderlilik asyrlarboýy nesilden-nesle geçirilip gelindi, bu gün sanly tehnologiýalar we internet eýýamynda ýaşlaryň milletiň janly buýsanjyna, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän baýlygyna aýawly garaýşyny ýitirmezligi zerur bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň özi görelde bolup, bedewlere bolan söýgüsini ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmäge uly şahsy goşandyny goşmak bilen aýdyň görkezýär.
    Türkmenistanda gadymy däpleri bolan at çapyşyklary, häzir hem ozalkysy ýaly, uly meşhurlykdan peýdalanýar. Münberde oturan janköýerleriň, dykgat bilen syn eden, tele we foto kameralarda surata düşürilen ýaryşlar iki sagatdan hem gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly senasyna öwrüldi.
    At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin synag hem bolup durýar. Atly sport adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şu gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birine bedewleriň 12-si gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.
    1600 metr aralykda geçirilen birinji at çapyşyga goşulan bedewleriň ýaryşynda iň gowy wagty — çapyksuwar D.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradowyň seýislän     Kararym diýen aty görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kararym diýen dor aty bellenilen aralygy 1 minut 48,1 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi.     Birinji çapyşygyň ýeňijisine maliýe-ykdysady toplumyň adyndan baýrak hökmünde 20 müň amerikan dollary gowşuryldy.
1800 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşyga üçýaşar atlar goşulyp, şonda bellenilen aralygy 1 minut 44,2 sekuntda geçmegi başaran Köpetdag atly gara ata taý gelen bedew bolmady. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan bedewiň seýsi K.Hydyrow, çapyksuwary J.Hydyrow. Ikinji çapyşykda birinji orny eýelän ýeňijä nebitgaz toplumyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.
    Üçünji çapyşyk hem 1800 metr aralykda geçirilip, şonda Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedowyň seýislän hem-de çapyksuwar A.Hojanepesowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Abraýym atly gara at 2 minut 3 sekunt wagt bilen pellehanadan birinji bolup geçdi. Üçünji çapyşygyň ýeňijisine ýurdumyzyň söwda toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.
    Dördünji çapyşykda-da bedewler 1800 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Üçýaşar atlaryň arasynda ýaýbaňlanan ýiti bäsleşigiň netijesinde, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk toplumyna degişli Dorbürgüt diýen dor at 1 minut 56,8 sekunt wagt bilen geçip, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Onuň seýsi B.Muhammedow, çapyksuwary bolsa 3-nji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Dördünji     çapyşykda pellehanadan birinji bolup geçene ulag we kommunikasiýa toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.
Nobatdaky bäşinji çapyşyk dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 2200 metr aralyga geçirildi. Bäsleşik örän ýiti we dartgynly ýagdaýda geçip, aýlawyň tomaşaçylarynyň şowhunyny al-asmana göterdi.     Çekeleşikli geçen bu ýaryşyň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gaýyp diýen gyr at pellehana birinji bolup gelip, ol bellenilen aralygy 
2 minut 34,1 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedow, çapyksuwary A.Ataýew. Bu çapyşygyň ýeňijisine gurluşyk we senagat toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.
    Soňky iki çapyşyk iň uzak bolan 2400 metr aralykda geçirilip, ol dört we ulyýaşar atlaryň arasynda has güýçli atlary kesgitledi.
    Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bellenilen aralygy 2 minut 36,2 sekuntda geçip, ýeňiji boldy. Ony toýa seýis H.Babalyýew taýýarlady, çapyksuwary bolsa 3-nji derejeli çapyksuwar B.Babalyýew. Ýeňiji bolana oba hojalyk toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.
    Jemleýji ýedinji toý çapyşygynda öz ýyndamlygynyň has ýokarydygyny Türkmenistanyň halk atşynasy K.Agamyradowyň seýislän, ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň     Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgunan atly dor aty görkezdi. Bu at bellenilen aralygy 2 minut 45,8 sekuntda geçmegi başardy.
    Jemleýji baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — 30 müň amerikan dollary gowşuryldy.
    Soňra baýramçylyk bäsleşikleriniň — şu günki at çapyşyklarynyň, uzak aralyga hem-de päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
    Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen hem şan-şöhrata eýe boldular. Olaryň görkezen netijeleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmaýar.
    Uzak aralyga geçirilen ýaryşyň menzili 60 kilometre deň boldy. Türkmen bedewleri ýolda diňe ýyndamlygyny däl, eýsem, sport çydamlylygyny hem görkezdiler.
    Şunda iň gowy netijäni — 2 sagat 57 minut 10 sekundy — 2012-nji ýylda doglan Gurgun we Dessan atlarynyň nesli Gadyrly diýen gara at görkezdi. Ony M.Meläýew çapdy. Ýeňijä 20 müň amerikan dollary baýrak berildi.
    Ahalteke bedewleri diňe däbe öwrülen at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem, şol sanda konkurda hem ajaýyp netijeleri görkezýärler.
    Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atlaryň päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýakynda geçirilen bäsleşik barada aýdylanda, Altynhan diýen bedew 51,1 sekunt wagt görkezip, ýeňiji boldy. Onuň türgeni bolup Ý.Garajaýew çykyş etdi. Ýeňijä 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.
    Şu gün geçirilen çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň egindeşleri döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.
    Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek işiniň möhümdigini belläp, bu ugurda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de şu işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
    Dabaranyň ahyrynda toplumyň sahna meýdançasynda küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Ol bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlaryň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen giň gerimli çärelere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
                                * * *
    Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen dabaralar baýramçylyk konserti bilen dowam etdi, onda estrada ýyldyzlary, belli aýdymçylar we tans toparlary çykyş etdiler. Sahnada eziz     Watanymyz, behişdi bedewlerimiz hakynda aýdymlar, halk aýdymlary hem-de häzirki zaman owazlary ýaňlandy. Artistler tomaşaçylara öz çykyşlary bilen şatlyk duýgularyny peşgeş berdiler.
    Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda «2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen şygar astynda köpçülikleýin medeni-sport çäresi geçirildi. Sport çärelerine jemgyýetçilik guramalaryň, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Aşgabatda welosipedli ýöriş we ýaryş Köpetdag şaýolunyň we Andalyp köçesiniň çatrygynda «Ýanardag» diýen şöhratly ahalteke bedewiniň hormatyna bina edilen binanyň ýanyndan badalga aldy. Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar bütin dünýäde meşhur bolan sportuň bu görnüşiniň köp sanly janköýerlerini ruhlandyrdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek baradaky başlangyçlary ildeşlerimiziň giň goldawyna eýe bolup, olar bu çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanýan türkmen ýaşlary hem çydamlylygy, maksada okgunlylygy we synmaz ruhy terbiýelemäge kömek edýän sport bilen meşgullanmaga çalyşýarlar.
    Şol bir wagtda-da ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Köpetdagyň gerişlerinden uzalyp gidýän täsin «Saglyk ýolundan» köpçülikleýin ýörişe başladylar. Ýaş oglanlar we gyzlar üçin «Sagdyn ýaşlarymyz eziz Diýarymyzyň sütünidir» diýen şygar astynda 8 kilometrlik aralygy geçmek boýunça ýaryş guraldy.
    Tämiz howa, dag etekleriniň bagy-bossanlyga bürenen tebigy gözelligi hem-de ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşleri kalbyňy joşduryp, çäre gatnaşyjylarda ruhubelentlik döredip, ýurdumyzyň baş şäherine hem-de mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny artdyrýar.
    Soňra estafeta ylgaw ýaryşyna badalga berildi. Bu ýaryşyň ugry «Ýanardag» binasynyň ýanyndan Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň ugry bilen uzalyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň binasynyň ýanyndaky pellehanada tamamlandy. Ylgaw ýaryşy 20 kilometr aralygy öz içine alyp, her 400 metrden 50 sany tapgyrdan ybarat boldy.
    Şu ýerdäki pellehana 20 müň metr aralygy geçip, sportuň bagyş edýän uly ruhubelentlik güýjüne hem-de şatlykly duýgularyna beslenip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe hem-de ýaryşa gatnaşanlar hem geldiler.
    Döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp edýän çykyşlary olaryň baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Soňra dabaraly ýagdaýda ýaryşyň ýeňijileri yglan edilip, olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.