Döwürleri duşuran gün 

    Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bosagasynda ýurdumyzyň arheologlarynyň täze gözlegleriniň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar häzirki zaman dünýäsi üçin geçmişiň şanly sahypalarynyň ýene-de ençemesini açdy. Olaryň arasynda türkmen bedewi bilen bagly gymmatlyklar düýn Lebap welaýat kitaphanasynda geçirilen dabaralaryň çäginde ilkinji gezek köpçülige görkezildi. 
    — Milli mirasymyzy öwrenmek boýunça Lebap welaýatynda 13 adamdan ybarat topar tapgyrlaýyn iş alyp bardy. Olaryňarasynda TürkmenistanyňYlymlar akademiýasynyňTaryh we arheologiýa institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyňhem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniňwekilleri bar. Bu topar köpçülige ozal mälim bolmadyk gymmatlyklaryň10-dan gowragyny ýüze çykardy. Şol gymmatlyklaryňarasynda Seýitnazar Seýdiniňatyny baglan tudy, Magtymguly Pyragy barada il içinde ýaşaýan dessan, Alabaýyňheýkeljigi ýaly gymmatlyklar bar — diýip, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniňdirektory Gülbahar Ýangibaýewa gürrüňberýär. 
    Söhbetdeşimiziňaýdyşy ýaly, welaýat kitaphanasynda ilkinji gezek görkezilen gymmatlyk — atyňtoýundan ýasalan heýkeljigi Kerki etrabynyňçägindäki Mürzebeg galasyndan tapyldy. Heniz ylmy dolanyşyga girizilmedik bu tapyndy gadymy Parfiýa medeniýetine — III — V asyrlara degişlidir diýlip çaklanylýar. 
    Lebap welaýat kitaphanasynda görkezilen gymmatlyklaryňbeýleki üçüsi Kaka etrabynyňçäginde ýerleşýän Abiwerd galasyndan tapyldy. Olar barada bu gala bilen adybir döwlet taryhy-medeni goraghanasynyňwekili Ahmet Halmyradow şeýle gürrüňberýär: 
    — Gala Beýik Ýüpek ýolunyňesasy şahalarynyňbiriniňugrunda ýerleşipdir. Şonuňüçin hem ol taryhyňähli döwürlerinde, şol sanda orta asyrlarda hem iňbir gelim-gidimli ýerleriňbiri bolupdyr. Muny ýüze çykarylýan tapyndylar hem tassyklaýar. 
    Şu gün köpçülige görkezilýän gymmatlyklaryňarasynda eýerlenen atyňüstündäki çapyksuwaryňşekilini aňladýan syrçaly, keramiki heýkeljik bar. Görşüňiz ýaly, bize bu heýkeli abat görnüşinde tapmak başartmady. Ýöne onuňhäzirki görnüşinden hem käbir zatlary çaklamak mümkin. Bu heýkeljik XII — XIV asyrlara degişlidir diýlip çaklanylýar. 
    Getirilen başga bir gymmatlyk bolsa iç ýüzüne bedewiňşekili çekilen keramiki gabyňbölegidir. IX — XIV asyrlaryňönümidigi çaklanylýan gap abat görnüşinde bezege juda baý bolan bolmaly. Türkmen bedewiniňkeşbi bolsa onuňbezeg kompozisiýasynyňmerkezinde ýerleşipdir. Elbetde, bu pederlerimiziňöz atyna goýan belent hormatyndan nyşandyr. 
    Üçünji bir gymmatlyk XI — XIV asyrlara degişli küýzäniňbölegidir. Onda hyýaly atyňkeşbi şekillendirilipdir. Bu şekilleri synlanyňda, türkmen bedewlerine ýöne ýere «asman atlary» diýilmändigine göz ýetirýärsiň. 
                                        * * * 
    Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl bir asyry arka atan juwan keşpli kitaphanada geçirilen dabaralaryňçäginde bu taryhy gymmatlyklara gyzyklanmalar diýseňuly boldy. Aslynda, düýn Lebap welaýat kitaphanasynyňfoýesinde taryh bilen şu gün sepleşdi diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Milli Liderimiziňtürkmen bedewlerine bagyşlanan eserleriniň, şol sanda «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniňtürk, arap we nemes dillerindäki nusgalarynyňtaryhy gymmatlyklar bilen bir ýerde görkezilmegi ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. 
    — Hut şonuňüçin hem bu waka kitaphananyňtaryhynda ýatdan çykmajak waka öwrüler — diýip, kitaphananyňýolbaşçysy, TürkmenistanyňMejlisiniňdeputaty Göwher Amanowa aýdýar.