BAGTYÝAR DÖWRÜMIZIŇ NYŞANY 

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan göwün galkyndyryjy dabaralar ýurdumyzyň çar künjüni gurşap alýar

    Türkmeniň uçar ganaty
    Milli baýramçylygyň şanyna Döwlet tugramyzyň merkezinde şekili ýerleşdirilen Ýanardagyň, ady atçylyk sungatynyň taryhynda müdimi galan Polatlynyň paýtagtymyzda gurlan heýkel-binalarynyň ýanynda ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň çykyşlary behişdi bedewlerimiziň waspynyň senasy bolup ýaňlandy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde saýlama atlaryň 35-siniň gatnaşmagynda guralan marafon ýaryşy merdana pederlerimiziň dürli tebigy we howa şertlerinde atlaryň çapmak, çydamlylyk, gaýduwsyzlyk ukyplaryny anyklamak üçin döreden asylly işleriniň özboluşly dowamy boldy. Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçilikden böküp geçmek bäsleşigi türgenleriň ezberligini, jogapkärçiligini, sport atlarynyň gaýratlylygyny, akyllylygyny hem-de irki döwürlerde döredilen at üstündäki oýunlaryň halkara atçylyk sportundaky ornunyň pugtalanýandygyny dabaralandyrdy. 
    Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşigi täze zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine bagyşlap ýazan kitaplary esasynda döredilen keşpler uly yhlas siňdirilendigi bilen tapawutlandy. Şeýle hem eserlerde ahalteke bedewleriniň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy, parahatlygy, şöhratly taryhy, okgunly ösüşleri we sahawatly tebigaty bilen sazlaşygy öz beýanyny tapdy. Bu işler ony synlan adamlarda türkmen atlaryna bolan söýgini, milli atçylyk sungatynyň asylly ýörelgeleri barada bilesigelijiligini artdyrdy.

    Atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýdy Arkadag
    Ýurdumyzda atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine hemaýat-goldaw berýän milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary bedew atlaryň türkmen halkynyň durmuşyndatutýan ornuna, milli taryhyna we medeniýetine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan bu kitaplarda dünýä boýunça gözelligiň nusgasy saýylýan ahalteke bedewini kemala getirmegi, onuň tohum arassalygyny aýawly saklap, köpeltmegi başaran halkymyzyň zehin-gaýraty, gujurly zähmeti buýsanç bilen bellenip geçilýär. Bu kitaplar halkymyza köňül ganatlandyryjy sowgat, atçylyk bilen gyzyklanýanlara ýakyn maslahatçy, atşynaslara mekdep bolup hyzmat edýär. Ýaşuly, ýaşkiçiniň ünsüni özüne bendi edýän, çeper bezelen eserlerde türkmen atlarynyň taryhy barada esaslandyrylan gyzykly maglumatlar jemlenip, olaryň bitiren hyzmatlary taryplanýar. Bu eserler atçylyk boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmäge, atçylyk sungatynyň milli däp-dessurlaryny dikeldip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, ýaşlary at üstündäki oýunlara, atçylyk sportuna gyzyklandyrmaga, şeýle hem türkmen bedewlerini bütin dünýäde wagyz etmäge giň ýollary açýar. Bu ajaýyp eserleriň dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi daşary ýurtlulara ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhy, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň kämilligi bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Golaýda milli Liderimiziň şeýle ajaýyp eserleriniň biri, ýagny «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby nemes, türk we arap dillerinde terjime edildi. Bu biziň buýsançly başymyzy has-da belentlere göterdi.

    Assosiasiýanyň 10 ýyllygy
    Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 10 ýyllyk şanly senesi milli däplerimize laýyklykda mynasyp garşylandy hem-de guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Ştab-kwartirasy paýtagtymyzda ýerleşýän abraýly gurama ahalteke atlarynyň halkara derejesinde merkezleşdirilen hasabyny ýöretmäge, şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, halkara at çapyşyklaryny, sport ýaryşlaryny, maslahatlary we sergileri geçirmäge ak ýol açdy. Assosiasiýa ahalteke bedewleriniň genofonduny goramagy hem-de onuň baş sanyny artdyrmak boýunça ylmy-seçgiçilik işiň alnyp barylmagyny, dürli ýurtlaryň alym-ippologlary, atçylyk pudagynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak arkaly bu ulgamyň işgärleriniň nazaryýet we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegi maksat edinýär.     Şeýle-de, ýylsaýyn assosiasiýanyň agzalarynyň sany barha artýar. 
    Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şanyna giňden tutulýan toý dabaralarymyzyň many-mazmuny jemgyýetimizi jebisleşdirýän, täze üstünliklere badalga berýän, döredijilikli we netijeli ýaşaýşa ruhlandyrýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen baýlaşdyryldy. Milli baýramyň maksatnamasy esasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri döwlet Baştutanymyzyň Şa serpaýlary bilen sylaglandy.     Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ýokary netijeleri gazanan, atçylyk pudagyny we sportuny ösdürmäge aýratyn goşan şahsy goşandy we bedewleri seýislemegiň inçe tärleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitiren, ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda seýislän bedewi bilen baýrakly orunlary eýelän, ýaş çapyksuwarlara at çapmagyň usullaryny öwreden ildeşlerimize hem-de daşary ýurt raýatlaryna hormatly atlar dakyldy. 
    Türkmen halkynyň örän irki eýýamlardan bäri ýaşaýyş durmuşy, köpasyrlyk taryhy bedew aty we oňa bolan yhlasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ygtybarly maglumatlara görä, bäş müňýyllyk taryhy bolan halkymyz tebigatyň deňsiz-taýsyz serpaýy bolan atlary ilkinjiler bolup eldekileşdiripdir. Olary bakyp-bejermegiň, idetmegiň we seýislemegiň inçe syrlaryny ele alan tejribeli pederlerimiz milli atşynaslygyň kämil däplerini döredip, türkmen topragyny atçylyk medeniýetiniň merkezine öwrüpdirler. Türkmen atlarynyň eýesine wepalylyk, ýaşaýyş-durmuşda ynsan ýaly syzmak, hojalyk işinde güýç-gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, toý-dabarada gözellik we ýyndamlyk ýaly häsiýetleri bilen dünýäniň hiç bir tohum aty bäsleşip bilmändir.

    Gymmatly tapyndylar — asyrlaryň şaýady
    Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna Lebap welaýatynda guralan dabaralaryň çäginde şu ýyl geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan, türkmen bedewi şekillendirilen arheologik tapyndylar gadymy halkymyzyň ahalteke bedewine bolan çäksiz söýgüsini milli medeniýetimizde ebedileşdirip, ony dünýä ähmiýetli gymmatlyga öwürendigine şaýatlyk etdi. Bu gymmatly tapyndylar türkmen bedewleriniň asyrlarboýy şan-şöhrata mynasyp bolandygynyň subutnamasy hökmünde ýurdumyzda bedewlere bagyşlanan muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirdi. Dabaranyň maksatnamasyna laýyklykda, Lebap atçylyk-sport toplumynda geçirilen at çapyşyklarda ýetginjekleriň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasyndaky at çapyşyklary atşynaslaryň seýisçiligiň halypa-şägirtlik ýolunyň ösendigine, çapyksuwarlaryň ýokary ussatlygyna, ýyndam bedewleriň erk-isleginiň ýeňşe ymtylşyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. 
    Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, atçylyk we atly sport babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde amala aşyrylan we dowam etdirilýän işler ahalteke bedewleriniň geçmişdäki tohumçylyk nesil ugurlaryny hem-de atşynaslygyň asylly däplerini ösdürmäge oňyn şertleri döredýär. Atçylyk pudagynda we atly sport babatynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. 
    Şeýle beýik işleriň başynda duran, ahalteke behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!